• Makalalar
  • COVID-19
  • WIRUS NÄDIP ZOONOZ KESELDEN ADAMDAN-ADAMA ÝOKUŞÝAN KESELE ÖWRÜLÝÄR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

WIRUS NÄDIP ZOONOZ KESELDEN ADAMDAN-ADAMA ÝOKUŞÝAN KESELE ÖWRÜLÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

covid 19 zoonozHaçanda kesel haýwandan adama ýokuşanda, muňa zoonoz ýokuşma diýilýär. Bu ekologik hadysadyr. Wirus haýwandan adama geçensoň näme boljagy ewolýusiýa we tötänlige baglydyr. Eger wirus uýgunlaşmaga ukyply bolsa, täze ýerde, ýagny adam bedeninde täzeden döräp we köpelip bilýär. Ýa-da wirus ýokuşan adamsyny öldürýär (guduzlama ýaly) we ýokuşma zynjyry üzülýär. Eger-de wirus uýgunlaşmaga has ukyply bolsa, onda ol bir adamdan başga adama jynsy gatnaşyklar (AIW), gan we ş.m. beden suwuklyklary (Ebola), ýa-da asgyryş we üsgüriş damjajyklary arkaly (dümew we SARS) ýokuşyp bilýär. Wirusy uýgunlaşmaga ukyply edýän zat onuň hromosom durnuksyzlygy we Darwiniň tebigy seçgisidir. Ýeke spirally RNK hromosomly wiruslar tertipsiz ýagdaýda köpelýändigi üçin durnuksyz hromosomly wiruslardyr, we olar gaty aňsat uýgunlaşýarlar. Koronawirus hem şolaryň hataryna girýär.

Çeşme: Johns Hopkins Bloomberg Sсhool of Public Health

  • 1548 gezek okalan