Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DOGRUMDAN SOŇKY DEPRESSIÝA: ALAMATLARY, ÇÄRELERI WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dogurmdan sonky depressiyaÇaga dogrumyndan soňky ilkinji günlerde köp enäni tukatlyk we boşluk gaplap alýar. Bu duýgy köplenç 3-5 günüň içinde aýrylyp gidýär. Eger dogrumdan soňky sussupeslik wagty bilen geçmese ýa-da gamgynlyk, umytsyzlyk we boşluk 2 hepdeden köp dowam etse, onda seniň dogrumdan soňky depressiýa düşen bolmagyň mümkin. Çaga dogrumyndan soň özüňi umytsyz we tukat duýmagyň kadaly ýa-da tebigy zat däldigini eneler bilmelidir.

Dogrumdan soňky depressiýa gylyk-häsiýetiňe we fiziki saglygyňa täsir edýän çynlakaý ruhy hassalykdyr. Depressiýa düşen enäni göwnüçökgünlik gaplap alýar we gündelik işleri etmäge päsgel berýär. Depressiýaly enäniň bäbegi bilen ysnyşmazlygy, ony keseki bäbek ýaly görmegi we oňa mähir bermezligi ahmal. Bu duýgular orta hili ýa-da örän güýçli bolup bilýär.

Dogrumdan soňky depressiýa düşendigimi nädip bilmeli?

Çaga dogrumyndan soňra käbir üýtgeşmeler adaty hasaplanýar. Meselem, bäbegiň öýe gelmegi köp enäni aljyradyp ýa-da howsala salyp bilýär. Emma, eger-de sende aşakdaky alamatlar 2 hepdeden uzak wagt dowam etse, haýal etmän maşgala lukmanyna, şepagat uýasyna ýa-da göbek enä ýüz tut: keýpiň dowamly üýtgemegi we ynjalyksyzlyk:

▸Sussupeslik, umytsyzlyk we howsalalylyk;

▸Köp aglamak;

▸ Çaga zeper ýetirmek baradaky pikirleriň döremegi;

▸ Özüňe zeper ýetirmek baradaky pikirleriň döremegi;

▸ Çagaň bilen gyzyklanmazlyk, ysnyşmazlyk, ony ýat görmek;

▸ Ysgynsyzlyk we höwessizlik;

▸ Aşa köp ýa-da aşa az iýmek;

▸ Aşa köp ýa-da aşa az uklamak;

▸ Ünssüzlikden we pikiriňi bir ýere jemläp bilmezlikden ejir çekmek;

▸ Ýatkeşligiň peselmegi;

▸ Özüňi pes, günäli ýa-da erbet eje saýmak;

▸ Öňki lezzet alýan zatlaryňa bolan gyzygyň gaçmagy;

▸ Dost-ýarlaryňdan we maşgalaňdan çetleşmek;

▸ Kellagyrylaryň we bedeniňdäki beýleki agyrylaryň gaýtalanyp durmagy.

Dogrumdan soňky depressiýa näme sebäp bolýar?

Gormonal üýtgeşmeler dogrumdan soňky depressiýa ýol açyp bilýär. Aýalyň göwreli wagty onuň bedenindäki aýal gormonlary – estrogen bilen progestronyň mukdary iň ýokary derejä ýetýär. Çaga dogrumyndan soň ilkinji 24 sagadyň dowamynda bu gormonlar göwrelilikden öňki, ýagny adaty derejesine düşýär. Alymlar gormonlaryň derejesiniň beýle çalt üýtgemegi depressiýa eltip bilýär diýip çaklaýarlar. Bu aýbaşynyň öň ýanyndaky gormonal üýtgeşmelere meňzedilýär, emma göwrelilikdäki üýtgeşmeler örän ýokary derejeli bolýar.

Dogrumdan soň galkan şekilli mäziň gormonlarynyň derejesi hem pese düşüp bilýär. Galkan şekilli mäz bokurdagyňda ýerleşýär we bedeniň iýmitden alýan kuwwatlylygyň saklanşyny hem-de ulanylşyny sazlaýar. Bu mäziň gormonlarynyň derejesiniň pes bolmagy depressiýanyň alamatlarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär. Depressiýa galkan şekilli mäziň sebäp bolandygyny bilmek üçin diňe ganyňy barlatmak ýeterlikdir. Eger bozulma ýüze çykan bolsa, lukman ýörite şol mäziň dermanlaryny maslahat berip bilýär.

