Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
COVID-19 KONSPIRASIÝALARYNA YNANÝANLARYŇ HEREKETLERINI ÇAKLAP BOLARMY?
2019-njy ýylda Covid-19 pandemiýasy başlaly bäri koronawirus barada konspirasiýa teoriýalary internetde we sosial mediýada giňden ýaýbaňlandy. Olaryň käbirleri: koronawirus Hytaýyň laboratoriýalarynda taýýarlanan bioýarag ýa-da pandemiýa hökümetleriň adaty raýatlary ezmek üçin gurnan oýny.
Konspirasiýa teoriýalary – bu zyýanly ýa-da betbagtçylykly wakalary belli bir betniýetli toparlaryň ýörite gurnaýandyklaryny düşündirjek bolýan ynançlardyr. Konspirasiýa teoriýalarynyň iň esasy aýratynlygy hem olaryň täsirliligidir. Konspirasiýa teoriýasy logika we ylma görä düýbünden mümkin bolmasa-da, eger adam oňa ynansa, bu adamyň garaýyşlaryna, duýgularyna we hereketlerine çuňňur täsir edýär.
Ýakynda çap edilen ylmy barlag konspirasiýa ynançlaryna salgylanyp, uzak wagtyň dowamynda adamlaryň saglyk-abadançylygyny we hereketlerini nä derejede çaklap boljakdygyny öwrendi.
Barlagyň netijelerine görä, Covid-19 konspirasiýa teoriýalaryna ynanýanlarda köp gabat gelinmegi çak edilýän hereketler we ýagdaýlar:
↪ koronawirus testini tabşyrma ähtimallygy örän pes;
↪ eger test tabşyrsa-da, netijesiniň pozitiw çykma ähtimallygy ýokary;
↪ koronawirus düzgünlerini bozma ähtimallygy ýokary;
↪ ykdysady/maliýe ýagdaýy ýaramazlaşyp biler (iş ýitirilmegi; girdejiniň azalmagy);
↪ köpçülik tarapyndan käbul edilmän biler;
↪ umumy abadançylygynyň peselmek ähtimallygy ýokary.
Bu täsirleriň köpüsi konspirasiýa teoriýalaryna ynanjaňlyk esasynda umumylaşdyryldy (meselem: konspirasiýa mentaliteti).
Barlagyň netijeleri konspirasiýa ynançlarynyň uzak möhletde ummasyz negatiw durmuş tejribeleri bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. Konspirasiýa ynançlaryna salgylanyp, pandemiýanyň 8 aýynyň dowamynda adamlaryň hereketlerine, saglyk, ykdysady we sosial abadançylygyna ýeten täsirler çaklanylýar.
Çeşme: Cambridge University Press
- 976 gezek okalan