• Makalalar
  • COVID-19
  • BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY TÄZE KORONAWIRUS (COVID-19) BARADA ÝAÝRAN TOSLAMALARY PAŞ ETDI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY TÄZE KORONAWIRUS (COVID-19) BARADA ÝAÝRAN TOSLAMALARY PAŞ ETDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

toslamalar

Toslama: Koronawirus yssy howada ýokuşyp bilmeýär.

01

Hakykat: Täze koronawirus ähli howa şertlerinde, şol sanda yssy we çygly klimatlarda hem ýokuşyp bilýär. Ýaşaýan ýeriňizde howa nähili bolsa-da, wirusdan goranyş çärelerini berjaý ediň: wagtly-wagtynda elleriňizi ýuwuň, ýaşaýan we işleýän ýerleriňizi arassa saklaň, ýüzüňizi ellemekden saklanyň.

Toslama: Sowuk howa koronawirusy öldürýär.

01

Hakykat: Sowuk howa täze koronawirusy ýa-da beýleki keselleri öldürmeýär. Daşarda howa nähili bolsa-da, adam bedeni elmydama durnukly ýylylygyny saklaýar (36.5-37oC). Adam bedenine düşen wirus bolsa derrew köpelmek bilen bolýar. Eliňizi sabyn ýa-da alkogolly arrasalaýjylar bilen ýuwmak arkaly täze koronawirusdan goranyň.

Toslama: Gyzgyn suw bilen suwa düşmek koronawirusdan goraýar.

01

Hakykat: Gyzgyn suwda suwa düşmek adamy koronawirusyň ýokuşmagyndan gorap bilmeýär. Suwuň temperaturasy nähili bolsa-da, adam bedeniniň temperaturasy üýtgemeýär (36.5-37oC). Gaýtam, aşa gyzgyn suw bedeni ýakyp bilýär. Täze koronawirusdan goranmagyň iň gowy usuly ýygy-ýygydan elleriňi ýuwmak we ýüzüňi ellemekden saklanmakdyr.

Toslama: Täze koronawirus çybynlardan ýokuşyp bilýär.

01

Hakykat: Häzire çenli koronawirusyň adama çybyn çakmagy arkaly ýokuşyp bilýändigini tassyklaýan subutnama ýokdur. Koronawirus dem alyş ýollaryna täsir edýär. Şonuň üçin hem, ol esasan koronawirusly adamyň asgyranda ýa üsgürende çykarýan suw damjalarynyň üsti bilen başga adamlara ýokuşýar. Özüňizi goramak üçin elleriňizi arassa saklaň we üsgürýän hem asgyrýan adamlardan daşda duruň.

Toslama: Ýygy-ýygydan suw içmek täze koronawirusdan goraýar.

01

Hakykat: Suw içmek umumy immun ulgamynyň işine oňaýly täsir etse-de, onuň täze koronawirusdan goraýandygy barada entek hiç hili subutnama ýokdur. Wirusdan goranmak üçin el we respirator arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň.

Toslama: El guradyjy fenler koronawirusy öldürýärmi?

01

Hakykat: Ýok, el guradyjy fenler koronawirusy öldürip bilmeýär. Özüňizi koronawirusdan goramak üçin wagtly-wagtynda elleriňizi sabyn ýa-da alkogolly arassalaýjylar bilen ýuwuň. Öl elleriňizi polotensa, kagyz polotensasy ýa-da ýyly howaly guradyjy bilen guradyň.

Toslama: Ultramelewşe (UV) lampalary koronawirusy öldürip bilýärmi?

01

Hakykat: Ultramelewşe (UV) lampalary elleri ýa-da bedeniň beýleki ýerlerini zyýansyzlandyrmak üçin ulanylmaly däldir. Ultramelewşe radiasiýasy teni irizip bilýär. Iň täsirli we howpsuz el arassalaýjy serişdeler sabyn we alkogolly arassalaýjylardyr.

Toslama: Koronawirus ýokuşan adamlary ýylylyk ölçeýjileri anyklap bilýärmi?

