• Makalalar
  • COVID-19
  • WAKSINALAR NÄDIP IŞLEÝÄR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

WAKSINALAR NÄDIP IŞLEÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

waksina nadip isleyarBiziň içimiz-daşymyz, ähli ýerimiz, mikroblardan doly. Eger uýgun (aňsat keselleýän) adam zyýanly organizme gabat gelse, bu keseliň döremegine ýa-da ölüme eltip bilýär.

Beden özüni dürli ýollar bilen patogenlerden (kesel dörediji organizm) goramaga ukyply bolýar. Ham, nem, we kirpijekler (hapalary öýkenden daşlaşdyrýan mikroskopik tüýjagazlar) – bularyň hemmesi patogenleriň bedene girmesine fiziki böwet bolup hyzmat edýärler.  

Eger patogen bedene giräýse, onda bedenimiziň gorag ulgamy bolan immun ulgamy oýanýar. Immun ulgamy patogene hüjüm edýär we ony ýok edýär.

Bedeniň tebigy jogap beriş usuly

Patogen – bu bedende kesel döredip bilýän bakteriýa, wirus, parazit, ýa-da kömelejikdir. Her bir patogen, özüne we döredýän keseline mahsus, birnäçe bölejiklerden düzülýär. Patogeniň antibedenleriň döremegine sebäp bolýan bölegine antigen diýilýär. Patogeniň antigenlerine jogap hökmünde öndürilýän antibedenler immun ulgamynyň möhüm bölegidir. Sen antibedenleri bedeniň gorag ulgamynyň ‘esgerleri’ hasaplap bilersiň. Bedeniňdäki her bir antibeden ýa-da esger belli bir antigeni tanamaga türgenleşdirilendir. Biziň bedenimizde dürli antibedenleriň müňlerçesi ýaşaýar. Haçanda ynsan bedeni ilkinji gezek antigene duşanda, immun ulgamynyň muňa jogap bermegi we ýörite şol antigen üçin antibeden öndürmegi wagt alýar. Bu wagtyň dowamynda, adam kesele uýgun bolýar.

Antigen-spesifik antibedenler öndürilenden soňra, olar immun ulgamynyň galan bölegi bilen bile işläp, patogeni ýok edýärler we keseli duruzýarlar. Belli bir patogen üçin ýasalan antibedenler, adatça, başga görnüşli patogenlerden goramaýarlar. Diňe başga patogen hem öňkä örän meňzeş bolsa (doganoglanlar ýaly), ondan gorap bilýärler. Haçanda beden antigene esasy jogap hökmünde entibeden öndürende, beden antibeden öndüriji ýatkeş öýjükleri hem döredýär. Ýatkeş öýjükler bolsa, patogen antibedenler tarapyndan ýok edilenden soňra hem diri galýarlar. Eger şol bir patogen bedene ýene ýanaşsa, onda antibedenler ilkinji gezekden hem has çalt we has netijeli jogap gaýtarýarlar. Sebäbi ýatkeş öýjükler hemişe antigenlere garşy antibeden öndürip çykarmaga taýýar bolup durýarlar. Ýagny, adam geljekde howply patogene duşsa, onuň immun ulgamy derrew herekete geçip, adamy keselden goraýar.

Waksinalar nädip kömek edýär?

Waksinalar düzüminde bedende immun jogabyny oýarýan belli bir organizmiň (antigen) gowşadylan ýa-da hereketsiz böleklerini saklaýarlar. Täze çykan waksinalarda antigeniň özüne derek, antigen öndürmek üçin bluprint (bir zady nädip gurmagy/ýasamagy düşündirýän plan) bolýar. Bluprintiň görkezmeleri bilen, beden antigen öndürýär. Adam waksinanyň bu iki görnüşiniň haýsyny kabul etse-de, onuň düzümindäki gowşadylan antigen adamy syrkawlatmaýar. Oňa derek, antigen adamyň immun ulgamyny oýarýar. Immun ulgamy bolsa, hakyky patogene jogap berýän kimin reaksiýa görkezýär.

