Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
OKYJYDAN: NÄME ÜÇIN 2 ÝAŞDAN KIÇI ÇAGALARA MASKA GEÝMEK MASLAHAT BERILMEÝÄR?
COVID-19 keselinden goranmak üçin, köpçülik ýerlerinde hemme kişä maska geýmek BSGG tarapyndan maslahat berilýär. Biz BSGG-nyň websaýtyndan 2 ýaşdan kiçi çagalaryň maska geýmegi babatynda hiç hili maglumat tapyp bilmedik.
ABŞ-nyň Keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi (CDC) 2 ýaşdan kiçi çagalara maskanyň hiç bir görnüşini geýmegi maslahat bermeýär. Onuň sebäpleri:
► 2 ýaşdan kiçiler maska geýende, ýeterlik howa alyp bilmän, demigip bilýärler.
► Eger çaga maska geýende demikse ýa-da yssylasa, ony ene-atasyna düşündirmekde kynçylyk çeker we maskany özbaşdak çykarmakda kösenip biler.
► 2 ýaşdan ulularyň we gartaşan adamlaryň hem, dem almakda ýa-da maskany özbaşdak çykarmakda kynçylyk çekýänlerine maska geýmek maslahat berilmeýär.
► Ýaponiýanyň Pediatrik Assosiasiýasy ene-atalara bäbeklerine maska dakmazlygy maslahat berýär. Sebäbi maskaly wagty çaganyň ýüzüniň reňkine, görnüşine we deminiň üýtgemegine üns bermek kyn bolýar.
► Çagalaryň dem alyş ýollarynyň dar bolany üçin, maskalar dem almagy kynlaşdyryp, öýkene agram salyp bilýär.
► Esasan hem, ýaş çagalar maskanyň arkasynda gaýtarsa, olara demikmek howpy abanýar.
► Şeýle-de, maskanyň bäbekleriň ýüzüni ýyly saklaýandygy üçin, yssy urmak howpy ýokarlanýar.
- 1905 gezek okalan