• Makalalar
  • COVID-19
  • RUSSIÝANYŇ GYSSAGLY ÇYKARAN WAKSINASY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

RUSSIÝANYŇ GYSSAGLY ÇYKARAN WAKSINASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Russian sputnikVPrezident Wladimir Putin Russiýa dünýäde ilkinji bolup koronawirusa garşy waksinasyny bellige alandygyny aýtdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19 garşy sanjymyň hasaba alynmagy barada Moskwa bilen maslahatlaşýar. Kliniki Barlaglar Guramalarynyň Assosiasiýasy Russiýada koronawirusa garşy işlenip düzülen ilkinji sanjymyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny kliniki synaglarynyň üçünji tapgyryny üstünlikli tamamlanýança yza süýşürilmelidigini aýtdy. Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko anna güni rus sanjymynyň tankyt edilmeginiň "gözleglerden has köp maglumat almalydygy" bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. "Ýakyn günlerde, mümkin duşenbe gününe çenli, kliniki gözlegler baradaky maglumatlar çap ediler" diýdi.

Russiýada geçirilen pikir soraşyk lukmanlaryň koronawirus waksinasyna ynamsyzdygyny görkezýär. Lukmanlar Gamaleýa merkezinde döredilen sanjymyň netijeliligi ýeterlik derejede subut edilmedi diýip hasaplaýar.

AP News habarlar gullugy Russiýanyň ýaňy-ýakynda COVID-19 waksinasyny (sanjymyny) taýýarlandygyny habar berýär. Emma bu waksinanyň heniz diňe barlaglaryň 3-nji tapgyryndadygy beýleki ýurtlary aladalandyrýar.

Prezident Wladimir Putin Moskwanyň Gamaleýa Instituty tarapyndan taýýarlanan waksinanyň howpsuzdygyny nygtaýar. Putiniň öz gyzlarynyň biri hem waksinany sançdyryp görüpdir.

Emma welin, adatça birnäçe aý alýan 3-nji tapgyr barlaglaryny gysga wagtda geçirmek ýaramaz netijeleri berip bilýär. Awgustyň başyna çenli 100-den köp adamyň resmi taýdan waksinany sançdyrandygyny Kliniki Barlaglar Guramalarynyň Assosiasiýasy (the Association of Clinical Trials Organizations, AСTO) saglyk ministrligine ýazan hatynda belleýär.

Şeýle-de, alymlar Russiýanyň hereketleriniň halkara neşirýat standartlaryny laýyk gelmeýändigini soraga çekýärler. Çünki Russiýa waksinanyň 2-nji tapgyr barlaglarynyň netijelerini resenzirlenen (syn ýazylan) žurnalda çap etmedi.

"Näme üçin ähli korporasiýalar düzgünlere görä hereket edýärler, emma Russiýaňkylar etmeýär? Kliniki barlaglary geçirmegiň düzgünleri örän anyk we berk düzülen ahyry. Munuň ‘daşy jäjek, içi möjek’ ýaly görünýär. Biz halkara derejede tassyklanmadyk waksinany aljak adamlara näme boljagyny bilmeýäris" diýip, ACTO-nyň ýerine ýetiriji müdiri Swetlana Zawidowa belleýär.

Washington Post habarlar gullugy bu barada şeýle diýýär: Russiýanyň waksina çykarmakda birinjilige çapmagy onuň islendik ýaryşda her zat edip birinji ýeri eýelemäge bolan isleginden gaýdýar. Meselem, 1957-nji ýylda Sowet Soýuzy ilkinji bolup Sputnik V emeli hemrasyny äleme uçurdy we global älem ýaryşyny başlatdy.

  • 1724 gezek okalan