• Makalalar
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS WE COVID-19 ORTA ÝAŞLY ADAMLARA HEM HOWP SALÝAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KORONAWIRUS WE COVID-19 ORTA ÝAŞLY ADAMLARA HEM HOWP SALÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 yasa goraBaşda Hytaýdan gelen maglumatlar COVID-19 wirusynyň esasan agyr kesellerden ejir çekýän garry adamlara has uly howp salýandygyny aýdýardy. Wirus ABŞ-a ýaýrap başlanda bolsa, ol garrylara we düýpli saglyk kemçilikleri bolan adamlara has uly howp salýan ýaly göründi.

Häzirki wagtda ABŞ-da kesellänleriň köpelmegi we barlaglaryň artmagy bilen ýagdaý has hem aýdyňlaşýar.

Keselleri bejeriş-öňüni alyş merkeziniň (CDC) 2020-nji ýylyň martynda çykaran maglumatynda orta ýaşly adamlaryň hem COVID-19 bilen keselleýändigi, olaryň keselhana, käbirleriniň hatda reanimasiýa ýerleşdirilmeli bolýandygy barada bellenilip geçilýär.

Mysal üçin, CDC-niň bu hasabatynda, mart aýyna çenli ABŞ-da COVID-19 bilen 508 adamyň keselhana düşendigi barada habar berilýär. Olaryň 38%-i 20-54 ýaş aralygyndaky adamlardy. Reanimasiýada ýatmaly bolanlaryň ýarysy 65 ýaşa çenli adamlardy.

Ýewropa döwletlerinde hem ýagdaýyň birmeňzeşdigi habar berilýär. Hasabatlara görä, Fransiýa we Niderlandiýada koronawirusdan agyr kesellänleriň ýarysy 50 ýaşdan geçmedik adamlardy.

Çeşme: John Hopkins uniwersiteti

  • 2502 gezek okalan