• Makalalar
  • COVID-19
  • ÇAGALAR WE COVID-19

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇAGALAR WE COVID-19

  • Super User
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 and childrenSARS-CoV-2 wirusy ýokuşan ýaş çagalar, hatda kän alamatlary bildirmese-de, burun deşiklerinde köp mukdarda ýaýraýjy RNK (wirusyň genetik maglumatlaryny saklaýjy kislota) göterýärler. Bu bolsa çagalaryň hem COVID-19-y ulular ýaly aňsat ýaýradyp bilýändiginden habar berýär.

Ulular bilen deňeşdireniňde, 5 ýaşdan kiçi çagalaryň ýokarky dem alyş ýollarynda ýaýraýjy RNK-nyň deň ýa-da has köp mukdary saklanýar. Ýagny, ulularyňkydan 10-100 esse köp bolup bilýär. (Çikagonyň Lurie Çagalar Hassahanasynyň ylmy-barlagçylary)

Şeýle-de bolsa, bu ylmy barlag çagalaryň wirusy ýaýradýandygyny subut etmeýär. Bu barlag diňe çagalaryň wirusy ýokuşdyrmakda oýnaýan roly barada möhüm maglumat berýär. 145 adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu ylmy barlag göwrümi boýunça kiçi hem bolsa, onuň netijeleri Germaniýada we Fransiýada geçirilen barlaglaryň netijelerine gabat gelýär.

  • 760 gezek okalan