Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DOGRUMDA ÝAKYN HOSSARYŇ KÖMEGI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (39 Ses)

Sonky wagtlarda "Raýatlyk dogruma ýanýoldaşynyň gatnaşmagy zerurmy?" diýen soraglar köp ýüze çykýar. Biziň döwletimizde raýatlyk dogrumy bar we oňa aýal maşgalanyň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Şuňa zenanlaryň özleri hem garşy däl, sebäbi dogrum wagtynda ýanýoldaşynyň özlerini perişan halda görmeklerini islänoklar.

Raýatlyk (Ony "hossarly ýa-da ýoldaşly dogrum" diýip atlandyrsa hem bolar) dogrumy – bu dogurýan zenanyň iň ýakyn, ynamdar hossarynyň ýagny ejesi, dogany, jorasy ýa-da daşary ýurtlarda bolşy ýaly psiholog lukmanynyň, ýörite taýýarlykly aýalyň (dulanyň) dogruma gatnaşmagyna aýdylýar. Hossaryň esasy wezipesi – burgy towy başlanandan, tä çaga dogulýança zenana kömek edip dogrumyň ýeňil geçmegini gazanmakdyr.

Edil dogruma gatnaşmasa-da, öýde dogrumyň buşlukçysy bolan ilkinji burgy towlary başlanda ýanýoldaşy şuňa işjeň gatnaşyp biler:

► Ilkinji burgy towlary her 15-20 minutdan tutýar, arakesme wagtynda ýan ýoldaşy gelniniň ýatdan çykaran zatlaryny ýygnamaga kömekleşip biler.

► Ilki bilen psihologik goldaw ene boljak zenana has zerurdyr. Şonuň üçin hem iň bolmanda ýanýoldaşynyň gelniniň elinden tutmagy, burgy towy wagtynda arkasyny sypap, öwgüli, söýgüli sözleri aýtmagy gelinleriň agyrylaryna şypa bolup, burgy towlaryny ýeňil geçirip bilerler.

Gynansakda, biziň ýurdumyzda ilkinji gezek dogurýan gelinler we olara kömek berjek hossarlary üçin dogrumyň geçiş aýratynlyklary, haýsy döwürlerden ybaratdygy, her döwurde özüňi nähili alyp barmalydygy, dogrumdan soň bäbege edilmeli ideg barada maglumat berýän ýöriteleşdirilen okuw sapaklary ýok. Dogruma gatnaşjak hossary, ýagny jorasy ýa-da baldyzy özi çaga dogrup görmedik bolsa, dogrum barada hiç hili düşünjesi bolmaýar. Bu ýagdaý dogrum wagtynda çaga dogurýan gelne we lukmanlara kynçylyk döredip bilýändir. Iş tejribämde dogrumyň ikinji döwründe doglup gelýän çagajygyň kellesini gören, agzap geçen raýatymyň özünden gidýän halatlary az bolmady...

Haçan-da ene boljak zenan we hossary dogruma taýýarlykly gelende dogrum gaýraüzülmesiz, az agyryly, kadaly geçýändir. Has dogrusy, raýatly dogrumda kesar kesimi bilen geçýän dogrumyň bolma howpy aradan aýrylyp, çaganyň tebigy ýol bilen dogulmak mümkinçiligi artýandyr. Kadaly dogrum ilkinji gezek dogurýan zenanlarda 11-12, gaýtadan dogurýanlarda bolsa 7-8 sagada çekýändir.

Dogrum wagtynda hossarynyň bermeli kömegi:

→ Dogurýan zenanyň her burgy towunyň arasynda wagt tutmalydyr (kadaly burgy towlary yzygiderli, uzak bolup, her gezekde arakesmesi azalmalydyr);

→ Arakesme wagtynda raýat zenana rahatlanmagy, dynç almagy aýtmaly;

→ Kömekçisi zenana dogry dem almagy ýatlatmalydyr we bilelikde dem alnanda burgy towunyň agyrsynyň ýeňleýändigini göz öňüne tutmalydyr;

→ Dogurýan zenanyň agyrlaryny ýeňletmek üçin hossary arkasyny, bilini owkalap, ýyly, mylaýym duşa girmäge kömek edip biline, arkasyna suwuň akymyny tutup biler;

→ Zenana rahat ýagdaýy saýlamaga, ýörite topuň üstünde oturmaga komek edip biler;

→ Raýat zenanyň derini süpürip, arasynda suw içirip biler;

→ Her bir sagatdan zenana peşew etmelidigini ýatlatmalydyr, peşew halta boşanda dogrumyň çalt gidýändigini bilmelidir.

