24-nji MART – BÜTÜNDÜNÝÄ INÇEKESELE GARŞY GÖREŞ GÜNÜDIR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (18 Ses)

INÇEKESEL WE ADAM GATNAŞYKLARY

Inçekesel özboluşly, geçişi jähtden ýaýbaňlanma häsiýetli bolup, inçekesel taýajyklarynyň (Kohuň taýajyklary, inçekeseliň mikobakteriýalary) bedene düşmegi hemişe diýen ýaly ýokuşma ýagdaýyna, seýrek ýagdaýlarda – keseliň işjeň görnüşiniň döremegine getirip bilýändir. Birinji gezek Kohuň taýajyklary bilen ýokuşma, çagalyk ýa-da ýetginjeklik döwründe, adamynyň bu bakteriýa bilen ilkinji galtaşygy netijesinde bolup geçýär. Bir-iki sany çaganyň dem alyş ýollaryna düşen Kohuň taýajyklary ýerli zeperlenme hadysalaryny döretse hem, bedeniň kesellere garşy durma ulgamynyň (immunitet) ýokary işjeňligi keseliň ýaýbaňlanmagyna ýol bermän, özbaşdak sagalma ýagdaýyny gazanmaga kömek edýär. Bu hadysalaryň hemmesi alamatsyz geçip, inçekeseliň işjeň görnüşiniň döremegine getirmeýär. Keseliň ýokuşmagynyň bolup geçendigi barada maglumaty lukmanlar Mantu synagyny ulanma netijesinde kesgitleýärler. Inçekeseliň ýokuşmagy bedende özboluşly immunologiki "yz" galdyryp, mundan beýläk bedeniň immun ulgamyna inçekeseli tanamaga we onuň bilen göreşmäge şert döredýär. Şeýlelikde, inçekesele garşy immunitet döreýär.

Ýöne immun ulgamy kesel döredijiniň işjeňleşmegini ýeňip geçse-de, bedende (esasan, limfa düwünleri) onuň belli bir mukdarynyň işjeň däl görnüşde galýandygyny bellemelidir. "Asuda ýatan" taýajyklaryň keseliň işjeň görnüşini (ýagny laborator, rentgen we kliniki alamatlaryň döremegi) döretmegi üçin immun ulgamynyň tapdan düşmegi zerurdyr. Edil şu sebäpden hem, taýajyklaryň ýokuşmagy hemişe keselçilige getirmeýär. Statistiki barlaglaryň görkezişi ýaly, keseliň işjeň görnüşi inçekesel taýajyklaryny göterýän adamlaryň diňe 1-5% ýaýbaňlanýandyr. Keseliň döreme ähtimallygy onuň ilkinji ýokuşan wagtynyň birinji 2 ýylynda ýokary bolup, şu döwür taýajyklary göterýän adam lukmanyň kadaly barlagyna mätäç bolýandyr. Ýene bir bellemeli zat – 20-25 ýaş sepgidinde adamlaryň 90-95% inçekesel taýajygyny göteriji bolup, oňa seretmezden, olaryň uly bölegi sag bolup galýandyrlar. Ýagny, inçekesel taýajygynyň ýokuşmagy keselçiligiň döremegini aňladyp bilýän däldir!

KESELIŇ AÇYK WE ÝAPYK GÖRNÜŞLERI NÄME?

Dürli sebäplere görä dörän işleň ýagdaýdaky inçekesel iki görnüşde geçip biler – açyk we ýapyk görnüşde. Eger tüýküligiň, gakylygyň bakteriologiki barlagy Kohuň taýajyklaryny ýüze çykaran (bakteriýa bölüp çykaryjy) ýagdaýlarynda keseliň açyk görnüşiniň dörändigi subit edilýär. Eger soňky barlaglar taýajygy ýüze çykarmasa, näsagda keseliň ýapyk görnüşiniň bardygyny aňladýandyr. Inçekeseliň açyk we ýapyk görnüşi öýkeniň inçekeseli babatda ulanylýan düşünje bolup, bakteriýa bölüp çykaryjylyk onuň başga görnüşlerine (içegeleriň, jyns agzalaryň, limfa düwünleriň inçekeseli) hem mahsusdyr. Bakteriýany bölüp çykaryjylyk ýagdaýy örän wajyp häsiýet bolup, diňe daş-töweregine inçekeseliň mikobakteriýasyny bölüp çykarýan adam, daşyndaky adamlara keseli ýokuşdyrmaga ukyplydyr.

