Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
KORONAWIRUS: ÖÝDE NÄDIP MASKA ÝASANMALY?
Tikin-çatyna näçe ökde hem bolsaň we wagtyň näçe köp hem bolsa, maska tikmegiň esasy düzgünleri hemmeler üçin birmeňzeşdir:
1. Mata näçe köp gatly bolsa şonça gowy, azynda 3 gat bolmaly;
2. Maska ýüzüňde ykjam durmaly we dem alşy kynlaşdyrmaly däl.
Ylmy barlaglara görä, maska üçin iň gowy materiallar: dykyz pagta mata, kiper ýa-da twil, tebigy ýüpek ýa-da çekilen pagta.
Şeýle-de, aşaky düzgünleri unutmaly däl:
► Gözleriňi, agzyňy we burnuňy elleme.
► Maskalary ýuwanyňdan soňra plastik paketlerde sakla.
► Maskalary ýygy-ýygydan ýuw. Maskany beýleki eşikler bilen bilelikde soda bilen ýuwup bolýar.
► Maskany tikeniňde kir maşynda birnäçe gezek ýuwup bolar ýaly berk edip tik.
► Matadan maska ýasamagyň ençeme usuly bar. Sosial ulgamlarda dürli görnüşli maskalary ýasamagy öwrenip bolýar.
► Maskanyň birnäçe görnüşini barlap gör. Çünki saňa birden köp maska gerek bolar.
► Iki ýaşdan kiçi çagalara maska geýmek maslahat berilmeýär.
#okyjydan
- 2404 gezek okalan