• Makalalar
  • COVID-19
  • TÄZE WAKSINA NÄDIP ÝASALÝAR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE WAKSINA NÄDIP ÝASALÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

covid 19 waksina nadip yasalyarTäze waksinany (sanjym) adamlara berip başlamazdan ozal, birnäçe ýyl dowam edip bilýän laboratoriýa barlaglary geçirilýär. Waksina adamlarda barlanylyp başlansoň hem, kliniki barlaglar tamamlanyp, ygtyýarnama (lisenziýa) alynýança ýene birnäçe ýyl geçmegi mümkin.

ABŞ-nyň Iýmit we derman administrasiýasy (FDA) waksinalara we derman serişdeleriniň düzgünnamalaryna gözegçilik edýär. Ýewropa Bileleşiginde bolsa, bu işi Ýewropa lukmançylyk agentligi (EMA) ýerine ýetirýär. BSGG halkara derejede biologik önümleriň ulanylyşyna maslahatlar berýär. Köp döwletler BSGG-nyň ülňülerini kabul etdi.

Waksina işläp taýýarlamagyň tapgyrlary:

1. Gözläp-agtaryş tapgyry;

2. Kliniki barlaglardan öňki tapgyr;

3. Kliniki barlaglar;

4. Degişli edaralaryň syny we tassyklamasy;

5. Önümçilik;

6. Hil gözegçiligi.

Kliniki barlaglar üç tapgyrdan ybarat.

I tapgyrda 20-100 sany sagdyn meýletinçä barlagdan geçirilýän waksina berilýär:

↪ Waksina howpsuzmy?

↪ Peýda berýärmi?

↪ Howply ýan täsirleri barmy?

↪ Ýan täsiri dermanyň möçberine baglymy?

II tapgyrda kliniki gözegçiligiň gerimi giňäp, waksina niýetlenen syrkawlaryňka meňzeş häsiýetnamalary (meselem: ýaşy we fiziki saglygy) bolan ýüzläp meýletinçilere berilýär:

↪ Köp duşýan gysga wagtlyk ýan täsirleri haýsylar?

↪ Meýletinçileriň immun ulgamlary waksina nähili reaksiýa berýär?

III tapgyrda waksina müňlerçe adama berlip, onuň peýdasy we howpsuzlygy barlanylýar:

↪ Waksina berlen we berilmedik adamlaryň arasyndaky tapawut.

↪ Waksina howpsuzmy?

↪ Peýda edýärmi?

↪ Köp duşýan ýan täsirleri

Köp waksina tassyklanyp, ygtyýarnama alnandan soňra IV resmi tapgyrdan geçýär.

FDA waksinanyň howpsuzlygy we netijeliligi tassyklanylyp, onuň howpundan peýdasy has köp bolanda ygtyýarnama berýär.

Sanjymlar toplumlaýyn öndürilýär. Öndürijiler ähli toplumlaryň howsuzlygyny, arassalygyny we täsirliligini barlagdan geçirmelidir. Toplumlar diňe FDA olaryň howpsuzlygyny we hilini barlandan soň ulanylyşa çykarylýar. FDA waksina ygtyýarnama berenden soňra, hünärmenler ony maslahat berilýän immunizasiýa senenamasyna goşup-goşmazlyga karar berýärler.

Çeşme: Сenters for Disease Control and Prevention

  • 1724 gezek okalan