• Makalalar
  • COVID-19
  • AÇ-AÇANLYGA BIL BAGLAMAŇ

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÇ-AÇANLYGA BIL BAGLAMAŇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

ac acanlyga bil baglamaGlobal derejede ýaýraýan kesellere gözegçilik ulgamy (meselem BSGG guramasy) ýurtlaryň berýän hasabatlaryna garaşly bolup durýarmy? Hasabat bermegi nädip güýçlendirip bolar?

Global jemgyýet ýurtlaryň öz serhetleriniň çäklerinde döreýän keseller barada aç-açan habar bermegine bil baglaýar. Emma welin, ýurtlar beýle maglumatlary paýlaşmazlyga ýykgyn edýärler.

2005-nji ýylda Halkara Saglyk Regulýasiýasy (International Health Regulations) ýurtlarda halkara derejede ýaýrap biljek kesel dörän ýagdaýynda oňa gözegçilik etmegiň we haýal etmän bütin dünýä habar bermegiň düzgünlerini döretdi. Emma bu düzgünleriň berjaý edilmegini talap etmek uly mesele bolup galýar. Halkara ylalaşyklaryň kemçilikleri sebäpli, ýurtlarda habar beriş mümkinçilikleri we gözegçilik çäreleri üçin maliýe serişdeleri ýetmezçilik edýär.

Ýurtlaryň habar beriş ulgamynyň gowşak bolmagynyň ýene bir sebäbi hem, keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilýän söwda we syýahat çäklendirmeleridir. Beýle çäklendirmeleriň deregine, halkara jemgyýet keselçilige sezewar bolan ýurtlara keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin kömek teklip etmeli.

Şeýle-de, biz mediýany we resmi däl habar çeşmelerini ulanmak arkaly, ýurtlaryň çykarýan resmi habarlarynyň ygtybarlylygyny barlamaly.

  • 1643 gezek okalan