• Makalalar
  • COVID-19
  • COVID-19 PANDEMIÝASYNDA HALKARA KANUNLARYŇ BOZULMAGY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-19 PANDEMIÝASYNDA HALKARA KANUNLARYŇ BOZULMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

covid 19 kanunÝakynda saglyk hukuklarynyň hünärmenleri tarapyndan barlaglar geçirilip, dünýä ýurtlarynyň aglabasynyň pandemiýa döwründe halkara kanunlary bozýandyklary anyklanyldy.

2019-njy ýylda, Global Saglyk Kanuny Konsorsiumy (GHLC) tarapyndan, geljekde Ebola we SARS ýaly ýokanç keselleri sebäpli jemgyýetçilik saglygynyň krizisi dörände, ýurtlaryň birek-birek bilen nähili gatnaşyk etmelidigini düşündirmek üçin, esasy taraplary seljerilipdi.

Ýylyň başynda COVID-19 pandemiýasy bütin dünýä ýaýrap başlanda, bu seljerişiň ähmiýeti has hem artdy: Konsorsiumyň agzalary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Halkara Saglyk Regulýasiýalaryna (IHR) esaslanyp, ýurtlaryň wirusyň ýaýramagyna nähili jogap berendiklerini barladylar. Halkara Saglyk Regulýasiýalary halkara kanunyň bir bölegi bolup, 196 ýurda jemgyýetçilik saglygynyň krizisleriniň öňüni almagy, anyklamagy we jogap bermegi hukuk taýdan hökmany edýär. Türkmenistan BSGG agza ýurtlaryň sanawyna girýär.

Günorta Afrikada geçirilen konferensiýada, hukuk ekspertler topary Halkara Saglyk Regulýasiýalarynyň 43-nji we 44-nji maddalaryny özünde jemleýän konsensus işläp düzdüler. Maddalaryň gysgaça beýany:

43-nji madda – jemgyýetçilik saglygyna howp abananda ýurtlaryň kanun taýdan durmuşa geçirip biljek goşmaça saglyk çärelerini kesgitleýär;

44-nji madda – milli saglygy goraýyş ulgamlaryny gurnamakda ýurtlaryň hyzmatdaşlyk etmek we birek-birege kömek etmek borçnamalaryny kesgitleýär.

Konsensusyň beýany Halkara Guramalarynyň Hukuklarynyň Syny (International Organizations Law Review) žurnalynda çap edildi.

Konsesusy düzen hünärmenleriň biri Roojin Habibi: "Köp ýurtlar öň hem, häzirki koronawirus epidemiýasy döwründe-de, aşa giňişleýin çäreleri gördi. Bu bolsa ýurtlaryň 43-nji madda gowy düşünmeýändigini, belki-de ol maddanyň maksada laýyk gelmeýändigini görkezýär" diýdi.

43-nji madda laýyklykda, ýurtlar jemgyýetçilik saglygynyň adatdan daşary ýagdaýlaryna garşy goşmaça saglyk çärelerini görmekde özygtyýarly hereket edip bilýärler. Emma beýle çäreler görlende, abanýan howp bilen adam hukuklarynyň talaplarynyň arasynda deňagramlylyk saklanmalydyr. Şeýle hem, bu çäreler ylmy subutnamalar bilen tassyklanan bolmalydyr.

R.Habibi, COVID-19-yň ýokanç keselleriň serhetlere ýaýramagynyň öňüni almakda halkara hyzmatdaşlygyň zerurlygyny görkezendigini nygtaýar. Şeýle-de ol, geljekde hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmek we pandemiýa garşy göreşi güýçlendirmek üçin, ýurtlaryň 43 we 44-nji maddalardaky hukuk borçnamalaryna has gowy düşünmeginiň, bu maddalara täzeden seredip, olary aýdyňlaşdyrmagyň möhümdigini aýdýar.

44-nji madda laýyklykda, ýurtlar birek-birege Halkara Saglyk Regulýasiýalarynda kesgitlenen esasy saglyk mümkinçiliklerini gazanmaga goldaw bermäge jogapkärdirler. Bu jogapkärçiligiň berjaý edilmegine bolsa, BSGG gözegçilik edýär.

 Professor Steven J. Hoffman häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň köpüsiniň Halkara Saglyk Regulýasiýalarynyň 43-nji we 44-nji maddalaryndaky halkara hukuk borçnamalaryny bozýandyklaryny aýdýar. Ol: "Bu, hökümetleriň COVID-19 ýaly pandemiýa gaýtargy bermekde ugur almaly düzgünnamalarynyň düşnüksizdigini, netijesizdigini, ýa-da peýdasyzdygyny aňladýar – megerem, bu sebäpleriň üçüsi hem dogrudyr. Şol sebäpli, Bütindünýä Saglyk Kanuny Konsorsiumy tarapyndan çap edilen Halkara Saglyk Regulýasiýalarynyň seljermesi bütindünýä saglygynyň adatdan daşary ýagdaýlarynda ýurtlaryň kanuny borçnamalaryny aýdyňlaşdyrar. Muňa garamazdan, globallaşan dünýämiziň hakykatlaryny has gowy görkezmek üçin, bu düzgünler gyssagly ýagdaýda täzelenmelidir" diýip belleýär.

Çeşme

  • 1265 gezek okalan