Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ADAM JAÝLANANDA HOWPSUZLYK WE HORMAT
COVID-19 pidalarynyň jesetlerinden wirus ýokuşyp bilýärmi? Olary jaýlamagyň howpsuz ýollary haýsylar?
Umuman, adam jesedi kesel ýaýradyp bilmeýär. Häzire çenli, hiç kime COVID-19 wirusyndan ýogalan adamyň jesedinden wirus ýokuşmady.
Şeýle-de bolsa, ýakyn ýyllarda Ebolanyň ýaýraýşyna şaýat bolan adamlaryň koronawirusdan howatyrlanmasy düşnükli zat. Ebolanyň hem-de beýleki ölüm howply wiruslaryň (Marburg, Lassa) pidalaryndan kesel ýokuşyp bilýär. Şonuň üçin, olar jaýlanylanda aýratyn howpsuzlyk çärelerini berjaý etmeli bolýar. Meselem, 2014-2016 ýyllarda Günbatar Afrika Ebola ýaýranda, ilaty kesel ýaýradyjy jesetlerden goramak üçin pidalar ýakylyp jaýlandy.
COVID-19 pidalaryna beýle çemeleşmek zerur bolmaýar. Käbir howpsuzlyk çärelerini we sosial daşlaşma düzgünlerini berjaý edip, pidalary dini we medeni däplere görä jaýlap bolýar. Jaýlanylanda zerur bolan şahsy howpsuzlyk enjamlaryna N95 maskalary, ellikler, aýak, saç we göz örtgüleri degişlidir. Şeýle-de, wagtly-wagtynda elleri ýuwmak ýaly esasy gigiýena düzgünleri berjaý edilmeli.
Jaýlanylan mahaly, pidalaryň mertebesini saklamak we olaryň maşgalalaryny goramak hem-de sylamak örän wajypdyr.
- 1975 gezek okalan