• Makalalar
  • COVID-19
  • OKYJYDAN: KORONAWIRUSY GEÇIRENIŇDEN SOŇRA NÄDIP AÝAGA GALMAK BARADA MAGLUMAT BARMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OKYJYDAN: KORONAWIRUSY GEÇIRENIŇDEN SOŇRA NÄDIP AÝAGA GALMAK BARADA MAGLUMAT BARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

recovery after covid 19Okyjydan: Salam, size bir soragym bar. Sizde koronawirusy geçireniňden soňra nädip aýaga galmak barada makala ýa-da maglumat barmy? Aýdaly, gartaşan aýal wirus bilen keselledi we doly gutuldy. Emma ol öňküsi ýaly ýöräp bilmeýär. Ol myşsalaryny nädip täzeden dikeltmeli?

Hormatly okyjy,

COVID-19 bejeriş döwründe ýeterlik derejede fiziki hereketiň edilmeýändigi we köp wagty ýatyp geçirilýändigi sebäpli, näsagda myşsalaryň atrofiýasy (öýjükleriň gowşamagy we ölmegi) döräp bilýär. Statistika görä, COVID-19 näsaglar hassahanada ortaça 14 gün galýarlar.

Diňe bir hepdäniň dowamynda näsag myşsa güýjüniň 12%-ini ýitirip biler. Munuň esasy sebäbi hereketiň azlygy bolsa-da, käbir täze barlaglar koronawirusyň myşsa öýjüklerine zeper ýetirip bilmeginiň mümkindigini görkezdi.

COVID-19-yň alamatlarynyň içine umumy beden gowşaklygy, ýadawlyk, gyzzyrma, demgysma we gündelik işleri ýerine ýetirmekde kynçylyklar girýär. Bu fiziki näsazlyklar başdan geçirilende, adamyň psihikasyna ýaramaz täsir edýän stresler döräp biler. Gorky we depressiýa beden saglygyna täsir edip biler. Şonuň üçin hem, maşklar we hereketler COVID-19-dan dikeldiş işinde möhüm rol oýnaýar. Hereket bedeni bejerýär, ruhy, psihikany dikeldýär we duýgulary köşeşdirmäge ýardam edýär. Johns Hopkins Uniwersitetiniň lukmanlary COVID-19-dan dikeliş döwründe birnäçe öý maşklaryny (suratlary bilen bile) maslahat berýär:

Adam Hereketiniň Bäş Gatlagy:

1. Uludan dem almak.

Öýkenleri howadan dolduryp, uludan dem almaly. Eger hassa agyr ýagdaýda bolsa, ýatan ýerinde arkan we ýüzin dem almaly we ýuwaşşadan oturyp dem almaga synanyşmaly.

2. Westibulýar (duýgur) ulgamyny oýandyrmak.

Kelläni we gözleri hereketlendirip, westibulýar ulgamyny oýandyrmaly. Ol ulgam beden deňagramlylygyny hem-de eşidiş we görüş duýgularyny dolandyrýar. Oturyp ýokaryk we aşak, saga we çepe seretmeli.

3. Bedeniňi hereketlendirmek.

Gezelenç ýa-da pyýada gezmelemek ýaly maşklar bilen meşgullanmak aňy hem-de bedeni güýçlendirýär. Daşary çykanyňda hemişe başgalar bilen araňda 1 metr daşlyk saklamaly, maska dakynmaly we elleriňi gezelençden öň we soň sabyn bilen ýuwmaly.

4. Güýç toplamak.

Eger yzygiderli hereket etmeýän bolsaň, ýöremek we ýeňil maşklar ýaly, pes depginli hereketler bilen başla. Meselem, ilki 5-10 minutlyk hereketlerden başlap, birnäçe hepdäniň dowamynda kem-kemden 30 minut ýa-da ondan uzaga ýetirmeli.

5. Çydamlylygy artdyrmak.

Maşklaryň kömegi bilen, fiziki işjeňlige bolan çydamlylygy ýokarlandyrmaly.

Eger-de gyzzyrýan bolsaň, dynç alanyňda demiň gysýan bolsa ýa-da dem almakda kynçylyk çekýän bolsaň, döşüňde agyry ýa-da sarsma bar bolsa, aýaklaryňda çiş dörese maşk etme.

Bu alamatlaryň birini duýsaň, derrew maşk etmegi bes et: baş aýlanma, dem alşyň adaty ýagdaýdan has çaltlaşmagy, döş agyry, bedeniň sowamagy, aşa ýadawlyk, ýürek urmasynyň tertipsizligi.

  • 1452 gezek okalan