• Makalalar
  • COVID-19
  • TÄZE DERMAN ÇYKANDA KIME WE NÄMÄ YNANMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE DERMAN ÇYKANDA KIME WE NÄMÄ YNANMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

bioven ukrUkrainada ýerli gazetleriň habar bermegine görä, ukrain Biofarma kompaniýasy Covid-19-a garşy "Bioven" atly derman öndüripdir. Bu derman Covid bilen keselläp, agyr ýatan hassalary bejermek üçin niýetlenen. Bu habary Turkmenportal habarlar gullugy "Минздрав Украины внесет препарат Биовен в протокол лечения тяжелой вирусной пневмонии" atly makalasynda, 4-nji noýabrda paýlaşdy.

Biofarma farmasewtik kompaniýasynyň başlygy Konstantin Efimenkonyň habar bermegine görä, firmanyň "Bioven" atly dermanynyň koronawirus bilen agyr kesellän adamlary bejermekde peýdasy uly. Deslapky barlaglaryň netijelerine görä, dermany kabul eden hassalaryň ölüş derejesi esli azalypdyr. Şeýle habary 9-njy oktýabrda Ukrainanyň Saglyk Ministri Maksim Stepanow hem tassyklady.

Biz, okyjylar hökmünde, şeýle habarlar çykanda özümize we başgalara nähili soraglar bermeli?

Täze derman serişdesi öndürilende, ol ilki bilen kliniki synaglardan geçirilmeli we synaglaryň netijeleri, nädip we kimde geçirilendigi barada lukmançylyk žurnallarynda çap edilmeli. Bioven dermany bu ylmyň talap edýän basgançaklaryndan geçdimikä?

Kliniki synaglar näme?

BSGG-nyň kesgitlemesine görä, kliniki synaglar – ylmy gözlegiň bir görnüşi bolup, täze barlaglary we bejergileri öwrenýän, şeýle hem olaryň adam saglygyna ýetirýän täsirlerini öwrenýän lukmançylyk gözleg işidir. Kliniki synaglarda dürli dermanlar, lukmançylyk enjamlary, hirurgik amallar, radiologik amallar we öňüni alyş bejergileri ýakyndan barlanylýar we dürli synaglardan geçirilýär. Kliniki synaglara meýletin şekilde dürli ýaşdaky adamlar, şeýle hem çagalar gatnaşyp bilýärler.

Kliniki synaglaryň 2 sany maksady bolýar: netijelilik we howpsuzlyk, ýagny derman adamlar açin hem netijeli, hem-de howpsuz bolmaly. Barlaglary geçirmek bolsa, 4 sany tapgyrdan ybarat bolýar we netijeleri belli bolýança birnäçe aý ýa-da ýyl wagt alyp bilýär. Tapgyrlar näçe ýokary galdygyça, oňa gatnaşýan adamlaryň sany hem şonça artýar we soňky tapgyra müňläp, hat-da on müňläp adam hem gatnaşyp bilýär. Eger 3-nji tapgyr şowly geçse, onda ýerli hökümetler ol önümi öndürip satmana rugsat berýärler. Dermany ýa-da waksinany satmaga rugsat berilensoň, olar adamlara paýlanýar we onuň başlangyç netijesini öwrenmek üçin synaglaryň 4-nji tapgyry amala aşyrylýar.

Bioven dermanynyň kliniki barlaglarynyň netijeleri bellimi?

Netijeleri barlamak üçin biz BSGG-nyň resmi sahypasyna girdik we saýtdaky maglumat Amerikanyň "Clinical Trials" atly medisina guramasyndaky maglumatlara salgylanýar. "Clinical Trials" guramasy dünýädäki ençeme dermanlaryň we waksinalaryň kliniki barlaglarynyň netijelerini çap edýär we guramadaky maglumatlara görä Bioven dermanynyň kliniki barlaglarynyň 3-nji tapgyry 15-nji sentýabrda gutarypdyr, ýöne barlaglaryň netijeleri heniz çap edilmändir. 3-nji tapgyr gutaran hem bolsa, ilki onuň doly netijeleriniň çap edilmegi örän wajypdyr, sebäbi doly maglumata eýe bolman, netijesiz we howpsuz derman alyp, saglygymyza zyýan ýetirip bileris.

Bioveni öndürýän Biofarma farmasewtik şerketi barada näme bilinýär?

Düwnük keselli çagalara kömek edýän "Краб" atly gaznanyň başlygy Larisa Lawrenýugyň 2014-nji ýyldaky eden çykyşyna görä, çagalara berilýän dermanlaryň howpsuz bolmagy örän wajypdyr. Ol ýurtdaky "Фармак" we "Биофарма" kompaniýalarynyň kliniki synag geçirmän, öz dermanlaryny hödürleýändiklerini belläp geçdi.

Kliniki synaglar haçan başlady?

Bioveniň kliniki barlaglary 7-nji maýda başlanypdyr we Covid bilen keselläp, agyr ýatan 60 näsagda barlaglar amala aşyrylypdyr. Hassalaryň 30 sanysy BSGG-nyň maslahaty boýunça bejergi alypdyrlar we beýleki 30 sanysyna onuň üstüne Bioven hem berlipdir. Netijede, Bioven kabul etmedik toparda 6 adam we kabul edenlerden 1 adam ýogalypdyr. Barlaglar diňe öýken wentilýatorynyň aşagynda ýatyrylyp, agyr kesellän hassalarda geçirilipdir.

Bioven dermanyny ýasamak üçin barlagçylar Covid-19 bilen kesellän hassalaryň gan plazmalaryny ulanypdyrlar. Efimenkonyň aýtmagyna görä, Bioven ölüm howpuny 4 esse azaldýar, reanimasiýadan 7-10 gün çalt çykarýar, we wentilýatorlary 4-6 gün az ulandyrýar. Bir hassany bejermek üçin ortaça 2-3 flakon Bioven ulanmaly bolýar. Haryt doly taýyn bolansoň, onuň beýleki ýurtlara eksport edilmejekdigini Efimenko belläp geçdi.

Netijeliligi bellimi? Garaşyz guramalarda, žurnallarda çap edildimi?

Bioven dermanynyň täsirliligi, näsaga ýetirýän peýdasy we zyýany barada hiç bir ylmy ýa lukmançylyk žurnalynda çap edilmedik. BSGG-nyň aýtmagyna görä, dermanyň kliniki barlaglarynyň 3-nji tapgyry gutarypdyr, ýöne onuň netijeleri entek Biofarma tarapyndan aýan edilmändir. Elimizdäki ýeketäk maglumat: Biofarma kompaniýasynyň prezidentiniň dilde aýdan netijeleri.

Subutnama esaslanan medisina ylmynda kliniki synaglar uly rol oýnaýar we olar barada düşünje edinmek adamyň saglyk sowatlylygyny ýokarlandyrýar.

  • 1669 gezek okalan