• Makalalar
  • COVID-19
  • STRES WE GAHARYŇ HÖTDESINDEN GELMEK – COVID-19

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

STRES WE GAHARYŇ HÖTDESINDEN GELMEK – COVID-19

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

covid 19 we stresGündelik öwrenişen zatlarymyzdan we ýakynlarymyzdan uzak durmak örän kyn. Girdejisiz galmak, öýlerimizde şahsy giňişligiň ýetmezçiligi, zulum, gorky, näbellilik, şeýle-de depresiýa ýa beýleki psihiki problemalar bilen ýaşamak, ýagdaýy has-da kynlaşdyryp biler. COVID-19 bilen öwrenişýänçäk, bu kynçylyklar bilen köp wagtlap ýaşamaly bolarys. Sonuň üçin bularyň hötdesinden gelmegiň ýollaryny tapmak örän möhümdir.

Öz aladaňy et

Beden saglygyňa üns ber. Ýokumly iýmitleri iý, ýeterlik suw iç, hemişe hereketde bol, ukyňy gowy al. Gerek-ýaraklaryň barada oýlan we olary edinmegiň planyny düz. Narkotik serişdelerden we alkogoldan daş dur – olar meseläni çözmän, gaýtam, has kynlaşdyrýar.

Adamlar bilen aragatnaşyk saklamagyň ugruny tap. Maşgalaň we dostlaryň bilen jaňlaşyp ýa-da ýazyşyp dur. Goňşularyň bilen gürleş. Sosial mediýada we online ulgamlarda adamlar bilen aragatnaşyk sakla. Beýlekilere ýazmakdan çekinme – hemme kişi hem edil sen ýaly, özüni kyn ýagdaýda we üzňe duýýar.

Stresiň hötdesinden gelmegiň ýoluny tap. Artykmaç stres saglygyňa zyýan berip, sabyrsyzlyga, gaharjaňlyga we rehimsizlige eltip biler. Öz we maşgalaň stresini düşüriji gündelik güýmenjeleri tap. Gowy dilegler etmek, meditasiýa etmek, dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmek rahatlandyryp biler. Şol sanda, tans etmek, aýdym aýtmak, ýazuw-pozuwa güýmenmek, surat çekmek, arassa howada gezmelemek we bedenterbiýe maşklary peýdalydyr. Bulary ýeke özüň ýa-da ýakynlaryň bilen bilelikde günde bir gezek ýa-da başarsaň has köp edip bilersiň.

Kömek sora. Duýgularyňa ünsli çemeleş. Kynçylyklardan baş alyp çykyp bilmedik çagyň, kömek sora. Ýagdaýyňy ynamdar dostlaryň ýa-da maşgalaň bilen paýlaş.

Töwekgelçiligi azalt. Belki-de girdejisiz güzeran görüp bilmejegiň ýa-da işiň ‘örän wajyplygy’ üçin işe gitmeli bolýansyň. Eger-de maska we beýleki gorag serişdelerini geýseň, adamlar bilen araňda howpsuz daşlyk saklasaň, ýygy-ýygydan eliňi sabynlap ýuwsaň, başlygyňdan iş ýeriň we iş tertibiň howpuz edilmegini sorasaň, onda özüňi, maşgalaňy we daş-töweregiňdäkileri keselden gorarsyň. Beýlekilere hem bu üýtgeşmeleri girizmekde goldaw ber. COVID-19-yň öňüni almaga hemmämiz bilelikde tijensek, onda gündelik durmuşymyz has howpsuzlaşar.

Çagalaryň aladasyny et

Karantin döwründe çagalara seretmek ene-atalaryň we hossarlaryň, esasan hem zenan maşgalalaryň paýyna düşýär. Aýalyň hemişeki edýän öý-işleriniň üstesine çagalara seretmek, olara sabyrly, şähdaçyk we mähirli çemeleşmek ýeňil düşmeýär. Çagalara hem diňe öýde oturmak aňsat däl. Olar gündelik güýmenjelerini, jora-dostlaryny, we mekdebi küýseýärler. Bu çagalary gaharjaňlyga we biedeplige eltip bilýär. Şeýlelikde, öýde dawa köpelýär. Karantin bilen bagly düzgünleri üýtgedip bilmeseň hem, çaga terbiýesinde stresi we dawa-jenjeli azaltmagyň birnäçe ýoly bar.

Çaga maşgala bolup gezekleşip serediň. Elbetde, munuň üçin hemme kişi biraz tijenmeli bolar – ulurak çagalar kiçi jigilerine seredişmegi, şeýle hem, öňden tejribesiz erkek kişiler çaga seretmegi öwrenmeli bolarlar. Ýumuşlary paýlaşmak, az wagtlyk hem bolsa, her kime çaga seretmekden dynç almaga mümkinçilik berer.

Çagalaryny ýekelikde terbiýeleýän eneler – bir-biriňizi goldaň! Eger-de çagalaryňyza ýekelikde seredýän bolsaňyz, bu has çalt ýadadyp biler. Töweregiňizde size meňzeş ýekelli eneler bar bolsa, olar bilen baş birikdirip, çagalara seretmekde gezekleşiň. Keselden goranmak üçin maska geýmegi we elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwup durmagy unutmaň.

