• Makalalar
  • COVID-19
  • BURNUM YS ALANOK. BU KORONAWIRUSYŇ ALAMATYMYKA?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BURNUM YS ALANOK. BU KORONAWIRUSYŇ ALAMATYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

covid 19 burnum ys alanokKoronawirusyň iň bir adaty bolmadyk alamatlarynyň biri hem ys we tagam alyş ukybynyň ýitmesidir. Bu COVID-19 bilen kesellänleriň ählisinde duş gelmeýär, emma bu wirusyň ýokuşandygyny aňladýan ýeketäk alamat bolup biler. Şonuň üçin hem, eger-de birden ys alşyňy we tagam duýşuňy ýitiren bolsaň, munuň sebäbini gözläp başla.

Birden ys alşyň ýitmegi täze koronawirus ýokuşmasynyň ýene bir alamaty bolup biler. Britan Otolaringologiýa Assosiasiýasyna görä, Günorta Koreýada, Hytaýda we Italiýada koronawirusly näsaglarda şeýle alamatlaryň ýüze çykandygyny birnäçe subutnama tassyklaýar.

Lukmanlar gyzzyrma we üsgülewük ýaly alamatlary bolmadyk näsaglarda koronawirusy anyklamak üçin bu alamaty göz öňünde tutmagy maslahat berýärler.

Ýakynda geçirilen ylmy barlaga görä, koronawirus sebäpli ys we tagam alşyny ýitiren näsaglaryň takmynan 90% bir aýyň içinde sagalypdyrlar. Bu barlagyň netijeleri Amerikanyň Lukmançylyk Assosiasiýasynyň otolaringologlar üçin ýörite žurnalynda (JAMA Otolaringologiýa – Kelle we Boýun Operasiýasy) çap edildi.

Bu neşirde Amerikanyň Emory Uniwersitetiniň wekili Joşuwa Lewi şeýle belleýär: "Hatda gutulýanlaryň sany köp hem bolsa, şeýle köp adam bu pandemiýanyň täsiri astynda galdy. Bu bolsa, uzak wagtlap dowam edýän alamatlary bolan näsaglaryň sanynyň hem köp boljagyndan habar berýär. Gynansakda, bu meseläniň çözgüdi çäkli".

Uzak wagtlap dem alşyny ýitiren adamlara kömek etmegiň bir ýoly terapiýadyr. Meselem, terapiýa arkaly tagam duýujy we ys alyş reseptorlaryny türgenleşdirip we ösdürip bolýar.

  • 748 gezek okalan