GATNAŞYKLARYŇ GÖRNÜŞLERI

Inçekeseliň döreme ähtimallygy näsag bilen gatnaşyklaryň häsiýetine, derejesine, dowamlylygyna bagly bolup durýandyr.

Ýokuşma töwekgelçiligi näsag bilen az wagtlyk gatnaşykda bolnan halatlary pesdir: jemgyýetçilik ulag serişdeleri, podýezd meýdançasy. Şeýle ýagdaýlarda keseliň ýokuşmagyny ýönekeý öňüni alyş çäreleriň kömegi bilen peseldip bolýar: sagdyn durmuş ýörelgeleri, peýdaly iýmitlenme, kadaly ýagdaýda barlaglary (Mantu synagy – 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere, öýkeniň flýurografiýasy – 15 ýaşdan uly ýetginjeklere we ululara) geçme, köçeden gelnensoň hökmany ýagdaýda elleri ýuwma, otaglary tämizleme we ýelejiretme çärelerini kadaly geçirme.

Işjeň geçýän inçekeseliň ýokuşma ähtimallygy kadaly we dowamly gatnaşykda bolma netijesinde ýokarlanyp biler. Şeýle ýagdaýlara bile ýaşama, işde we işden boş wagtlary gatnaşykda bolma, biologiki suwuklaryň alyş-çalyş edilmegi (öpüşme, jynsy gatnaşyklar) degişli bolup biler. Şeýle ýagdaýa düşen sagdyn adamlar "inçekesel boýunça gatnaşykda bolanlar" diýen topara degişli edilip, ftiziatr lukmanyň barlagyna mätäçdirler. Lukmanyň barlagy inçekesele garşy dermanlar bilen bejergi geçirilmäge mätäç adamlary kesgitlemäge gönükdirilen bolup, tuberkulin (Mantu) synagyny, ganyň we peşewiň barlagyny, gakylygyň barlagyny, döş kapasasyna degişli agzalaryň rentgenogrammasyny geçirme çärelerini öz içine alýandyr. Gatnaşykda bolan çagalar we ýetginjekler ýylda 4 gezek, uly adamlar bolsa ýylda 2 gezek barlagdan geçirilýär. Immun ulgamy gowşak we inçekesel taýajyklarynyň köp mukdarynyň we agressiw görnüşiniň täsirine sezewar bolan adamlara, inçekesele garşy ulanylýan dermanlaryň 1-2 görnüşiniň az mukdary bilen öňüni alyş bejergi geçirilýändir.

Keseliň döremeginiň öňüni almak çäreleriniň arasynda, bakteriýa bölüp çykaryjy näsag bilen gatnaşygy bes etmek ýagdaýy örän möhüm bolup durýandyr. Onuň üçin işjeň görnüşli inçekeselli näsagy keselhana ugradyp, ýakyn gatnaşykda bolýan adamlara wagtlaýyn gatnaşygy kesmek maslahat berilýär. Näsaga we onuň garyndaşlaryna bu geçirilýän çäreleriň wajyplygy barada dogry düşündiriş bermek zerurdyr. Köplenç halatlarda, berlen maslahatlar we bejergi tertibi dogry ýerine ýetirilen wagty, eýýäm iki aýdan bakteriýa bölüp çykaryjylyk kesilip, näsag adam töweregindäkiler üçin howpsuz bolup durýandyr. Eger näsag bilen gatnaşygy kesip bolmadyk ýa-da onuň üçin şertler bolmadyk halatlarynda, hemme adamlara inçekesele garşy dermanlar bilen dowamlaýyn öňüni alyş bejergi geçirilýär.

