• Makalalar
  • COVID-19
  • SORAGLAR WE JOGAPLAR: MEKDEPLER WE COVID-19

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SORAGLAR WE JOGAPLAR: MEKDEPLER WE COVID-19

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 we mekdeplerBütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Maslahatlary

COVID-19 uly ýaşlylara garanda, çagalara az howp salýarmy?

Ululara garanda wirusyň çagalara ýokuşmagy seýrek bellige alynýar we çagalar esasan bu keseli ýeňil geçirýärler. BSSG-a gelip gowuşýan maglumatlara görä, 18 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler bellige alnan hadysalaryň 1%-3% tutýarlar. Şol bir wagtyň özünde, bu ýaş topary dünýäniň ilatynyň 29% deňdir. 

Çagalarda bu kesel seýrek duş gelse-de, olar mekdepde we jemgyýetçilik ýerlerinde bir-birlerine has köp ýakynlaşagan bolýarlar. Häzirki wagtda çagalarda ýokuşma töwekgelçiligini kesgitlemek we ýokuşmanyň aýratynlyklaryny anyklamak üçin düýpli barlaglar geçirilýär.

Hroniki keselli (demgysma, süýjülik, aşa semizlik) çagalaryň mekdebe gatnap okamasy hökmanmy?

Soňky maglumatlara görä, öňden dem alyş ýollarynyň hroniki keselleri, aşa semizlik, süýji keseli ýa-da rak ýaly keselçilikleri bolan adamlaryň, sagdyn adamlara garanda COVID-19-y agyr geçirme we ölme howpy ýokarydyr. Çagalarda-da ýagdaý şeýle bolmaga çemeli, emma muny has içgin öwrenmek gerek.

Hroniki keselli mugallymlaryň we beýleki işgärleriň mekdebe gatnap işlemegi hökmanmy?

Saglyk kemçilikleri bolan, 60 ýaşdan uly adamlarda keseliň agyr geçme we ölüme eltme howpy ýokarydyr. Mekdeplerde okatmagy dowam etdirmek kararyna gelnende, aýry-aýry ýagdaýlary, keseliň ösüş tendensiýasyny we infeksiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäreleri göz öňünde tutmaly.

Infeksiýanyň inkubasiýa döwri çagalarda näçe wagt dowam edýär?

Inkubasiýa döwri çagalarda we ulularda birmeňzeşdir. COVID-19 ýokuşan gününden başlap, alamatlar ýüze çykýança adatça 5-6 gün, we umuman 1-14 gün wagt alýar.

Mekdeplerde ýokuşmagyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça nähili çäreler alyp barmaly?

Mekdeplerde çagalaryň we işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin käbir çäreleri we talaplary seljermeli we soňundan olary durmuşa geçirmeli.

BSSG şu çäreleri maslahat berýär:

Özüňi alyp baryş meselesi. Okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryny, şeýle hem olaryň çärelere düşünmek we ýerine ýetirmek ukybyny göz öňünde tutmaly. Daş-töweregindäkiler bilen howpsuz aralyk saklamak ýa-da maskalary ýerlikli ulanmak kiçi ýaşly çagalar üçin has hem kyn bolup biler.

Fiziki we umumy howpsuzlyk meseleleri. Mekdepleriň ýapylmagy ýa-da açylmagy okuwçylaryň howpsuzlygyna täsir edip bilýär. Şeýle-de, has ejiz çagalara goşmaça kömek gerek bolmagy mümkin, diýeliň, ulaga münende ýa-da düşende.

Mekdeplerde arassaçylyk we gündelik işleri. Infeksiýanyň çeşmesi bilen galtaşma howpuny azaltmak üçin el arassaçylygyny we otaglary arassalaýyş çärelerini ýola goýmaly. Mekdeplerde işgärler we okuwçylar üçin okuwlar geçirilmeli, gündelik arassaçylygy meýilleşdirmeli, el arassalaýjy serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmeli we maskalary ulanmak boýunça milli ýa-da ýerli görkezmeleri yzarlamaly.

Okuwçylaryň, mugallymlaryň ýa-da beýleki işgärleriň arasynda kesellänler ýüze çykarylan ýagdaýynda barlag we proseduralar. Mekdeplerde "kesellän ýagdaýyňda, öýde gal" ýörelgesiniň berjaý edilmegini üpjün etmek; lukmançylyk şahadatnamasyny talap etmezlik; COVID-19 epidemiologik ýagdaýa görä, mekdebe baryp-barmazlyk meselesinde paýhasly netijä gelmekleri üçin ene-atalara/okuwçylara/işgärlere goldaw bermek; we mekdebiň girelgesinde barlag nokatlaryny üpjün etmek.

Ene-atalar we okuwçylar bilen aragatnaşyk saklamak. Özara hyzmatdaşlyk we goldaw ruhunda hereket etmek üçin, mekdepler okuwçylary we ene-atalary görülýän çärelerden habarly etmeli.

Mekdeplerde sanjymlaryň edilendigi we tapgyrlaýyn sanjym programmalarynyň bar-ýoklugyny barlamak ýaly goşmaça çäreler geçirmek. Mekdep okuwçylary üçin iýmitlenmek we psihologik we psihososial goldawy bermek ýaly sosial taýdan möhüm hyzmatlaryň üznüksiz ýa-da has giňişleýin üpjün edilmegini gazanmak.

Howpsuz aralygy saklamak. Mekdebiň çäginde we otaglarda adamlaryň arasynda howpsuz aralyk azyndan bir metr bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde, dürli synp okuwçylarynyň ýa-da dürli ýaş toparlaryna degişli çagalaryň bile galmagyny çäklendirip, dynç alyşa, arakesmä we günortanlyk naharyna gitmek üçin aýratyn guramaçylygy ýola goýmaly.

Distansion okuw. Mümkin boldugynda, distansion (daşdan) okatmagyň dürli görnüşlerini durmuşa geçirmeli. Meselem, ýumuşlary öýe ibermek, radioda ýa-da telewideniýede göni ýaýlymda sapak bermek we ýumuşlar barlananda maslahat bermek kömegini ýola goýmaly.

BSSG mekdeplerde işgärlere we çagalara maska ​​geýmegi maslahat berýärmi? Şeýle bolsa, nähili maskalary?

Maska ulanmak karary ýokuşma töwekgelçiliginiň derejesine baglydyr. Mysal üçin, COVID-19 ýokuşmasy jemgyýetde nähili derejede ýaýran? Mekdepde azyndan bir metr howpsuz aralygy saklamak mümkinmi? Okuwçylaryň ýa-da mugallymlaryň haýsydyr birinde hroniki kesel barmy?

Mekdepleri ýelejiretmek ýa-da kondisioner ulgamlaryny ulanmak boýunça anyk teklipler barmy?

Mümkin boldugyndan, binalarda tebigy ýagdaýda arassa howa çalşygyny üpjün etmeli. Howany kondisionerler arkaly arassalamak zerur bolan ýagdaýynda, öndürijiniň görkezmesine laýyklykda, süzgüçler we howa kanallary yzygiderli arassalanmaly we çalşylmaly. Ýyladyş we sowadyş ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmeli.

Çeşme: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy

  • 1378 gezek okalan