• Makalalar
  • COVID-19
  • AEROZOL GEÇIRIJILERI BARADA HAS KÖP SUBUTNAMA TAPYLDY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AEROZOL GEÇIRIJILERI BARADA HAS KÖP SUBUTNAMA TAPYLDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

covid 19 wentilyasiya wajyplygyÝokanç keselleriň iki sany kliniki barlaglary COVID-19-yň respirator damjalarynyň ýa-da wirus düşen ýerleriň üsti bilen däl-de, esasan aerozol (howada gaýýan) geçirijiler arkaly ýokuşýandygyny görkezdi.

Ylmy barlaglar wentilýasiýanyň wajypdygyny nygtaýarlar

Hytaýly ylmy-barlagçylar SARS-CoV-2 wirusynyň RNK bölejikleriniň iň köp pozitiw çykan möçberine içe sorulan demiň nusgalarynda duş geldiler. Bu wirusyň düşen ýerlerinden alnan nusgalardan 20% köpdür. Dem nusgalarynyň 26.9% pozitiw çykypdyr. Emma howadan alnan nusgalaryň diňe 3.8% we wirusyň düşen ýerlerinden alnan nusgalaryň 5.4% pozitiw çykýar.

Başga bir ylmy barlagda hem, Niderlandiýaly ylmy-barlagçylar wentilýasiýa ulgamynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçýärler. Olar muňa mysal hökmünde, otaglaryň ýygy-ýygydan howalandyrylmandygy sebäpli COVID-19-yň tiz ýaýran garrylar öýüni görkezýärler.

  • 1268 gezek okalan