Çagalar – immun ulgamynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, çagalar inçekeseliň döremegi babatda howply topary düzýändirler. Şol sebäpli hem, maşgalada inçekeselli (keseliň görnüşine garamazdan) näsag dörände, maşgalanyň şol agzasy bilen çaganyň gatnaşygy bes edilip, çaga ftiziatr lukman tarapyndan gözegçilige alynmalydyr. Gatnaşykda bolan ýa-da ilkinji gezek ýokuşmany başdan geçiren çagalar, keseliň işjeň görnüşi ýüze çykarylmadyk ýagdaýynda, öňüni alyş bejergini kabul edýän bolsalar hem töweregindäkiler üçin howply däldir. Şeýle çagalar çagalar baglaryna we mekdeplere göýberilýändir.

Göwreliler – ilki bilen, gatnaşygy tizden-tiz bes etmelidir. Gatnaşykda bolan göwreli aýal öz saglygyna ünsli bolup, öýkene mahsus zeperlenme alamatlary ýüze çykanda, haýal etmän lukmana (maşgala lukmany, ftiziatr) ýüz tutmalydyr. Dowamly gatnaşyk bolan ýagdaýynda göwreli aýallary barlama umumy tertip boýunça alnyp barlyp, döş kapasasynyň agzalarynyň rentgen barlagy çynlakaý görkezmeler we goşmaça gorag serişdeleri ulanma bilen geçirilýändir. Köplenç halatlarda, rentgen barlagy we derman serişdeler bilen bejergi çäresi dogrumdan soňky döwürde geçirilmäge bellenilýändir. Inçekeselli bilen gatnaşykda bolma ýagdaýy, göwreliligi togtatmaga esas bolup bilýän däldir. Eger ýokary howply gatnaşyk göwreliligiň meşilleşdirilmegi döwründe bolup geçen bolsa, onda howplulyk aradan aýrylýança göwreliligi meýilleşdirmegi soňa goýmalydyr.

Tussaglar – azatlykdan mahrum edilen ýa-da tussaghanalardan boşap gelen adamlar bilen gatnaşykda bolma, inçekeseliň ýokuşmagy babatda ýokary howpy döredip bilýändir. Çünki bu adamlar inçekesele garşy ulanylýan serişdelere durnukly, taýajyklaryň has howply görnüşlerini göterijiler bolup bilerler. Keselli tussaglary görmäge (eger käbir sebäplere görä, görüşme gadagan edilmedik bolsa) gelýän garyndaşlary duşuşyga dezinfeksiýa serişdelerine çydamly matalardan tikilen geýim-eşikleri geýip, kellelerine ýaglyk daňmalydyr, agyzlaryny we burunlaryny ýapýan 4-gatly hasadan tikilen daňyny ulanmalydyr. Duşuşykdan soň, egin-eşikleri 2 sagadyň dowamynda arassalaýjy serişdelerde (hlorantoin, domestos) ýatyrmalydyr. Bu döwrüň dowamynda, ýylda iki gezek gatnaşykda bolýan adamlar ftiziatr lukmanyň barlagyndan geçmelidir. Lukmanyň öňüni alyş bejergini belläp biljekdigine taýyn bolmalydyr. Keselli tussag edilen bilen çagalaryň gatnaşykda bolmagyna ýol berilmeli däldir.

"Gatnaşyksyz gatnaşyk" – gönümel gatnaşygyň bolmazlygyna garamazdan, öň inçekeselli näsag ýaşan öýe (otaga) göçüp gelen adamlar hem özlerini keseliň ýokuşma howpuna sezewar edýärler. Kohuň taýajyklary öz işjeňligini daşky gurşawda dowamly saklap (otag tozanynda 1 aýa golaý, kitaplarda – 3 aý, garaňky ýerde we ýerzeminde – 4-5 aýa çenli), jaýyň täze ýaşaýjylaryny hem keselçilige sezewar edip bilýärler. Saglyk babatda kynçylyklaryň öňüni almak üçin, jaýda tamamlaýyş arassalaýjy (dezinfeksiýa) çäreleriň geçirilip-geçirilmändiginden habarly bolmak wajypdyr. Eger dezinfeksiýa geçirilen bolsa, onda kosmetiki abatlaýyş işlerinden soň jaýa arkaýyn göçmek bolar. Eger dezinfeksiýa geçirilmedik halatlarynda, ol çäreler geçirilýänçä jaýda ýaşamak saglyk üçin howply bolup biler.

  • 3394 gezek okalan