Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
COVID-19 BARLAGLARY BARADA FAKTLAR
COVID-19 testleri (barlag) keseliň ýaýraýşyny ölçemekde we pandemiýa nähili çemeleşmegi kesgitlemekde örän möhüm rol oýnaýar. COVID-19 testleriň iki görnüşi bolup, olaryň ulanylyşynda tapawutlar we çäklendirmeler bar. Ilat saglygyna degişli iň gowy kararlara gelmek üçin bu barlaglar baradaky faktlary bilmek wajypdyr.
Barlaglaryň Iki Görnüşi: serologiýa testy we wirus testy
Barlag nähili geçirilýär?
Wirus Barlagy: Wirus barlagynda agyzdan ýa-da burundan suwuklyk alnyp, aktiw wirus infeksiýasynyň barlagy geçirilýär. Bu barlagyň iki görnüşi giňden ulanylýar: PCR (polimeraz zynjyr reaksiýasy) barlagy we antigen barlagy.
Serologiýa Barlagy: Serologiýa barlagynda ganyň üsti bilen adamda wirusyň bardygy ýa ýokdugy barlanylýar.
Barlaglar nämäni barlaýar?
Wirus Barlagy: PCR barlagy wirusyň genetik materialyny gözleýär. Antigen barlagy wirusyň ýüzündäki belli beloklary gözleýär. Antigen barlagy has çalt netije görkezýär.
Serologiýa Barlagy: Serologiýa barlagy wirusa degişli antibedenleri anyklamak arkaly, adamyň wirusly ýerde bolup bolmandygyny tassyklaýar, hatda adamda keseliň alamatlary ýok hem bolsa.
Barlaglar nämäni barlamaýar?
Wirus Barlagy: Wirus barlagy adamyň geçmişde wirus bilen keselländigini bilip bilmeýär.
Serologiýa Barlagy: Serologiýa barlagy aktiw infeksiýany anyklap ýa-da kimiň täzeden kesellemejekdigini bilip bilmeýär. Antibedenleriň immunitete kepil geçýändigi heniz subut edilmedi.
FDA (ABŞ-nyň Iýmit we Derman Administrasiýasy) barlaglara nähili gözegçilik edýär?
Wirus Barlagy: Bu barlaglar ulanylyşa çykmazdan öňürti FDA gözegçilikden geçirýär.
Serologiýa Barlagy: Bu barlaglary FDA resmi gözegçilikden geçirmeýär. Emma käbirini Gyssagly Ýagdaýlarda Ulanmaga rugsat berilýär.
COVID-19 barlaglary barada goşmaça
Çeşme: Johns Hopkins Uniwersiteti
- 2397 gezek okalan