Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
COVID-19: BERK ÇÄRELER HÖKMANMY?
"SARS-CoV-2 wirusynyň ýaýramagyny haýallatmak üçin çykdajysy we zyýany az çäreler hem gowy netije berip bilýärler" diýip, dünýäniň dürli ýurtlarynyň görýän çäreleriniň netijeliligini seljerip öwrenen täze ylmy-barlag belleýär.
Barlagyň netijeleri:
Iň netijeli çäreler: Belli bir wagtyň dowamynda daşary çykmagy çäklendirmek, hemmelere öýde oturmagy buýurmak, dükanlarda we restoranlarda üýşmeleňleri çäklendirmek, mejbury öýden-işleme düzgünlerini girizmek, mekdepleri ýapmak. Bu berk we iriziji çäreler örän gowy netije berip bilýär, emma jemgyýete, ykdysadyýete, we adam hukuklaryna uly agram salýar.
Netijeli we onçakly iriziji däl çäreler: Serhetlere çäklendirmeler girizmek, ilatyň ejiz bölegine hökümet taýdan goldaw bermek (meselem, iýmit kömegi), hem-de saglygyna, ykdysady we sosial abadanlygyna howp abanýan adamlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak.
Bellik: Adamlar gaty berk däl çärelere has gulak asagan bolýarlar. Emma, gaty berk däl çäreleriň hem netijeliligi ol çäreleriň nähili ýurtda geçirilýändigine bagly bolýar.
- 2300 gezek okalan