• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19 BEJERGISI WE WAKSINASY ÜÇIN KLINIKI BARLAGLAR

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

COVID-19 BEJERGISI WE WAKSINASY ÜÇIN KLINIKI BARLAGLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

waksina kliniki barlag

4-nji iýul, 2020

BSGG COVID-19 bejergisi hökmünde ulanylýan gidroksihlorohin we lopinawir/ritonawir dermanlarynyň synaglaryny tögtatdy. Synaglaryň netijeleri gidroksihlorohiniň we lopinawiriň / ritonawiriň  hassahana ýerleşdirilen COVID-19 hassalarynyň ölümçiligine juda az täsir edýänini görkezýär.

30-njy iýun,  2020

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hyzmatdaşlary bilen bilelikde COVID-19-yň netijeli bejergisini tapmak üçin "Raýdaşlyk" (iňlisçe: solidarity) atly halkara kliniki barlagyny alyp barýar.

Raýdaşlyk Barlagy bejerginiň dört görnüşini deňeşdirýär we olaryň hersiniň COVID-19-y bejermekde netijeliligini barlaýar. Raýdaşlyk Barlagy bejergileri dürli ýurtlardaky näsaglarda barlap görýär. Şeýlelik bilen, dermanlaryň haýsynyň keseli gowşadýandygyny ýa-da näsaglaryň diri galmagyna kömek edýändigini tapmaga synanyşýar. Barlanýan bejergileriň sanawyna soňky subutnamalara esaslanýan dermanlar hem goşulyp bilner.

Ýeterlik subutnama toplanýança, BSGG lukmanlara we lukmançylyk edaralaryna subut edilmedik bejergiler bilen näsaglary bejermezligi ýa olary maslahat bermezligi hem-de öz-özüňi bejerjek bolmazlygy duýdurýar.

Gidroksihlorohin

2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda BSGG gidroksihlorohiniň COVID-19-y bejermek üçin barlagdan geçirilýän dermanlaryň sanawyndan aýrylandygyny habar berdi.

Öwrenilýän COVID-19 bejergi görnüşleri

Raýdaşlyk barlagynda içgin öwrenilýän bejergi görnüşlerine şular degişli: Remdesiwir, Lopinawir/Ritonawir, Lopinawir/Ritonawir bilen Interferon beta-la, hem-de Deksametazon. Bu bejergi görnüşleri laboratoriýalarda we haýwanlarda geçirilen barlaglaryň we kliniki işleriň netijesinde saýlandy.

Remdesiwir dermany öň Ebolany bejermek üçin barlanypdy. Bu derman koronawirusyň döredýän beýleki keselleri bolan MERS-CoV we SARS kesellerini bejermekde gowy netijeleri beripdi. Onuň COVID-19 näsaglaryna hem peýda berip bilmegi mümkin.

Lopinawir/Ritonawir dermany AIW üçin ulanylýan bejergidir. Onuň COVID-19, MERS we SARS ýokuşmalaryny bejermekde peýda edýändigi heniz subut edilmedi. Bu derman ýa kliniki barlaglaryň netijelerini ösdürip biler ýa-da ýokuşmanyň öňüni alyp biler. Barlagda bu dermanyň COVID-19 üçin nähili peýda berip biljegini öwrenmäge çalyşýarlar. Lopinawir/Ritonawir garyndysynyň COVID-19 wirusyna garşy durup biljekdigini laboratoriýa barlaglary yşarat edýän hem bolsa, häzire çenli COVID-19 näsaglarynda geçirilen barlaglar anyk netije görkezmedi.

Interferon beta-la dermany dagynyk sklerozy bejermekde ulanylýar.

Deksametazon bolsa, sowuklama/beden alawlama ýagdaýlaryna garşy göreşiji we immunodepressant hökmünde köpdürli keselleri bejermekde peýdalanylýar.

BSGG-nyň iýulyň 1-ne we 2-ne geçiren ýokary derejeli duşuşygynda antiwirus dermanlarynyň, immunosazlaýjy dermanlaryň, antitromboz serişdeleriniň, hem-de garyşyk (kombinirlenen) terapiýalaryň has köp görnüşlerini keseliň dürli döwürlerinde barlap görmeli diýlen netijä gelindi.

COVID-19 waksinasyny taýýarlamak

Häzire çenli dünýä boýunça 120-den gowrak waksina hödürlendi. BSGG olaryň görnüşleri we täsirleri barada hasap ýöredýär.

BSGG ylmy-barlagçylaryň we waksina taýýarlaýjylaryň arasynda açyk aragatnaşygy ýöredýär. Munuň üsti bilen, ylmy barlaglaryň netijeleri paýlaşylýar, meseleler maslahatlaşylýar, we waksinany barlamak üçin tiz hem-de berk usullar teklip edilýär.

Häzirki wagtda, waksinalaryň 6 sanysy kliniki barlaglardan geçirilýär (ýedinji hem ýolda) we 70 sanysy kliniki barlaglardan öňki basgançakdan geçirilýär.

  • 372 gezek okalan