• Makalalar
  • COVID-19
  • IŞ ÝERLERINDE COVID-19 WIRUSYNYŇ ÝÖNEKEÝ ÖŇÜNI ALYŞ ÝOLLARY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

IŞ ÝERLERINDE COVID-19 WIRUSYNYŇ ÝÖNEKEÝ ÖŇÜNI ALYŞ ÝOLLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

covid 19 isyerdeAşakdaky elýeterli ýollar arkaly iş ýerleriňizde ýokuşýan wiruslaryň öňüni alyp, müşderileriňizi we işgärleriňizi gorap bilersiňiz. Işgärler häzirden bu çäreleriň ugruna çykyp başlamaly. Çünki entek koronawirus siziň töweregiňize gelmedik hem bolsa, bu ýollar arkaly onuň ýaýramagyny duruzyp ýa-da haýalladyp bolýar. Galyberse-de, şeýle çäreler beýleki ýokuşýan keseller sebäpli işiň haýallamagynyň öňüni alyp bilýär.

Iş ýerleriňizi arassa saklaň

↪ Stollary, oturgyçlary we beýleki üsti açyk enjamlary (telefon, klawiatura) wagtly-wagtynda dezinfisirleýän serişdeler bilen süpüriň. Sebäbi COVID-19 özüniň düşen ýerlerini adamlaryň ellemegi arkaly çalt ýaýraýar.

Işgärleriň we müşderileriň wagtly-wagtynda ellerini ýuwmaklaryny ündäň

↪ Iş ýerinde köp barylýan ýerlerde elleri dezinfisirleýji antiseptikleri goýuň we olary dowamly dolduryp duruň.

↪ Dürli ýerlerde elleri arassa saklamagy ündeýän plakatlary asyň. Ol plakatlary ýakynyňyzdaky saglyk öýlerinden ýa-da BSGG-nyň saýtyndan tapyp bilersiňiz.

↪ Maglumat ýaýratmagyň dürli usullaryndan peýdalanyň – saglyk we howpsuzlyk wekillerini çagyryp öwüt-nesihat geçirmek; ýygnaklarda ýa-da bildirişlerde maglumat paýlaşmak we ş.m.

↪ Işgärler we müşderiler üçin sabyn we suw bilen el ýuwulýan ýerleri üpjün ediň. Çünki eller ýuwulanda ondaky wiruslar ölýär we COVID-19 wirusynyň ýaýramagynyň hem öňi alynýar.

Ýokary hilli respirator (dem alyş ýollary) gigiýenasyny ündäň

↪ Respirator gigiýenasyny öňe sürýän plakatlary asyň. Muny ýygnaklarda we bildirişlerde belläp geçiň. Saglyk we howpsuzlyk wekillerini öwüt-nesihata çagyryň.

↪ Iş ýerinde burny akýan ýa-da asgyrýan adamlar üçin maskalary, salfetkalary we ýapyk hapa bedrelerini üpjün ediň. Sebäbi gowy hilli respirator gigiýenasy COVID-19 wirusynyň ýaýramagynyň öňüni alýar.

Iş syýahatyna gitmezden öňürti, işgärleriňize we müşderileriňize ýerli syýahat edarasyndan maslahat almagy tabşyryň.

Eger-de COVID-19 wirusy siziň töwerekleriňize ýaýrap başlasa, üsgülewükli we dümewli (37.3 gradus we ýokary) işgärleriň öýde oturmalydygyny habar beriň. Şeýle-de, eger olar parasetamol, asetaminofen, ibuprofen ýa-da aspirin ýaly ýönekeý dermanlary içmeli bolan bolsalar, olar öýde oturmaly (ýa-da öýden işlemeli). Çünki bu dermanlar wagtlaýynça keseliň alamatlaryny gizläp bilýärler.

Hatda COVID-19 wirusynyň ýönekeý alamatlary bar hem bolsa, adamlaryň öýde oturmalydygyny berk belläň.

Şeýle maglumatlary ýaýradýan plakatlary iş ýerlerinde asyşdyryň. Iş ýeriňize mahsus bolan maglumat ýaýratmagyň dürli ýollaryndan peýdalanyň. Töweregiňizdäki saglyk edaralarynyň döreden materiallaryny ulanyň.

Işgärleriňize wirus zerarly öýde bolan günleriniň tölegli rugsat günleri edilip hasaba alynjakdygyny düşündiriň.

Çeşme: BSGG (WHO)

  • 1065 gezek okalan