Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TÜRKMENISTANDAKY COVID-19 WAKSINALARY (TÄZELENEN)
ADY | ÝURDY | KLINIKI SYNAGLARDAN GEÇENMI? | TÄSIRLILIK DEREJESI | DELTA ŞTAMYNA GARŞY TÄSIRLILIK DEREJESI |
BSGG TARAPYNDAN TASSYKLANANMY? |
Sputnik V (Gamaleýa) | Russiýa | 3-nji tapgyr dowam edýär | 91.6% | 83% | Ýok |
EpiVacCorona (Wektor) | Russiýa | 3-nji tapgyr dowam edýär | Näbelli | Näbelli | Ýok |
CoviVac (Çumakow) | Russiýa | 1-2-nji tapgyrlar dowam edýär | Näbelli | Näbelli | Ýok |
Biowak (Sinopharm) | Hytaý | 3-nji tapgyr dowam edýär | 79.34% | 59% | Hawa |
CoronaVac (Sinovac) | Hytaý | 3-nji tapgyr dowam edýär | 50.39% – 83.5% | 59% | Hawa |
AstraZeneca | Beýik Britaniýa – Şwesiýa | 3-nji tapgyr dowam edýär | 76% | 67% | Hawa |
Çeşme: New York Times Coronavirus Vaccine Tracker we Arzuw News |
Sputnik V – waksinany satýan Russiýanyň maýa goýum gaznasynyň başlygy Kirill Dimitriýewiň bellemegine görä, waksinanyň BSGG tarapyndan tassyklanmagyna şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda garaşylýar.
EpiVacCorona we CoviVac – Russiýanyň beýleki 2 waksinasynyň BSGG tarapyndan tassyklanma prosesi hakynda hiç hili maglumat berilmeýär, emma rus hökümeti öz çykaran waksinalarynyň üçüsini hem tassyklady.
CoronaVac – Lancet žurnalynda 28-nji iýunda çap edilen maglumatlara görä, 3-17 ýaş aralygyndaky çagalarda CoronaVac waksinasynyň kliniki barlaglary geçirildi we barlaglaryň 1 we 2-nji etalarynyň deslapky netijeleri çap edildi. Netijelere görä, bu waksina çagalar üçin howpsuz, ýöne waksinanyň netijelilik derejesi barada entek maglumatlar aýan edilmedi.
Biowak – Birleşen Arab Emirlikleri Hytaýyň Sinopharm waksinasynynyň 3-17 ýaşly çagalara ýetirýän täsirini öwrenmek we barlamak üçin kliniki synaglara başlady.
- 2330 gezek okalan