• Makalalar
  • COVID-19
  • TÄSIRLILIK BILEN NETIJELILIGI GARYŞDYRMALY DÄL

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄSIRLILIK BILEN NETIJELILIGI GARYŞDYRMALY DÄL

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

tasirlilik we netijelilikTäsirlilik bilen netijeliligiň tapawudy näme?

Täsirlilik (iňlisçe: efficacy) – bu waksinanyň BERK gözegçilikde saklanýan barlag döwründe görkezýän peýdalylyk derejesidir. Bu ýagdaýda hemme zat ýerbe-ýer bolup geçýär.

Netijelilik (iňlisçe: effectiveness) – bu waksinanyň hakyky durmuşda ulanylanda görkezýän üstünlik derejesidir. Bu ýagdaýda ençeme ýalňyşlyklar bolup geçip bilýär.

Meselem: Pfizer aslyýetinde COVID-19 üçin çykaran waksinasynyň täsirliligi barada habar berdi, netijeliligi barada däl. Çünki waksina heniz hem kliniki barlaglaryň 3-nji tapgyryndady. Eger bu waksina adamlarda ulanylmaga rugsat berilse, onda onuň 90% netijeli bolmazlygy gaty ahmal (sebäbi hakyky durmuşda garaşylmadyk zatlar köp bolup geçýär).

Jemläp aýtsak: adatça netijelilik täsirlilikden pes bolýar.

Bir ýyl dümew waksinasy kliniki barlaglarda 58% täsirlilik görkezdi, emma hakyky durmuşda ulanylyp başlananda, onuň diňe 52% netije berýändigi aýan boldy.

Pfizer waksinasy barada hem entek has köp maglumat ýygnamaly. Soňra, jemgyýetçilik saglyk hünärmenleri ony dürli ýerlere nädip ýaýratmak barada maslahatlaşmaly. Pfizer habarlaryndan ugur alsak, häzirlikçe ähli zat dogry ýoldan barýar.

  • 1467 gezek okalan