KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (07.08.2020)

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (127 Ses)
Image

ÜNS BER!

Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.

HABARLAŞMAK KONTAKTLARY

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;

BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;

@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)

01-07 AWGUST 2020

Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn:

John Hopkins University and Mediсine: 188 ýurtda kesellänler: 19141627, ýogalanlar: 715802, sagalanlar: 11597912.

BSGG/WHO: Gazagystan: kesellänler: 95942, ýogalanlar 1058, Gyrgyzstan 38659 (1447), Özbegistan 28069 (173), Täjigistan 7625 (61), Russiýa 871894 (14606), Owganystan 36896 (1298), Türkiýe 236112 (5784), Eýran: 317483 (17802).

Hans Kluge, BSSG-nyň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň müdiri: "Şu gün Dr. Tedros ikimiz Türkmenistanyň Prezidenty bilen #COVID19 degişli Türkmenistandaky ýagdaý barada duşuşdyk. BSGG pnewmoniýanyň köpelmegi barada çynlakaý alada bildirdi. BSGG guramasynyň toparyny ýurdyň içinde özbaşdak СOVID-19 synaglaryny nusga almaga we BSGG-nyň ýurduň daşyndaky laboratoriýalaryna barlaga ibermegä çagyrdyk. Prezident razylaşdy".

Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrligi: Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanda COVID-19 ýaýramagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmek maksady bilen 60 metrik tonna lukmançylyk enjamlaryny we СOVID-19 testleri üçin enjamlaryny iberdi. Bu kömek, takmynan 90,000 lukmanlara, saglyk işgärlerine wirusa garşy göreşde kömek berer.

↪ Türkiýe Türkmenistana dermanlary we şahsy gorag enjamlaryny iberdi.

↪ Türkmenistan ynsanperwerlik goldawy hökmünde Owganystana ýokanç kesellerini bejermek üçin zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny iberer.

BBC Pars gullugynyň derňewinde Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany Eýranyň hökümetiniň aýdanlaryndan üç esse köpdügi bellenilýär. Hökümetiň öz sanawynda 20-nji iýula çenli COVID-19 alamatlary bilen 42,000 töweregi adamyň ölendigi görkezilýär, Saglyk ministrligine görä ýogalanlaryň sany 14,405 adam.

Amnesty International: Saglyk ministrliginiň ýokary derejeli işgärleriniň Eýranyň türmelerinde COVID-19-yň öňüni almak üçin eden haýyşlaryna üns bermediler. Syzdyrylan resminamalarda "katastrofiki derejede enjamlaşdyrylmadyk" türmeler barada beýan edilýär.

↪ Twitter we Facebook koronawirusa degişli maglumatlary ýaýratmak baradaky düzgünlerini bozandygy, ýalan maglumaty goýandygy üçin prezident Trump tarapyndan paýlaşylan ýazgyny pozup aýyrdy.

BAŞGA HABARLAR:

↪ 2020-nji ýylyň 1-7 awgust aralygy Çagany Ene Süýdi Bilen Iýmitlendirmegiň Bütindünýä Hepdeligi. Saglyk UNICEF guramasyny we Saglyk Ministrligini çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmekde ilata maslahat we goldaw berme hyzmatlaryny ösdürmäge çagyrýar. Ýurdumyzda bu mowzukda esasy meseleleriň biri ene süýdüniň peýdasy barada türkmen dilindäki maglumatlaryň ýetmezçiligidir.

↪ UNICEF we Pure Earth guramalary tarapyndan 2020-nji ýylyň iýul aýynda "Zäherli hakykat. Çagalaryň gurşun zäherlenmesine sezewar bolmagy geljekki nesle zyýan ýetirýär" atly hasabat çap edildi. Gurşun çaganyň aň-düşünjesiniň we okuwa ýetişiginiň ýaramazlaşmagyna getirýär. Gurşun zäherlenmesi esasanam 5 ýaşdan kiçi çagalara has uly howp salýar. Çagalaryň bedeni uly adamlaryňka garanyňda gurşuny has täsirli siňdirýär we olar ömürboýy fiziki we akyl taýdan zyýan çekip bilýärler. Galyberse-de, çagalyk döwründe gurşun bilen zäherlenmek agressiýa, giperaktiwlik we özüňi alyp baryş bilen baglanyşykly birnäçe meselelere sebäp bolup bilýär.

↪ Soňky 40 ýylyň içinde, 2018-nji ýylda ABŞ-da ulanmak üçin tassyklanan derman Sarecycline – düwürtikleri bejermek üçin tassyklanan ilkinji, täze antibiotikdir. Yale we Illinois-Chicago uniwersitetiniň barlagcylary dermanyň netijelligini barlaýarlar.

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763

Wirus

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze koronawirus (Covid-19) barada ýaýran toslamalary paş etdi

"Pandemiýa" näme?

Ýüzärlik

Alkogolly içgiler koronawirusdan goraýarmy?

Koronawirusyň (Covid-19) we dümewiň meňzeşlikleri we tapawutlary

Oksolin ýagy (оксоли́новая мазь) koronawirusyň ýokuşmagynyň oňüni alýarmy?

Covid-19 wirusy näçe wagtlap zatlaryň ýüzünde diri galyp bilýär?

Ibuprofen dermany Covid-19 bilen kesellänleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýarmy?

Günüň aşagynda durmak koronawirusdan (Covid-19) goramaýar

Inçekesel waksinasy koronawirusdan gorap bilýärmi?

Covid-19: immunitet we möwsümleýinlik

Täze koronawirus adamlaryň aglabasyna ýokuşarmy?

SARS-COV-2 wirusyny kontrolda saklap, aradan aýryp ýa-da ýok edip bolýarmy?

SARS-COV-2 wirusy jynsy gatnaşykda spermanyň (dölüň) üsti bilen ýokuşyp bilýärmi?

Jemgyýetçilik basseýnlerine haçan arkaýyn gidip bolar?

Atipiki pnewmoniýa näme?

Adam jaýlananda howpsuzlyk we hormat

Burnum ys alanok. Bu koronawirusyň alamatymyka?

Alymlar koronawirusyň howada saklanmagy barada BSGG-a ýüzlenýärler

Covid-19 bilen keselländen näçe wagt geçensoň adamlar bilen gatnaşyp bolýar?

Okyjydan: Koronawirus simptomsyz hem geçip bilýär diýýilýär, düşündiräýseňiz

Covid-19: Nädip dezinfeksiýa etmeli?

Okyjydan: Hlory ýa-da natriniň gipohloridini howa sepmek koronawirusy öldürip bilýärmi?

Okyjydan: Bir gezek Covid-19 bilen keselläp gutulsaň, kesel täzeden ýokuşyp bilýärmi?

Covid-19 öňümizdäki dümew möwsümini beterleşdirermi?

ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

Image

Salamlaşanyňyzda

BOLMAÝAR:

Elleşmek;

Gujaklaşmak;

Öpüşmek.

BOLÝAR:

Baş egmek;

Mylaýym ýylgyrmak;

Eliňi galgatmak;

Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.

A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

#salamlaşmak #koronawirus