• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19: NÄDIP MASKA ÝASAMALY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

COVID-19: NÄDIP MASKA ÝASAMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

covid 2 nadip maska yasamaly 2 introMaska COVID-19 wirusyndan goranmaga kömek edýär.

Eger COVID-19 ýokuşan adam maska geýse, bu ol üsgüren, asgyran we gürlän mahaly howa ýaýrap biljek mikroblardan beýleki adamlary goraýar. Köplerde wirus ýokuşandygyna garamazdan, alamatlaryň belli bolmaýandygy sebäpli, köpçülikde maska geýmek COVID-19-yň ýaýramagyny haýalladýar.

Diňe maska geýmek seni we jemgyýetiňi COVID-19-dan goramak üçin ýeterlik däldir. Has netijeli goranmak üçin, maska geýmegiň ýany bilen adamlar bilen araňda 1 metr daşlyk saklamak, ýüzüňi ellemezlik we elleriňi ýygy-ýygydan ýuwmak möhümdir.

Matadan nädip maska ýasamaly

Maska 2 ýa-da 3 gat matadan bolsa, has gowy goraýar. Futbolka matasy ýa-da başga bir dykyz dokalan nah mata (ýagta tutanyňda aňyrsy görünmeýän) işiňize gowy ýarar. Esasy düzgün: Ýasalan maska burnuňy we agzyňy örtmeli, ýüzüňe ýakyn bolmaly, we rahat dem almagyňa päsgel bermeli däl.

Futbolkadan ýasalan tikinsiz maska

covid 2 nadip maska yasamaly 2 u1

1. Futbolkanyň aşagy tikilen ýerinden, suratdaky şekilde gyrkyp almaly.

2. Dört sany bagjygyň uzynlygy takmynan 30 sm (12 dýuým) we ini 3 sm (1 dýuým) bolmaly.

3. Gönüburçluk bölegiň ini 20 sm (8 dýuým) uzynlygy 35 sm (14 dýuým) bolmaly.

4. Eplenilenden soň, maskanyň ini 10 sm (4 dýuým) we uzynlygy 17,5 sm (7 dýuým) bolmaly.

Elýaglyk ýa-da bandanadan ýasalan tikinsiz maska

covid 2 nadip maska yasamaly 2 u2

Futbolkadan edilen maska ýaly goramasa-da, uly elýaglyk ýa-da bandanadan ýönekeý maska ýasap bolýar.

1. Elýaglygy/bandanany göni ortasyndan iki eple.

2. Soňra ýokarky we aşaky böleklerini orta eple.

3. Iki tarapyndan rezin halka ýa-da saç bagyny geçirip, iki ujuny orta eple.

4. Uçlary biri-biriniň içine sal.

5. Matany ýüzüňe Rezin halkalary gulagyň arkasyndan geçir. Soňra matanyň ýokarsyndan we aşagyndan çekip, burnuňy we eňegiňi doly ört.

Ýönekeý tikilen maska

covid 2 nadip maska yasamaly 2 u3

1. 25sm x 15sm (10 dýuým x 6 dýuým) edip, iki bölek mata kes.

2. Iki gat bolar ýaly edip, bir-biriniň üstüne goý.

3. Keseligine her tarapyny 1 sm (¼ dýuým) epläp tik.

4. Dikligine her tarapyny 1,5 sm (½ inç) epläp, arasyndan bagjyk ýa-da rezin geçer ýaly ýer goýup tik.

5. Uly iňňe ýa-da iňňebagjyk bilen her tarapdan bagjyklary ýa-da rezinleri geçir.

6. Soňra bagjyklary gulagyňdan geçirer ýaly halka görnüşde daň. Ýa-da olary bagjyk görnüşde kelläň arkasyndan daňylýan hem etse bolar.

Ulanylan WEB Salgy

  • 915 gezek okalan