Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
COVID-19 WAKSINASY GÖWRELILIGE ZYÝAN EDIP BILÝÄRMI?
******************
"Salam Saglyk. Men häzir 6 aýlyk göwreli, özümem dekabrda birinji, ýanwarda ikinji waksinamy aldym. COVID-19-a garşy (Sinopharm, Biowak) waksina göwreliligime zyýan edip bilýärmi?"
Okyjy
******************
Hormatly okyjymyz, ilki bilen sizi ýurdumyzda hödürlenilýän COVID-19 waksinalarynyň görnüşleri bilen tanyşdyrmak isleýäris.
ADY | ÝURDY | KLINIKI SYNAGLARDAN GEÇENMI? | GÖWRELILIK DÖWRÜNDE MASLAHAT BERILÝÄRMI? | EMDIRÝÄN ENELERE MASLAHAT BERILÝÄRMI? | BSGG TARAPYNDAN TASSYKLANANMY? |
Sputnik V (Gamaleýa) | Russiýa | 3-nji tapgyr dowam edýär | Hawa | Hawa | Ýok |
Sputnik Light | Russiýa | 3-nji tapgyr dowam edýär | Hawa | Hawa | Ýok |
EpiVacCorona (Wektor) | Russiýa | 3-nji tapgyr dowam edýär | Ýok | Ýok | Ýok |
Biowak (Sinopharm) | Hytaý | 3-nji tapgyr dowam edýär | Hawa | Hawa | Hawa |
CoronaVac (Sinovac) | Hytaý | 3-nji tapgyr dowam edýär | Hawa | Hawa | Hawa |
AstraZeneca | Beýik Britaniýa – Şwesiýa | 3-nji tapgyr dowam edýär | Hawa | Hawa | Hawa |
Çeşme: BSGG, UNICEF, TASS |
Türkmenistanyň göwrelilikde waksina almak barada görkezmeleri barmy?
Bize Türkmenistanyň resmi metbugatynda diňe bir ýerde COVID-19 waksinasy we göwreliler barada maglumat tapmak başartdy. 2021-nji ýylyň iýul aýynda Neýtralny Türkmenistan gazetinde berlen maglumata görä, COVID-19-a garşy sanjymlar göwreli aýallara we emdirýän enelere maslahat berilmeýär. Bu habarda anyk haýsy waksinalaryň göz öňünde tutulýandygy barada aýdylmaýar.
Aşakda waksinalaryň hersi barada hünärmenleriň, ministrlikleriň we halkara guramalaryň berýän maslahatlaryny okap bilersiňiz.
Sinopharm we Sinovac: BSGG ekspertleriniň strategik geňeşçiler topary Sinopharm we Sinovac waksinalarynyň göwreli aýallar üçin täsirlilik derejesi we ýan täsirleri barada ýeterlik maglumatyň ýokdugyny belleýär. Bu waksinanyň taýýarlanyş usuly jansyzlandyrylan waksinalaryň toparyna girýär we mundan ozal bu usul bilen dürli kesellere garşy göwrelilere howpsuz bolan waksinalar çykaryldy. Şeýlelikde, COVID-19-a garşy Sinopharm we Sinovac waksinalarynyň peýdalary waksina almazlykdan dörejek töwekgelliklerden has ýokary bolsa, bu waksinalary almak maslahat berilýär. Waksina almazlygyň netijesinde ýüze çykýan töwekgellikler şol wagtky epidemiologik hadysalara bagly bolup durýar. Ýatlatsak, waksina almazdan COVID-19 bilen kesellesiňiz, keseliň has agyr geçmegi mümkin. Bu waksinalary emdirýän enelere hem almak maslahat berilýär.
Sputnik V: Russiýanyň Saglyk Ministrligi Sputnik V waksinasynyň göwreliler üçin zyýanly we howply däldigini belläp geçdi. Esasan hem, semizlik, hroniki öýken keseli, süýji keseli, ýürek-damar keseli, rak, hroniki böwrek keseli we bagyr keseli bolan göwreli aýallara COVID-19 ýokuşsa, saglyklaryna howp abanyp biler. Bu sebäpden, COVID-19 wirusyndan goranmak üçin göwreli aýallara waksina almak maslahat berilýär. Waksinanyň peýdalary onuň mümkin bolan zyýanlaryndan köp bolsa, göwreliligiň 22-nji hepdesinden soňra waksina almak maslahat berilýär. Russiýanyň Saglyk Ministrligi göwreliligiň ilkinji 22 hepdesinde Sputnik V waksinasyny urdurmagy maslahat bermeýär. Emdirýän enelere hem waksinany almak maslahat berilýär.
Sputnik Light: Sputnik Light (Sputnik Laýt) waksinasynyň göwreli aýallara edýän täsiri barada barlaglar heniz geçirilmedi. Barlaglar diňe haýwanlarda geçirildi we zyýanly ýan täsirler ýüze çykmady. Göwreliligiň 22-nji hepdesinden soňra, waksinanyň peýdalary köp, töwekgellikleri az bolar diýip pikir edýänler waksinany alyp bilerler. Göwreliligiň ilkinji 22 hepdesinde bolsa, Sputnik Light maslahat berilmeýär. Emdirýän enelere bu waksina maslahat berilýär.
EpiVacCorona: Russiýanyň Saglyk Ministrligi EpiVacCorona waksinasyny heniz göwreli aýallara maslahat bermedi. Emdirýän zenanlara hem bu waksina heniz maslahat berilmeýär.
AstraZeneca: BSGG ekspertleriniň strategik geňeşçiler toparynyň maslahatyna görä, waksina almazlygyň töwekgellikleri ony almagyňkydan has ýokary bolsa, göwreli aýallar AstraZeneca sanjymyny almaly. Waksina almazlygyň töwekgellikleri ýurtdaky epidemiologik ýagdaýlara görä üýtgeýär, ýagny eger ýurtda COVID-19 wirusy tiz ýaýrap duran bolsa, onda göwreli aýallara bu wirusa garşy waksina almak maslahat berilýär. Bu waksina emdirýän enelere hem maslahat berilýär.
Göwreli bolmaga synanyşýan zenanlar COVID-19 sanjymlaryny alyp bilermi?
BSSG-nyň görkezmesine görä, hawa, öňünden sanjym etdirmek zenanlar üçin göwrelilik döwründe özlerini we bäbeklerini COVID-19-dan goramagyň möhüm usulydyr. Ylmy barlaglara görä, göwreli bolmaga synanyşylýan döwürde sanjym almak önelgesizlige we göwreli bolmazlyga sebäp bolmaýar. Kliniki barlaglara görä, COVID-19-a garşy sanjym alanlaryň we almadyklaryň arasynda göwreli bolmak derejesi tapawutsyzdyr. BSGG COVID-19 waksinasyny almagyň netijesinde göwreliligi yza süýşürmegi ýa-da abort etdirmegi maslahat bermeýär.
- 2267 gezek okalan