• Makalalar
  • COVID-19
  • HRONIKI STRES MAZAŇY BOZÝARMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HRONIKI STRES MAZAŇY BOZÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

hroniki stresSaglyk hünärmenleriniň bellemegine görä, pandemiýa döwründe güýçli stresi dowamly başdan geçirmek, hatda sagdyn adamlarda hem fiziologik näsazlyklara eltip bilýär. Bu döwürde koronawirus bilen kesellemeseň hem, stres sebäpli özüňi näsag duýmak mümkindir.

Pandemiýa döwründe koronawirus ýokuşmadyk adamlaryň hem ençemesi özlerinde öň ýok bolan keselleriň alamatlary bilen lukmana ýüz tutup başladylar. Olaryň arasynda: güýçli kelleagyry, petdeläp saç dökülmeleri, hepdeläp dowam edýän iýmit siňdiriş näsazlyklary, guşak görnüşli demrewleriň çykyp başlamagy, we ýiti autoimmun bozulmalary bar. Şol sanda, aýbaşy halkasynyň bozulmalaryndan; gormon derejesiniň kadalylygyna garamazdan, ýatgydaky üýtgemelerden; we süýt mäzleriniň agyrylaryndan şikaýat edýän zenanlaryň artandygy bellenilýär.

Diş lukmanlary hem hroniki stresiň netijesinde dişleri owralýan, çat açýan, şeýle hem, aşaky äň-çekge bognunyň näsazlyklary bolan näsaglaryň sanynyň artandygyny aýdýarlar.

Bu saglyk näsazlyklarynyň ählisiniň sebäbi birmeňzeşdir – hroniki stres.

Psihologik näsaglygyň fiziki näsaglygyna öwrülişi

Beýniniň bedene edýän täsirine köplenç ähmiýet bermesek-de, beýnidäki stres bedeniň her bir ulgamynda diýen ýaly fiziki bozulmalara sebäp bolup bilýär.

Beden özüne howp abanýandygyny duýsa – fiziki howp bolsun ýa-da iş ýitirmekden, kesellemekden psihologik gorky bolsun – beýni adrenal mäzlerine stres gormonlaryny işläp çykarmagy buýurýar. Netijede, adrenalin we kortizol bedene hüjüm edip, söweşmek ýa-da gaçmak reaksiýasyny herekete getirýär. Bu iýmit siňdiriş we köpeliş (reproduksiýa) ýaly beden funksiýalaryny hem bozýar. Howp peselensoň, gormonlar kadaly derejä gelýärler. Emma pandemiýa ýaly dowamly stresli döwürde, beden güýçden gaçýança stres gormonlaryny çykarýar. Bu bedeniň we beýniniň çişme howpunyň ýokarlanmagyna we immunitetiň peselmegine getirýär. Ylmy barlaglar hroniki stresiň ýürek keselleri, myşsalaryň dartgynlygy, aşgazan-içege näsazlyklary, hatda, beýniniň ýat we öwreniş bilen baglanyşykly bölegi gippokampyň ýygrylmagyna hem getirip bilýändigini görkezýärler.

Hroniki strese nähili çäre görmeli?

Dowamly stres sebäpli dörän aşgazan ýa kelle agyrylary we deri keselleri üçin lukmana ýüz tutmak, fiziki alamatlary wagtlaýynça aýryp biler. Emma, saglyk hünärmenleriniň pikiriçe, düýp sebäbiň beýnide bolany üçin, hemişelik çözgüt stresi kontrol ediş usullaryny öz içine alýar. Stresi kontrolda saklamagyň ylmy subutnamalara esaslanýan aşakdaky usullary bar:

Fiziki işjeňlik we maşklar. Hatda pes ýa-da orta depgindäki fiziki işjeňlik hem stres sebäpli dörän çişlere/azmalara we alawlama hadysalaryna peýda berip bilýär. Bu şeýle-de, beýnide neýron baglanyşygyny güýçlendirmäge kömek edýär.

Meditasiýa we ünsüňi jemleme (inlisçe: mindfulness). Barlaglar munuň beýniniň gurluşynda we işleýişinde pozitiw özgerişliklere eltip biljekdigini tassyklaýarlar.

Sosial gatnaşyklary berkitmek. Maşgalaň we dost-ýarlaryň bilen gürleşmek.

Täze zatlar öwrenmek. Kurs bolsun, ýa-da tötänleýin güýmenje, tapawudy ýok, täze zat öwrenmek beýnini has çeýe edýär. Täze tejribeleriň netijesinde beýniniň üýtgemek we uýgunlaşmak ukyby güýçlenýär we bu ukyplar adamy depressiýadan we beýleki psihologik kesellerden gorap bilýär.

Çeşme: Ukusyzlyk, saç we diş dökülmeleri: Pandemiýa stresiniň zarbalary

  • 1629 gezek okalan