• Makalalar
  • COVID-19
  • D WITAMINI KORONAWIRUSA GARŞY PEÝDALYMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

D WITAMINI KORONAWIRUSA GARŞY PEÝDALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Covid 19 d witaminiCOVID-19 pandemiýasy başlaly bäri, adamlar immunitetlerini güýçlendirmek üçin birnäçe witamin goşundylaryny kabul etmäge başladylar; D witamini hem olaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Barlaglara görä, D witamini bedendäki süňkleriň saglygyny gowulaýar we osteoporoz keseliniň öňüni alýar. Şeýle hem, D witamini immunitetiň dogry işlemegine kömek edýär. Mundan başga-da, D witamininiň dem alyş ýokançlyklarynyň öňüni alýadygyny subut edýän barlaglar peýda boldy, ýöne bu netijeler anyk däl we käbir lukmanlary hem şübhelendirýär.

D witamini COVID-iň öňüni alýarmy?

Koronawirus sebäpli agyr keselleme töwekgelçiligi bolan toparlar bilen D witamini ýetmezçilik edýän adamlaryň arasynda uly arabaglanyşyk bar we bu esasan hem semiz adamlarda, gartaşan adamlarda we garaýagyz tenli adamlarda belli bolýar. Soňky 1 ýylyň içinde, lukmanlar bu arabaglanyşygy barlaglar arkaly subut etmäge synanyşdy, emma heniz anyk netijelere gelinmedi.

JAMA Network Open atly lukmançylyk žurnalynda çap edilen barlaga görä, D witamin ýetmezçiligi bolan adamlaryň koronawirus testiniň pozitiw çykmagy 1.77 esse ýokary. Ýene bir barlaga görä, koronawirus sebäpli hassahana düşen adamlaryň 80%-de D witamin ýetmezçiligi bar. Bu netijelere garamazdan, käbir lukmanlar koronawirusyň öňüni almakda D witamininiň peýdasynyň hiç ýokdugyny ýa-da örän azdygyny belleýärler.

Semiz adamlarda we gartaşan adamlarda D witamini az bolýar we bu topardaky adamlar koronawirus keselini hem agyr geçirýärler. Ýöne bularda keseliň agyr geçmesine D witamininiň azlygynyň ýa-da semizligiň we garrylygyň sebäp bolýandygy belli däl.

D witamini koronawirus üçin bejergi hökmünde ulanylyp bilnermi?

Bu barada hem anyk maglumatlar ýok, ýöne Braziliýadaky barlaglara görä, bu witaminiň bejergi hökmünde ulanylmagy peýda görkezmedi. Emma, käbir lukmanlar bu barlagyň alyp barlyş şekilini tankytlaýarlar.

Men D witaminini kabul edeýinmi?

D witamininiň koronawirusyň öňüni alyp bilýändigi ýa-da keselleseň bejergi hökmünde ulanylyp bolýandygy hakynda anyk maglumat ýok hem bolsa, bedeniň immunitetini güýçlendirmek üçin bu witamini almagyň peýdasy bar. Esasan hem gyş pasyllarynda adamlarda D witamin ýetmezçiligi bolýar we oňa garşy goşundylary almak maslahat berilýär.

Hemme zatda bolşy ýaly, D witamini kabul edilende hem normany saklamaly we maslahat berlen möçberinden köp içmeli däl. Endocrine Society guramasynyň maslahatyna görä, adamlar bir günüň dowamynda 400-1000 IU derejesinde D witaminini kabul edip bilerler. Immuniteti, şeýle hem, gök-önüm we miwe iýmek, maşk etmek we ýeterlik uky almak arkaly ösdürip bolýar.

Çeşme

  • 1079 gezek okalan