Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
BSGG REMDESIWIR WE BEÝLEKI DERMANLARDAN UMYDYNY ÜZÝÄR
BSGG-nyň geçiren ylmy barlaglaryna görä, remdesiwir we beýleki bejergiler COVID-19 näsaglaryny ölümden halas etmekde, olaryň hassahanadaky wagtlaryny azaltmakda, ýa-da olary dem alyş wentilýatoryny ulanmakdan alyp galmakda hiç hili peýda bermeýär diýen ýaly.
11300 sany hassahana düşen näsaglaryň gatnaşmagynda 30 döwletde geçirilen ylmy-barlagyň netijeleri gidroksihlorohin, lopinawir / ritonawir, interferon, we remdesiwir dermanlarynyň täsiriniň ujypsyzdygyny görkezdi. Emma, heniz bu barlag resenzirlenmedi (syn ýazylmady).
Barlagdan esasy bellikler:
↪ Barlagyň netijeleri ABŞ-ny gynandyrýar. Çünki remdesiwir COVID-19-y bejermek üçin ABŞ-da ulanmaga rugsat berlen ýeketäk antiwirus dermany. Emma, Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Peter Çin-Hoň barlagyň saglyk ulgamlary biri-birinden tapawutly ýurtlarda geçirilmegi "täsirlerini öwrenmesi kyn bolan durnuksyz bejergi protokollarynyň döremegine sebäp bolup biler" diýip belleýär.
↪ Remdesiwiri ýasaýan Gilead kompaniýasy barlagyň ygtybarlylygyna şübhelenýär. Kompaniýa netijeleriň durnuksyz hem-de biwagt alnandygyny aýdyp, remdesiwiriň peýdalaryny tassyklaýan ylmy-barlaglaryň bardygyny belleýär.
↪ Science žurnalynyň işgäri Kai Kupferşmit bolsa, öz twitinde şeýle belleýär "Gilead kompaniýasynyň barlagyň netijelerini göreninden soňra, Ýewropa Bileleşigi bilen remdesiwir satmak barada şertnama baglaşmagy birnäçe sorag döredýär".
- 1666 gezek okalan