• Makalalar
  • COVID-19
  • TASSYKLANAN BEJERGI ÝOK BOLSA, SAGLYK EDARALARY WE HÜNÄRMENLERI NÄME EDIP BILER?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TASSYKLANAN BEJERGI ÝOK BOLSA, SAGLYK EDARALARY WE HÜNÄRMENLERI NÄME EDIP BILER?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

covid 19 bejergi yok bolsaTassyklanan bejergisi bolmasa-da, saglyk edaralary we hünärmenleri COVID-19 bilen kesellän näsaglara şu ýollar arkaly ideg edip, olaryň diri galmagyny gazanyp edip biler:

1. Keseliň alamatlaryna gözegçilik etmek: Gyzgyna, üsgülewüge we wirus bilen baglanyşykly beýleki umumy alamatlara gözegçilik edip, COVID-19 keselini ýeňilleşdiriji derman serişdelerini bermeli.

2. Näsagyň immuniteti kesele garşy göreşýärkä, onuň bedenine güýçli goldaw bermeli. Käbir näsaglar bu kesel bilen agyr keselleýärler, şonuň üçin hem olara öýkeniň emeli wentilýasiýasy ýa-da gyssagly dializ gerek bolup biler. Öýkeniň ýiti respirator ýetmezçiligi dörände, ekstrakorporal dem beriş tehnologiýasy hem peýdalanylyp bilner.

3. COVID-19 bilen kesellän näsaglarda wirus bilen bir wagtda ýüze çykyp biljek bakterial pnewmoniýa ýaly beýleki keselleri bejermeli. Sebäbi olaryň öýkeni bolmalysy ýaly işläp bilmeýär. Şeýle ýagdaýda, lukmanlar olaryň sagalmagy üçin antibiotik serişdeleri ulanmaly.

Çeşme: Johns Hopkins Bloomberg School of Public Health

  • 1556 gezek okalan