• Makalalar
  • COVID-19
  • GÜNDOGAR ÝEWROPALYLARYŇ WAKSINA BOLAN ÝAÝDANJAŇLYGY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÜNDOGAR ÝEWROPALYLARYŇ WAKSINA BOLAN ÝAÝDANJAŇLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

waksina yaydanjanlygyUkrainada, Russiýada we Gündogar Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda COVID-19 waksinalary agdyklyk etse-de, waksina bolan ynam pes.

Hatda, Ukrainanyň käbir ýerlerinde saglyk işgärleri hem waksina almaga ikirjiňlenýärler. Odesanyň golaýynda, Belýaýewkadaky hassahananyň işgärleriniň 30%-iniň waksina almakdan gaça durýandygyny hassahananyň operasiýa bölüminiň müdiri aýdýar.

↪ Häzirki wagtda, operasiýa bölümi diňe koronawirusly näsaglary bejerýär. Bölümiň 52 ornunyň hemmesi diýen ýaly doly, derman we kislorod ýetmezçilik edýär. Hassahananyň işgärleri bolsa işden çykýarlar.

↪ Ýewropada ilaty iň az waksina alan ýurt Ermenistanda ilatyň bary-ýogy ~7%-ine sanjym edilen. Bu sanawda ikinjilik duran Ukrainada uly ýaşlylaryň diňe 16%-i doly waksina aldy.

Waksina garşy şübheliligiň çeşmeleri: Sosial mediýa, hökümete bolan ynamsyzlyk we dini ynançlar. Çerniwside lukman Olha Kobewkonyň aýtmagyna görä, "Käbir ortodoks ruhanylary adamlara waksina almazlygy aç-açan we berk sargaýarlar. Sosial torlar bolsa bolgusyz myş-myşlardan doly".

Mugallymlara, hökümet işgärlerine we beýleki işgärlere waksina almak hem-de jemgyýetçilik geçelgelerinden peýdalanmak üçin waksina kepilnamasyny görkezmek mejbury edildi. Netijede galp kepilnamalaryň gara bazary möwç aldy.

Russiýada ilatyň takmynan 32%-ine waksina berildi. Halkyň galan 4-den 3 bölegi waksina almakdan ýüz öwürýär. Döwlet pandemiýadan soň lezzetli durmuşy wada beriji, mylaýym äheňli waksina kampaniýalaryny täzeden geçirip başlady – diýip The Moscow Times habar berýär.

  • 1431 gezek okalan