Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
COVID-19 SANJYMY HEM MÖWSÜMLEÝIN DÜMEWIŇ SANJYMY ÝALY YGTYBARSYZ BOLARMY?
COVID-19 bilen möwsümleýin dümewiň käbir alamatlarynyň meňzeşligine garamazdan, sanjyma (waksina) gezek gelende olar biri-birinden tapawutlydyr.
Dümew wirusynyň çalt özgerýändigi sebäpli, möwsümleýin dümew sanjymlarynyň netijeliligi üýtgedi (soňky ýyllarda 10–60%). Eger-de COVID-19 sanjymy wirus kän özgermänkä oýlap tapylsa, onda dümew sanjymyndaky ýaly pes netijelilik COVID-19 üçin uly mesele bolmaz.
Emma welin, häzire çenli adamyň immun ulgamy koronawirus bilen güýçli we uzak göreşip bilmedi. Şonuň üçin-de, dümew sanjymy ýaly, COVID-19 sanjymynyň hem her ýyl gerek bolmagy ahmal. Dümew sanjymyny her ýyl almagymyzyň sebäbi dümew wirusynyň her ýyl özgermegidir. SARS-CoV-2 sanjymyny her ýyl almaly bolup biljegimiziň sebäbi bolsa, wirusa garşy immunitetimiziň tiz gowşamagydyr.
- 1759 gezek okalan