Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TÄZELENEN COVID-19 GOLLANMASY: MASKALAR, BEJERGILER WE NÄSAGYŇ IDEGI
COVID-19 epidemiologiýasyny öwrenýän halkara ekspertleriň maslahatlaryny nazarda tutup, 2023-nji ýylyň ýanwarynda BSGG köpçülik ýerlerinde maska geýmek, keseli bejermek we gözegçilikde saklamak baradaky gollanmasyny täzeledi.
Maskalar COVID-19-a garşy esasy ýarag serişdesi bolup galýarlar
BSGG dünýäniň ähli ilatyna aşaky ýagdaýlarda maska ulanmagy dowam etmegi maslahat berýär:
↪ Eger ýakynda COVID-19 wirusyna ýakynlaşan bolsaň;
↪ Eger COVID-19 ýokuşandyr öýtseň;
↪ Eger COVID-19 bilen agyr keselleme howpy abanýan bolsa;
↪ Märekeli, ähli tarapy ýapyk ýa-da kapas ýerlerde.
Şeýle-de, BSGG ýerli töwekgellik ölçeglerine baglylykda başga ýagdaýlarda hem maska geýmegi teklip edip boljakdygyny belleýär. Meselem, eger bir ýerde kesel bilen hassahana ýerleşýänleriň sany köpelse, waksina alanlaryň sany az bolsa ýa-da ýerli ilatyň immuniteti pes bolsa.
COVID-19 näsaglaryny çetleşdirmegiň möhleti azaldyldy
Keseliň simptomlaryny (alamatlaryny) başdan geçirýän näsaglara alamatlar ýüze çykanyndan soňra 10 günläp köpçülikden çetleşmek maslahat berilýär. COVID-19 testi pozitiw çykyp, emma hiç hili simptom bildirmeýän adamlara diňe 5 günläp çetleşmek teklip edilýär. Eger şol 5 günüň içinde antigen esasly testiň netijesi negatiw çyksa, çetleşmäni wagtyndan ir bes edip bolar.
COVID-19 ýokuşan adamlaryň ilatdan çetleşmesi keseliň başgalara ýokuşmagynyň öňüni almakda örän möhüm ädimdir. Çetleşme wagtyny öýde ýa-da keselhana ýaly ýörite gurnalan ýerlerde geçirmek bolýar.
COVID-19 bejergileri
BSGG COVID-19 keselini ýeňil we orta agyrlykda geçirýän näsaglara nirmatrelvir-ritonawir (brend ady Paxlowid) dermanyny ulanmagy dowam etmegi berk teklip edýär. Keseli agyr geçirmeýän göwreli we çaga emdirýän aýallar bu dermany kabul etmezden öňürti lukman bilen maslahatlaşmaly.
Şeýle-de, BSGG sotrowimab we kasiriwimab-imdewimab dermanlaryny COVID-19-y bejermek üçin ulanmagy maslahat bermeýär. Çünki bu dermanlaryň wirusyň häzirki ýaýran ştamlaryna garşy täsiri ýok ýa-da örän pes.
- 1770 gezek okalan