BRITANIÝANYŇ ALYMLARY INÇEKESELI ANYKLAMAGYŇ TÄZE USULYNY TEKLIP EDÝÄRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Inçekesele ýolugan adam köp ýyllaryň dowamynda inçekeseliň taýajyklaryny göteriji hökmünde gezip bilýär. 

Beýik Britaniýa göçüp barýan adamlarda inçekeseliň taýajyklarynyň bolup-bolmazlygyny ýüze çykarmak üçin, olaryň hemmesi rentgene düşürýärler. Ýöne iňlis alymlary bu usulyň köp ýagdaýlarda doly maglumaty bermeýär diýen netijä geldiler.  

Bu alymlaryň aýtmagyna görä, rentgen şöhlesi inçekeseliň diňe aktiw görnüşini, ýagny ötüşen ýagdaýlaryny ýüze çykaryp bilýär. Şeýle ýagdaýlarda inçekeseliň hemme alamatlary bireýýäm mese-mälimdir.

Imperial College London-yň hünärmenleri 1000-den gowrak adamy barlagdan geçirdiler. Olar inçekeseli ilkinji tapgyrlarynda gan barlagy arkaly ýüze çykaryp bolýar diýip habar berýärler.

Inçekesel ýokanç keseli bolany üçin, lukmanlar ony ilkinji tapgyrlarynda ýüze çykarmak örän wajypdyr diýip belleýärler.   

Beýik Britaniýanyň häkimiýeti şeýle ylmy barlaglaryň başyny başlan hünärmenleriň işiniň Milli Saglygy goraýyş we kliniki ussatlygy institutynyň (NICE) ähli talaplaryna doly laýyk gelýändigini habar berýärler.  NICE bireýýamdan bäri dürli keselleri anyklamaklagyň has netijeli usullaryny durmuşa geçirmeli diýip nygtaýar.

Inçekeseli göterijiler we inçekeselliler

Soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda beýik Britaniýada inkesele ýolugan adamlaryň sany örän artdy. Bulara esasan hem lukmançylygy we saglygy goraýyş ulgamlarynyň pes derejede ösen ýurtlardan gelýän daşary ýurtlular degişlidir.

Inçekesel — bu adamyň öýkenine zeper ýetirýän bakterial infeksiýadyr. Käbir adamlar inçekesel bilen kesellemese-de, köp ýyllaryň dowamynda inçekesel taýajyklaryny öz organizminde göterip gezýär. Ýöne hünärmenleriň aýtmagyna görä, islendik zat, mysal üçin klimatyň çalyşmagy ýa-da ýönekeýje sowuklama bu inçekesel taýajyklarynyň «oýarylmagyna» sebäp bolup bilýär.   

«Biziň teklip edýän gan barlagymyz inçekesel taýajyklaryny göterýän adamlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa olary inçekeseliň ýaýbaňlanmasyndan we onuň agyr görnüşine geçmeginden gorap bilýär. Şeýlelikde, biz daş-töwerekdäki adamlary hem inçekeselinden gorarys, sebäbi inçekesel ýokanç keselleriň biridir» diýip, Imperial College London-yň professory Ajit Lalwani aýdýar.

Döwlet býujetiniň nukdaýnazaryndan bolsa, alymlaryň teklip edýän goşmaça barlagy Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ulgamyna puly köp mukdarda tygşytlamaga ýardam berer. Sebäbi keseli öňünden anyklamak onuň has ötüşen görnüşlerini bejermekden arzandyr.

Beýik Britaniýanyň  Milli Saglygy goraýyş we kliniki ussatlygy instituty (NICE) şu ýylyň mart aýyndan ýurda göçüp gelýänleriň arasynda inkesellileriň bolup-bolmazlygyny anyklaýan barlaglaryň tertibine düzedişler girizdi.

Ulanylan WEB Salgy

  • 5545 gezek okalan