• Makalalar
  • COVID-19
  • OKYJYDAN: MATADAN TIKILEN MASKALAR ÇYNDANAM PEÝDASYZMY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

OKYJYDAN: MATADAN TIKILEN MASKALAR ÇYNDANAM PEÝDASYZMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (11 Ses)

mata maska toslamalary 1

Soňky günlerde birnäçe meşhur türkmen Instagram we beýleki sosial mediýa platformalarynda ýokardaky surat paýlaşyldy we ilat arasynda giňden ýaýradyldy. Suratda hiç hili çeşme görkezilmändigi sebäpli, okyjylarymyzyň köpüsi bizden onuň ygtybarlylygy hakynda soradylar. Biz bu suraty "Google Images" arkaly gözledik we ony ygtybarly çeşmelerden tapyp bilmedik. Barlag-idegden soňra, ol surat "ýarym ýalan" diýen netijä geldik.

Görşüňiz ýaly, suratda maskanyň 6 görnüşi ýerleşdirilen we hersiniň aşagynda netijelilik derejesi görkezilen. Ýokarky setirdäki 3 maskanyň (N95, hirurgik maska we FFP1) wirusdan ýokary derejede gorap bilýändigi ýazlan. Ol 3 maskany esasan hassahanalarda näsaglar bilen işleşýän saglyk işgärlerine dakynmak maslahat berilýär. Ýöne gynansakda, N95, hirurgik, FFP1 maskalary adaty adama elýeterli bolmaýar we olary tapmak hem kyn bolýar. BSGG saglyk işgärleri üçin maska gytçylygy döremez ýaly, adaty ilata olary satyn almazlygy maslahat berýär.

Onda bu surat nireden gelip çykýar?

Suratyň asyl çeşmesi şu web sahypa ekeni. Ol websaýt özüni Dr. Jockers diýip atlandyrýan, ygtybarlylygy we netijeliligi näbelli bolan serişdeleri "saglyga peýdaly" diýip satýan lukmana degişli ekeni. Saýtda Dr. David Jockersiň tebigy lukmançylyk bilen meşgullanýandygy aýdylýar. Emma, sahypanyň iň aşagynda maglumatlaryň ABŞ-nyň Iýmit we Derman Administrasiýasy (FDA) ýa-da başga hiç bir lukmançylyk guramasy tarapyndan tassyklanylmadykdygy bellenilýär.

Biz bu lukmanyň maskalar hakyndaky makalasyndan birgiden nädogry maglumatlary tapdyk. Olary gysgaça düşündirmegi makul bildik.

Dr. Jockers: "Mata maskalary howany filtrläp bilmeýärler. Wiruslaryň göwrüminiň gaty kiçi bolany üçin, olar mata maskalaryndan arkaýyn geçip bilýär we olardan goranmakda mata maskalarynyň hiç hili ähmiýeti ýok. Wirusa garşy ýeketäk kömek etjek maskalar – N95, hirurgik maskalar we FFP1".

Derňewiň netijesi: Ilat arasynda iň köp dakynylýan we tapylmasy aňsat bolan maska matadan tikilen maskalardyr. ABŞ-nyň döwlet saglyk guramasy bolan CDC (Keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi), adamlara köpçülik ýerlerinde we bir öýde ýaşamaýan adamlaryň töwereginde, esasanam fiziki daşlygy saklamak kyn bolan mahaly, mata maskalaryny geýmegi maslahat berýär. Matadan we futbolkadan tikilen maskalar size tarap gelýän aerozol damjalarynyň deň ýarysyna böwet bolup bilýär. BSGG-nyň aýtmagyna görä, matadan tikilen örtükler iň azyndan 3 gatly bolmalydyr.

mata maska toslamalary 2

Dr. Jockers: "Wiruslaryň ýaýramasynyň öňüni almakda hem mata maskalary düýbünden peýdasyzdyr. Howasy hapa ýerlerden başga ýerde meniň özüm maska dakynmaýaryn we sagdyn adamlara dakynmagy maslahat bermeýärin".

Derňewiň netijesi: COVID-19 bilen kesellän adamlara wirusy başgalara ýokuşdyrmaz ýaly, mata örtük geýmegi CDC we BSGG maslahat berýärler. Elbetde, mata örtükler N95 we beýleki hirurgik maskalaryň derejesinde däl. Emma keselli adam üsgürmek, asgyrmak ýa-da gürleşmek arkaly wirusly damjalary howa goýberip bilýär. Şol howadan dem alýan adamlary goramak üçin hem, ýönekeý böwet hökmünde mata örtükleri geýmek maslahat berilýär. Keseli alamatsyz geçirýän adamlaryň bilmezden wirusy başgalara ýokuşdyrmagynyň öňüni almak üçin hem, köpçülik ýerlerinde hemmeleriň maska dakynmagy wirusyň ýaýramagyny azaltmakda uly peýda berýär.

Dr. Jockers: "Adamlar öz immun ulgamlaryny güýçlendirmeli we maksimum kislorod almak üçin öýkeni dolduryp dem almaly. Örtük dakynmak adamlara ýeterlik derejede kisloroddan dem almaga böwet bolýar we netijede immunitet zaýalanýar. Eger örtügi 45 minutdan köp dakynsaňyz, içiňizdäki patogenleri artdyryp bilýär".

Derňewiň netijesi: BSGG-nyň bellemegine görä, maska dakynmak ýeterlik derejede kisloroddan dem almaga böwet bolmaýar! Lukmanlar hassahanada uzakly gün maskaly işleýärler. Köpçülik ýerlerinde hemme kişä maska dakynmak BSSG we CDC tarapyndan maslahat berilýär.

Bu web sahypadaky ýaly ýalňyş maglumatlaryň ýaýradylmagy ilkinji gezek bolup geçmedi. Amerikanyň Iýmit we derman administrasiýasy (FDA) maý aýynda bu saýta duýduryş berdi. Duýduryşda, saýtda COVID-19 üçin satylýan witaminleriň tassyklanylmadyk we satylmasy gadagan serişdelerdigi bellenilýär we olary satmagy bes etmek duýdurylýar.

Jemläp aýtsak, ýokarky suratlary paýlaşmak jemgyýet saglygyna zyýanly bolup biler we ilata СOVID-19 barada ýalňyş maglumat berip, olaryň maska geýmezligine eltip biler. Pandemiýa döwründe maska geýmegiň wirusdan goranmakda we ýaýramagynyň öňüni almakda orny örän uludyr. Hökman maska geý! Islendik täze maglumaty paýlaşmazdan we "like" goýmazdan ozal, sägin, pikirlen, çeşmesini barla we ygtybarlylygyna göz ýetir.

  • 1391 gezek okalan