Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
WAKSINA ÝARYŞY: “BIRINJI ÇYKARANYŇKY IŇ GOWUSY” DIÝMEGI AŇLATMAÝAR
"Koronawirusa garşy waksina çykarmak ýaryşynyň global derejede tizleşmegi hili pes waksinalaryň çykarylmagyna eltip biler" diýip, alymlar duýdurýarlar.
Oksford professory we BSGG maslahatçysy Riçard Peto şeýle belleýär: "Ilkinji waksinany çykarmak üçin milletçilik we kapitalistik taýdan gyssanmak beýleki waksinalara baha bermegi has hem kynlaşdyrar. Çünki, hatda ilkinji waksinanyň netijeliligi pes çyksa-da, ony bütin dünýä satyn alar we ulanar".
BSGG-nyň “Solidarity” waksina barlaglarynyň ekspertler topary waksinanyň azyndan 30-50% netijeliliginiň bolmalydygyny belleýärler.
Şeýle-de, alymlar Russiýada we Hytaýda ýasalýan waksinalaryň umumy wirus (5-nji tipli adenowirus ýa-da Ad5) esasynda taýýarlanandygy üçin täsiriniň pes bolup biljekdigini nygtaýarlar.
"Ad5 wirusy meni aladalandyrýar, sebäbi köp adamyň immuniteti bar. Men olaryň nähili strategiýalarynyň bardygyny bilmeýärin... belki waksinanyň netijeliligi 70% bolmaz. Belki diňe 40% bolar, ýöne has gowusy tapylýança, şol hem hiç zatdan gowy" diýip, John Hopkinsdäki waksina ylmy-barlagçy Anna Durbin belleýär.
- 687 gezek okalan