Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

BSGG WE COVID-19

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (8 Ses)

saglyk logoJuly 15, 2020

Saglygyň Gadyrly Okyjysy,

Şu gün BSGG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň wekilýeti Türkmenistanda metbugat üçin brifing geçirdi. Brifingde BSGG/Ýewropa hünärmenleriniň Türkmenistana bolan missiýasynyň netijeleri aýan edildi. Duşuşykda missiýanyň ýolbaşçysy Dr. Katrin Smolwud, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiden Dr. Gurbangül Öwlýagulowa dagy çykyş etdiler we türkmenistanly hem-de halkara metbugatlaryň soraglaryna jogap berdiler.

Brifingde bellenilişine görä, BSGG-nyň Türkmenistana missiýasynyň netijeleri:

↪ Türkmenistanda henize çenli COVID-19 hadysasy hasaba alynmady.

↪ Ýurtda barha artýan pnewmoniýa hadysalary BSGG-ny aladalandyrýar.

↪ BSGG topary hökümete ýurtda COVID-19 bar ýaly hereket etmegi maslahat berýär.

BSGG-nyň ýurtda 10 gün geçirip, iň soňunda-da hökümetiň "bizde COVID-19 ýok" diýen sözüne goşulmasy bizi örän birahat etdi. Biz BSGG-nyň bu dezinformasiýasynyň hökümetiň hiç hili hereket etmezligine sebäp bolup, Türkmenistanda kösençligiň we heläkçiligiň dowam etmegine rugsat bermeginden howatyrlanýarys. BSGG Türkmenistana baranda Sowet döwründe döredilen protokola görä hereket etdi. BSGG Ministrligiň görkezmelerini soragsyz kabul etdi we diňe ýalpyldadyp goýlan, içi güler-ýüzli lukmanlar, näsaglar we gerekli enjamlar bilen bezelen, ýörite saýlanan hassahanalara aýlandy.

BSGG we hökümet Türkmenistandaky adatdan daşary jemgyýetçilik saglyk ýagdaýynyň ýüzüni örtmäge bile gatnaşýarlar. Biziň ýurtdaky COVID-19 ýagdaýlaryna gözegçiligimiz hem-de ministrligiň soňky bäş aýyň içinde ilata aýdyň maglumat bermezligi bu krizise dogry çäre görülmeýändiginden habar berýär. Saglygy goraýyş ministrligi dymmagyny dowam edýär we ilat bilen ýakyn aragatnaşyk etmeýär. BSGG hem ilata diňe ikuçly, umumylaşdyrylan, syýasy taýdan netijesiz jogaplary berýär. Bize ençeme adam "pnewmoniýa" däl-de, COVID-19 alamatlaryny başdan geçirýändiklerini habar berýärler. Olaryň içinde ys we tagam alşyny ýitirenler hem bar. Olar COVID-19 keselinden ejir çekýän bolmaly. Dr. Smolwud ýurtda pnewmoniýa hadysalarynyň köpelendigini boýun alsa-da, Dr. Öwlýagulowa ony inkär edip, hadysalaryň "adatdan daşary derejede köpelmedigini" aýdýar.

BSGG biziň ýalpyldadyp goýlan "türkmen öýümize" myhman hökmünde çagyryldy we hakykaty görmek üçin keçäniň aşagyna seretmedi. Ilat bolsa, wirus we epidemiologik ýagdaý hakynda hökümetden däl-de, gep-gürrüňlerden öwrenýär. Ýurtda COVID-19 barlagyndan nirelerde geçip bolýandygyny soraýanlaryňyz üçin Saglygy goraýyş ministrliginiň wekili Dr. Öwlýagulowanyň aýdyşy ýaly, 60,000 COVID-19 barlaglarynyň geçirilendigini bilmek gyzykly bolup biler. Emma bu barlaglaryň hiç hili netijesi ilat bilen paýlaşylmady. Ilat häzire çenli nirede barlagdan geçmelidiginden habarsyz we bu Saglykdan iň köp soralýan soraglaryň biri bolup galýar.

Bizi BSGG-nyň sözleri bilen hereketleriniň gabat gelmeýändigi örän gynandyrýar. Hökümet wekili Milli COVID-19 Maksatnamasynyň ilata elýeterdigini nygtaýar. Biz bir aý bäri Türkmenistandaky BSGG-dan we BMG-dan bu maksatnamany görkezmeklerini haýyş edip gelýäris. Bu maksatnama halka elýeter däl we biziň haýyşlarymyza diňe dymyşlyk bilen jogap berilýär.

Soňky bäş aýyň içinde biz Saglygy goraýyş ministrliginden we BSGG-dan ençeme jikme-jik soraglary sorap gelýäris. Biz soňky hatymyzy BSGG-a we birnäçe beýleki guramalara iýulyň 9-na ugratdyk. Biz BSGG bilen soňky email alyş-çalyşygymyzy size hem ýetirýäris. Görşüňiz ýaly, BSGG biz bilen paýlaşan maglumatlaryny Türkmenistanda 10 gün geçirmän hem aýdyp bilerdi.

Türkmenistanda wirusy, kösençligi we ölümçiligi duruzmak üçin seniň goşandyň möhümdir. Şu wagt sen öz saglygyň we jemgyýetiň saglygynyň aladasyny etmeli. Biz senden işimizi goldamagyňy we COVID-19 baradaky materiallarymyzy paýlaşmagyňy haýyş edýäris. Şeýle-de, täzelikleriň we soraglaryň bolsa bize ugrat. Bu bize ygtybarly maglumatlary köpçülige ýetirmäge kömek eder. Soraglaryňy we gaýgylaryňy Saglygy goraýyş ministrligine we Türkmenistandaky BSGG edarasyna hem ýetir we olardan gönümel we jogapkärli bolmagy haýyş et. Biz hem hökümetden we BSGG-dan ilat saglygyna we gelejegine degişli meselelerde ilatyň özüniň hem gatnaşdyrylmagyny soramagymyzy dowam ederis. Bize goşulmagyňy haýyş edýäris! 

Ak ýürekden,

Saglyk Topary

  • 1072 gezek okalan