• Makalalar
  • COVID-19
  • SORAGLAR WE JOGAPLAR: DEKSAMETAZON WE COVID-19

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SORAGLAR WE JOGAPLAR: DEKSAMETAZON WE COVID-19

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

covid 19 dexamethasoneSaglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri COVID-19 bilen kesellänleri bejermekde deksametazon dermanyny ulansa bolarmy?

Beýik Britaniýada geçirilýän täze ylmy-barlagda deksametazon ulanylmagy netijesinde, öýken emeli wentilýasiýasynda bolan kesellerde ölümçilik görkezijisiniň 1/3-e, kislorod bejergisine mätäç syrkawlarda bolsa 1/5 kemelýändigi ýüze çykaryldy. Keseliň ýeňil görnüşini başdan geçirýän, ýagny kislorod bejergisine mätäç däl keseller üçin bu dermanyň peýdasy barada aýdylmaýar.

BSGG hasabatyň doly görnüşiniň çap edilmegine garaşýar. Şondan soň, guramanyň maslahatlaryna üýtgetme girizmek meselesine serediler. Muňa garamazdan, agzalan barlagda bolşy ýaly, agyr we has agyr ýagdaýdaky keselleriň kliniki bejergisinde deksametazon ulanmaga ýol berilýär.

COVID-19-yň öňüni almak ýa-da onuň ýeňil görnüşini başdan geçirýän kesellerde alamatlaryny bejermek üçin deksametazon ulansa bolarmy?

Kortikosteroid derman serişdesi bolan deksametazon COVID-19-yň öňüni almak ýa-da onuň ýeňil alamatlaryny bejermek üçin ulanylmaly däldir. Beýik Britaniýada geçirilýän täze ylmy-barlagda bejerginiň bu usuly örän umyt beriji netijeler görkezdi. Emma bu keseliň diňe agyr görnüşleri bolan syrkawlarda netije berdi. Ylmy-barlagda dermanyň COVID-19-yň ýeňil görnüşi bilen kesellänler, ýagny kislorod bejergisine mätäç bolmadyklar üçin peýdasy anyklanmady.

Deksametazon 1960 ýyllardan bäri birnäçe patologik ýagdaýlarda sowuklamanyň öňüni almak üçin kombinirlenen bejerginiň düzüminde ulanyp gelinýär, şol sanda, onkologiýa keselleri we käbir jana howply prosesslerde ulanylýar. Bu derman sowuklama garşy güýçli serişdedir we ol immun sistemasynyň işjeňligini peseldip, beýleki infeksiýalaryň döreme howpuny artdyrmagy mümkin.

  • 1873 gezek okalan