Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TÄZE KORONAWIRUS ADAMLARYŇ AGLABASYNA ÝOKUŞARMY?
Täze koronawirusyň uzagyndan endemik (ýerli) kesele öwrülip, adamlaryň aglabasyna ýokuşmagy mümkin. Ýöne bu näçe wagta çekerkä? Eger bu birki aýdan bolup geçse, keselhanalar hyryn-dykyn bolup, adamlar koronawirus ýa başga keseller üçin bejergi alyp bilmezler. Bu görlüp-eşidilmedik heläkçilige elter. Emma, eger sosial aralygy saklamak, syýahatlarymyzy azaltmak, syrkawlanymyzda işe gitmezlik ýaly çäreleri dürs ýerine ýetirsek, keseliň ýaýramagyny haýalladyp bileris. Eger-de, koronawirusyň dünýä ilatynyň 60-70%-ne ýokuşmagy 3 ýyla çekse, onda keselhanalar dolmaz, adamlar bejergi alyp biler we waksina oýlap tapmaga wagtymyz bolar. Wirusyň tiz ýa-da haýal ýaýramagy diňe biziň öz elimizde.
- 2077 gezek okalan