Käbir waksinalaryň birnäçe dozasyny almak talap edilýär. Bu dozalaryň arasyna birnäçe hepde ýa-da aý salynýar – bu wagtyň içinde bedende uzak ýaşaýan antibedenler öndürilýär we ýatkeş öýjükler gurulýar. Netijede, beden şol kesel-dörediji organizm bilen göreşmäge türgenleşdirilýär: beden patogeni ýadyna ýerleşdirýär hem-de geljekde oňa duşaýan ýagdaýynda onuň bilen söweşip bilýär.

Köpçülikleýin immunitet

Waksina alan adam, adatça, nyşana alynýan keselden goragly bolýar. Emma her bir adama waksina berip bolmaýar. Rak ýa AIW ýaly, immun ulgamyny gowşadýan keseli bolan ýa-da waksinanyň düzümindäki käbir zatlara ýiti allergiýasy bolan adamlaryň käbir waksinalary alyp bilmezligi mümkin. Emma, eger olar waksina alan adamlaryň arasynda ýaşasalar, olar hem keselden goragly bolýarlar. Haçanda, jemgyýetde örän köp adam waksina alanda, patogene köpçülige ýaýramak kyn düşýär. Çünki patogeniň hüjüm edýän adamlarynyň köpüsi eýýäm immunitetli bolýarlar. Garaz, näçe köp adam waksina alsa, waksinanyň gorap bilmeýän adamlary hem zyýanly patogenleriň howpundan şonça uzakda bolýarlar. Muňa köpçülikleýin immunitet diýilýär.

Köpçülikleýin immunitet, esasan hem, diňe waksina alyp bilmeýänler üçin däl-de, eýsem waksinanyň goraýan keseline uýgun adamlar üçin hem zerurdyr. Hiç bir waksina 100% goraglylyk üpjün edip bilmeýär we köpçülikleýin immunitet waksina alyp bilmeýänleri 100% gorap bilmeýär. Şeýle-de bolsa, köpçülikleýin immunitetiň bu adamlara berýän goraglylygynyň ähmiýeti örän uludyr.

Waksina almak diňe seni däl, eýsem seniň jemgyýetiňdäki waksina alyp bilmeýänleri hem goraýar. Eger mümkin bolsa, waksina al.

Adamlar taryhda birnäçe ölüm-howply kesellerden üstünlik bilen gorap bilýän waksinalary ýasadylar. Ol keselleriň käbirleri: meningit, bürme, gyzamyk, we ýabany poliomiýelit.

1900-nji ýyllaryň başlarynda, polio bütin dünýä ýaýran kesel bolup, her ýyl ýüzmüňlerçe adamy ysmaz edýärdi. 1950-nji ýyla çenli, bu kesele garşy iki sany netijeli waksina taýýarlanyldy. Emma, dünýäniň käbir böleklerinde, esasan hem Afrikada, polionyň ýaýramagyny duruzyp biljek derejede waksinasiýa geçirilmeýärdi. 1980-nji ýyllarda, bütin dünýä birleşip, poliomiýeliti ýer ýüzünden ýok etmek işine girişdi. Indiki birnäçe onýyllygyň dowamynda, tertipleýin waksinasiýa saparlaryny we köpçülikleýin waksinasiýa kampaniýalaryny ulanmak arkaly, ähli materiklerde polio waksinasiýasy geçirildi. Millionlarça adama, esasan hem çagalara waksina berildi. 2020-nji ýylyň awgustynda, Afrika materigine "poliomiýelitden azat" şahadatnamasy berildi. Häzirki wagtda, dünýäniň, Päkistandan we Owganystandan başga, ähli böleklerinde polio doly ýok edildi.

Çeşme: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy

GOŞMAÇA MAGLUMAT

WAKSINALAR NÄDIP ÝASALÝAR?

WAKSINANYŇ ÖNÜMÇILIK, HOWPSUZLYK WE HIL ÜPJÜNÇILIGI

COVID-19 WAKSINASYNYŇ DÜRLI GÖRNÜŞLERI

  • 1137 gezek okalan