• Makalalar
  • COVID-19
  • GÖWRELILIK WE PANDEMIÝA: SOŇKY HABARLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIK WE PANDEMIÝA: SOŇKY HABARLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gowrelilik we pandemiyaEnçeme ylmy barlaglar COVID-19-yň göwreli aýallara beýleki aýallardan has erbet täsir edýändigini görkezýärler. Emma, bir gowy tarapy wirus çaga örän seýrek täsir edýär.

COVID-19 waksinasy göwreli aýallar üçin howplumy?

Munuň anyk jogaby ýokdur. Sebäbi göwreli aýallar COVID-19 waksinalarynyň ilkinji synaglaryna gatnaşdyrylmadylar. Şonuň üçin, göwrelilere waksina almazdan öňürti lukman bilen maslahatlaşmak maslahat berilýär.

Lukmanlaryň agramly böleginiň pikiri: Göwreli aýallara lukmana görnenlerinden soňra waksina hödürlenilmeli we olar mundan beýläk waksina synaglaryndan alnyp galynmaly däl.

Göwreli aýallar COVID waksinalaryndan haçan peýdalanyp bilerler?

150-den gowrak waksinanyň taýýarlanyşyň dürli etaplarynda bolmagy, göwreli aýallaryň hem waksinalardan peýda tapyp biljekdiklerine bolan umydy köpeldýär. Emma, göwreli aýallaryň waksina synaglaryna heniz gatnaşdyrylmandygy sebäpli, waksinalaryň olar üçin hem howpsuz we netijelidigini tassyklaýan maglumat ýok ýa-da örän çäkli diýsek hem bolar.

  • 1241 gezek okalan