01

Hakykat: Eger koronawirusly adam gyzzyryp başlan bolsa, ýagny beden temperaturasy galan bolsa, onda ony ýylylyk ölçeýji skanerleriň kömegi bilen anyklap bolýar. Emma ýylylyk ölçeýjiler wirus ýokuşan, ýöne heniz gyzzyryp başlamadyk näsaglary anyklap bilmeýärler. Çünki täze koronawirus adama ýokuşanyndan soňra, 2-10 güne çenli adamda gyzzyrma ýaly alamatlar bildirmeýär.

Toslama: Üstüňe alkogol ýa-da hlor sepip täze koronawirusy öldürip bolýarmy?

01

Hakykat: Ýok, üstüňe alkogol ýa-da hlor sepmek içiňe düşen wirusy öldürmeýär. Beýle serişdeleri sepmek gözüňe we burnuňa zyýan berip bilýär. Alkogolyň we hloruň ikisini hem zatlary dezinfisirlemek üçin ulanyp bolýar, emma diňe ulanyş düzgünlerini doly berjaý etmek arkaly.

Toslama: Pnewmoniýa garşy waksinalar täze koronawirusdan hem goraýarmy?

01

Hakykat: Ýok, pnewmoniýa garşy waksinalar täze koronawirusdan goramaýar. Häzirki koronawirusyň täze we üýtgeşikdigi sebäpli, oňa öz waksinasy gerek. Ylmy barlagçylar 2019-nCoV wirusyna garşy waksina oýlap tapmak ugrunda zähmet çekýärler. BSGG hem olara goldawyny gaýgyrmaýar. Respirator kesellerine garşy waksinalar täze koronawirusdan goramasa-da, saglygyňy goramak üçin olary almak maslahat berilýär.

Toslama: Burnuňy duzly suw bilen ýuwmak täze koronawirusyň ýokuşmagynyň öňüni alyp bilýärmi?

01

Hakykat: Ýok, burnuňy duzly suwa ýuwmagyň koronawirusdan goraýandygy barada heniz hiç hili subutnama ýok. Bu tejribäniň adamlaryň sowuklamadan gutulmagyny çaltlaşdyrýandygy barada birnäçe subutnama bar. Emma, burnuňy çaýkamak henize çenli adamlara koronawirusdan goranmaga kömek etmedi.

Toslama: Sarymsagy köp iýseň täze koronawirusdan goraýarmy?

01

Hakykat: Sarymsak örän peýdaly iýmit we mikroblara garşy hem göreşip bilýär. Emma, onuň adamlary koronawirusyň ýokuşmagyndan goraýandygy barada heniz hiç hili subutnama ýok.

Toslama: Täze koronawirus kimlere has çalt ýokuşýar, garrylaramy ýa ýaşlara?

01

Hakykat: Täze koronawirus ähli ýaşdaky adamlara ýokuşyp bilýär. Gartaşan adamlar we öňden bäri keselli adamlar (demgysma, süýji, ýürek keselleri) bu wirusdan agyr kesellemäge has ýakyn bolýarlar. BSGG ähli ýaşdaky adamlara wirusdan goranmak üçin el we respirator arassaçylygynyň düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berýär.

Toslama: Antibiotikler täze koronawirusyň öňüni alyp ýa-da bejerip bilýärmi?

01

Hakykat: Ýok, antibiotikler wiruslara garşy göreşip bilmeýärler, olar diňe bakteriýalary öldürip bilýärler. Täze koronawirusyň hem wirusdygy sebäpli, ondan gorag ýa bejergi hökmünde antibiotikleri ulanlmaly däl. Emma, eger-de siz 2019-nCoV bilen keselläp hassahana düşen bolsaňyz, antibiotikleri bermekleri ähtimal, sebäbi wirus bilen bakteriýa adama bir wagtda ýokuşyp bilýär.

Toslama: Koronawirusyň öňüni almak ýa bejermek üçin ýörite derman barmy?

01

Hakykat: Häzire çenli koronawirusyň öňüni almak ýa-da bejermek üçin maslahat berilýän belli bir derman ýok. Emma COVID-19 bilen kesellän adamlar ynjalmak we alamatlardan saplanmak üçin ýerlikli ideg almaly. Agyr kesellänler bolsa, ýokary derejeli lukmançylyk kömegini almaly. Käbir ýörite bejergiler derňelýär we kliniki barlaglardan geçiriler. BSGG birnäçe hyzmatdaşlary bilen bilelikde derman oýlap tapmak ugrunda tagallalar edýär.

  • 4365 gezek okalan