Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
COVID-19 WAKSINASYNYŇ BARLAGLARY NÄDIP GEÇIRILÝÄR WE GATNAŞYJYLARYŇ HOWPSUZLYGY NÄDIP ÜPJÜN EDILÝÄR?
Waksina barlaglarynda töwekgelçilik örän az bolýar, sebäbi olar sagdyn adamlara berilýär. Emma rak ýaly keselleriň bejergileri barlanylanda töwekgelçilik has uly bolýar, çünki olar näsag adamlarda barlanylýar.
Ähli waksinalar ilki haýwanlarda barlanylýar, ýöne bu adamlarda hem anyk şeýle netije berjekdigini aňlatmaýar. Soňra, waksina müňlerçe adamda barlanylýar. Barlagyň dowamynda gatnaşyjylaryň özlerini gorap saklamagy üçin barlagçylar olary ähli zerur maglumatlar bilen üpjün etmäge borçludyrlar. COVID-19 waksina barlaglarynda gatnaşyjylara ýa plasebo ýa-da hakyky waksina berilýär we olaryň simptomlaryna gözegçilik edilýär. Barlaglar adamlarda üstünlikli geçeninden soňra, waksinany ulanyp başlamak üçin ygtyýarnama alynýar.
Häzirki barlaglarda gatnaşyjylara bilkastlaýyn COVID-19 wirusy ýokuşdyrylmaýar. Gatnaşyjylara ýörite wirus ýokuşdyrylyp geçirilýän barlaglar käwagt çalt netije görkezýän hem bolsa, heniz COVID-19 üçin ygtybarly bejergi ýokka, beýle barlaglary geçirmek uly töwekgelçilik döreder.
- 1504 gezek okalan