Çagalara bir-birleri bilen aragatnaşykda bolmaga kömek et. Mekdepleriň ýapylmagy netijesinde, ene-atalar mugallymlaryň işini hem öz üstüne almaly boldular. Çagalara derslerine taýýarlanmak we öý işlerini etmek üçin wagtlaryny sazlamaga kömek et. Olaryň deň-duşlary we ýakynlary bilen aragatnaşykda bolmagyna mümkinçilik döret. Ähli maşgala agzalarynyň internet we telefon ulanýan wagtlaryny çäklendirýän düzgünler giriz. Çagalaryňy internetdäki betpällerden goramak üçin, olaryň internetde nämeler edip, kimler bilen aragatnaşyk saklaýandygyna göz-gulak bol. Çagalaryň oýnamak we fiziki energiýasyny daşary çykarmak hajatlarynyň hem bardygyny unutma.

Arakesmeleri giriz we özüňe wagt aýyr. 24 sagatlap çaga ideg etmek gaty kyn. Eger-de çagalaryň özbaşdak galdyryp bolýan ýaşda bolsalar, 15-minutlyk gezelenç seniň şähdiňi açyp, sabyryňy dikeldip biler. Ondan gysga arakesmeler hem kömek edip biler. Haçan-da özüňi sussupes duýsaň ýa-da gahar-gazaba münüp başlasaň, saklan: geplemezden ýa herekete geçmezden öň 5 gezek çuňdan dem al. Ýa-da bolmasa, kelläň durlanmagy üçin 1-2 minutlyk daşaryk çyk ýa-da boş otaga geç. Rahatlanaňsoň çagalaryň ýanyna dolanyp bilersiň. Hat-da aglaýan çagany hem, sen özüňi dürseýänçäň, howpsuz ýerde arkan ýatyryp, 5 minutlyk ýeke galdyrsa bolar.

Erkekler üçin ýörite maslahat

COVID-19 sebäpli dörän kynçylyklarda seniň hiç-hili günäň ýok. Köplenç erkek adamlary maşgalasynyň howpsuzlygyna we maliýe ýagdaýyna jogapkär edip terbiýeleýärler. Işsiz galmagyň, öýüň adam sanynyň artmagy ýa-da maşgaladaky keselçilik sebäpli özüňi maşgala başy borjuňy ýerine ýetirip bilmedik ýaly duýmagyň mümkin. Netijede depressiýa we gaharjaňlyk döräp biler. Emma pandemiýa seniň günäň däl. Jemgyýetiňdäki beýleki adamlaryň hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýändigine düşünmek we bu ýagdaýdan bilelikde baş alyp çykmagyň ýollaryny gözlemek peýdaly bolar. Gerek bolanda kömek soramak hem utanç däl.

Başga çykalga tapylar. Köpümiz köne endiklerimizi dowam etdirýäris. Näme etmelidigini anyk bilmeseň hem, endikleriňi üýtgedip bilersiň. Sözleriňe we hereketleriňe erk etmegi öwrenip bilersiň. Gaharly wagtyň jogap gaýtarmakdan saklan, çünki munuň maşgalaňy ynjadýandygyny bilýärasiň. Gahar-gazaba münen wagtyň özüňe şeýle diý: “Häzir däl. Häzir däl.” Diňe 10 sekuntlap jogap bermän saklanmagyň ýeterlikdir. Bu seni zuluma baş goşmakdan saklar.

Gaharyň öjemeginiň öňüni al. Köplenç bir zada gaharymyz gelse ýa-da erkimizi ýitirip başlasak, gazabyň güýçlenýändigini duýýarys. Gaharlanmazdan öň özüňi nähili duýýardyň? Günüň belli bir wagtynda gaharyň gelýärmi ýa-da belli-belli ýagdaýlarda? Gazaba münmezden öň fiziki ýagdaýyň nahili bolýandygyna üns berseň (mysal üçin, açlyk, ýadawlyk, içgililik we ş.m.), onuň başlamagynyň öňüni alyp bilersiň. Eger-de aç ýa ýadaw wagtyň çalt gaharlanýan bolsaň, garnyňy doýurmak ýa dynç almak arkaly onuň öňüni alyp bilersiň. Eger içgili wagtyň çalt gazaba münýän bolsaň, onda alkogolly içgi içmegiňi kemeldip başla. Özüňi alyp barşyňa üns bermek arkaly, daş-töweregiňdäkilere kömek edip bilersiň.

Özüňi nähili duýandygyňy ýadyňa sal. Köpümiz erkekleriň zuluma baş goşýan maşgalalarynda önüp-ösdük. Şol zalymlygy öz maşgalalarymyzda gaýtalamazlyk kyn bolup biler. Eger-de zulumyň saňa çekdiren fiziki we ruhy ezýetini ýatlasaň, bu seni öz maşgalaňa zulum etmekden saklap biler. Eger bu barada maşgala agzalaryň ýa-da dostlaryň bilen gürleşip bilseň, nähili ezýet çekenligiň hakda öz sesiňi eşitmek, zulum ulanman duýgularyňy beýan etmäge kömek edip biler.

Ulanylan WEB Salgy

  • 411 gezek okalan