Dogrumyň birinji döwri
Dogrumyň birinji döwrinde ýatgy yzygiderli ýygrylýar, burgy towlary emele gelýär we ýatgynyň boýunjygy ilki gysgalýar, soňra açylýar. Şu döwür hakykatdan hem agyryly bolup, agyrylary ýeňilleşdirmek üçin birnäçe usullar ulanylýar.

Dogrum wagtynda owkalama

Burgy towlary tutýan wagtynda hossary ýumrugyny düwüp, eliniň arka tarapy bilen zenanyň biliniň töweregine biraz basyp, agyrtman aýlaw görnüşinde sypalamaly. Bu owkalamanyň maksady oňurganyň bil bölegine düşýän agyryny ýeňletmekdir.

Burgy towlary ýok wagtynda zenanyň arkasy hossary tarapyndan emaýylyk bilen sypalanmalydyr, bu zenanyň bütinleý gowşap, indiki burga çenli dynç almagyny üpjün etmelidir. Aýaklaryň injikden ýokarsynyň sypalanmagy damar çekmelerde haýyrly bolýar. Näziklik bilen endamyny sypanyňda şatlyk gormony – endorfin bölünip çykyp, dogrumyň ýeňil geçmegine kömek berýär.

Gadymy enelerimize salgylansak...

Ene-mamalarymyzyň aýtmagyna görä, öňki döwürde dogrum wagtynda zenanlar garaöýüň tüýnüginden sallanan ýüpinden aslyşýan ekenler. Häzirki döwürde dogrum öýlerinde şol usuly ulanmak üçin ýörite ýüpler bar we ýüpden aslyşyp, çommalyp oturmagyň özi agyryny ýeňledip biler. Mundan başga-da, zenan öňe egilip hossaryndan eli bilen ýapyşyp biler. Bu ýagdaýda durlanda ýatgynyň töweregindäki myşsanyň dartgynlylygy gowşaýar, gan aýlanşygy sazlaşyp, ýatgynyň açylşy ýeňil we az agyryly bolýar.

Burgy towlary wagtynda dogry dem almaly

Köplenç zenanlar agyry sebäpli dogry dem almagy ýatdan çykarýarlar. Ýagny dogrumyň birinji döwründe burnuňdan çuň dem alyp, agzyňdan hem doly alan demiňi çykarmak agyrynyň ýeňlemegine getirýändir.

Dogrumyň ikinji döwri

Ýatgynyň boýunjygynyň doly açylmagy bilen dogrum ýolundan çaga süýşüp çanaklygyň düýbüne basyş edýär. Has dogrusy göni içegä basyşyň bolmagy sebäpli zenanyň burgy towlaryna çygylma towlary goşulyp, çaganyň dogulmagyna sanalgyja wagt galýar.

♦  Şu döwürde, zenanyň bar güýjüniň tamamlanýan pursatynda, ýakyn hossaryndan mähirli, öwgüli sözlerini eşiden zenan bar güýjüni jemlemäge taýynlanýar. Şu pursatda çaganyň kellejigi aşak süýşüp, doguljak bolup durka zenan çygylma towlaryny saklap, güjüjegiň dem alşy ýaly tiz-tizden agzyndan dem alyp, agzyndan hem demini çykarmalydyr. Dogry dem almagy ýola goýmak üçin, hossary zenanyň başujynda durup, bilelikde dem alyp kömek edip biler.

♦  Çygylmanyň has täsirli bolmagy üçin hossary zenanyň kellesini galdyryp, eňegini döşüne diräp, göbegine seredip, bir çygylma towunyň dowamynda yzyny üzmän 3 gezek çygylmalydygyny ýatladyp durmalydyr. Raýat arasynda zenana owurtladyp suw içirip durmaly.

♦  Zenan göbek enäni we lukmany diňläp bilelikde işlän ýagdaýynda, dogrum dogulýan çaga we özi üçin hem oňaýly geçýär.

Ine begençli habar – bäbejik dünýä inýär, şu döwürde zenan özüni gaty bagtly duýýar, bu şatlygy ýanyndaky hossary bilen paýlaşyp bilýär.

Ýöne entek dogrumyň tamamlanmandygyny, ýene sanalgyja minutdan çaga ýoldaşynyň dogulmagy bilen dogrumyň gutarjakdygy barada hossary zenana ýatlatmalydyr.

Raýatlyk dogrumyňyz ýeňil geçsin, mähriban gelinler!

Awtor: Guljan Annaýewa

  • 4896 gezek okalan