Dogrumdan soňky depressiýa eltip biljek beýleki ýagdaýlar:

◆ Dogrumdan soňky ýadawlyk;

◆ Ukusyzlyk ýa-da arasy bozulýan ukular sebäpli ýadawlyk;

◆ Täze doglan bäbegiň biynjalyk etmegi;

◆ Gowy eje bolup biljegiňe şübhelenmek;

◆ Öýdäki we işdäki üýtgeşmeler sebäpli gamgyn bolmak;

◆ Birkemsiz eje boljak bolmaga ymtylmak;

◆ Eje bolmazdan öňki halyň ýitmegine gynanmak;

◆ Dogrumdan soň daşky keşbiň üýtgemegi;

◆ Boş wagtyň ýetmezçilik etmegi.

Beýle duýgulardyr ýagdaýlar täze ejeleriň köpüsine mahsusdyr. Emma dogrumdan soňky depressiýa bejerip bolýan çynlakaý hassalykdyr. Çaga dogrumyndan soňra depressiýa düşmek kadaly ýa-da tebigy hadysa däldir.

Käbir zenanlar dogrumdan soňky depressiýa düşmäge has ýakyn bolýarmy?

Hawa. Aşakdaky kynçylyklary bar bolan zenanlar dogrumdan soňky depressiýa düşmäge has ýakyn bolýarlar:

◇ Öň depressiýany ýa-da ruhy bozulmany başdan geçiren bolsa;

◇ Depressiýaly ýa-da ruhy bozulmasy bolan maşgala agzasy bar bolsa;

◇ Maşgalasyndan we dost-ýarlaryndan goldaw ýok bolsa;

◇ Göwreliligiň dowamynda depressiýa düşen bolsa;

◇ Öňki göwrelilikde ýa-da dogrumda kösenen bolsa;

◇ Adamlar we pul bilen gatnaşygy öwerlik däl bolsa;

◇ 20 ýaşdan ýaş bolsa;

◇ Arakhor ýa-da neşekeş bolsa;

◇ Ýörite idege mätäç çagasy bar bolsa;

◇ Emdirmekde kynçylyk çekýän bolsa;

◇ Meýilleşdirmän ýa-da islemän göwreli bolan bolsa.

Eger mende dogrumdan soňky depressiýanyň alamatlary bar bolsa näme etmeli?

Käbir zenanlar öz ýagdaýlary barada hiç kime aýtmaýarlar. Täze ejeleriň özlerini bagtly duýmaga derek sussupes duýýandyklary üçin utanmaklary we müýnürgemekleri ähtimal. Erbet eje ýaly görünmek duýgusy hem olary gorkuzyp bilýär. Ýatda sakla: islendik zenan göwreliligiň dowamynda ýa-da çaga doglanyndan soňra depressiýa uçrap bilýär. Bu bolsa seniň erbet ejedigiňi aňlatmaýar. Bu sebäpli özüň hem, çagaň hem ejir çekmegine ýol bermeli dälsiň. Elmydama kömege taýýar adamlaryň bardygyny unutma. Seniň lukmanyň sendäki alamatlaryň depressiýa ýa-da başga bir zat sebäpli ýüze çykandygyny bilmäge kömek edip biler. Eger-de aşakdaky ýagdaýlar gowulaşmasa, hökman lukmana ýüz tut:

◈ Dogrumdan soňra 2 hepdeden uzak dowam edýän sussupeslik;

◈ Depressiýanyň alamatlarynyň gitdigiçe güýçlenmegi;

◈ Dogrumdan soňky 1 ýylyň içinde başlap, 2 hepdeden uzak dowam edýän depressiýa alamatlary;

◈ Öý işlerini etmekde kynçylyk çekmek;

◈ Özüňe we çagaňa gowy seretmezlik (iýmite, uka, arrasaçylyga we ş.m.);

◈ Özüňe ýa-da çagaňa zeper ýetirmek pikiriniň döremegi.

Depressiýa sebäpli lukmana gatnaýan döwrümde gowulaşmagym üçin öýde näme edip bilerin?

Lukmanyň maslahatlaryndan daşary hem, gowulaşmak üçin goşmaça şulary ýerine ýetirip bilersiň:

◾ Başardygyňdan gowy dynç al. Bäbegiň ýatan wagty sen hem ýat.

◾ Aşa köp işlejek ýa-da ähli zady özüň etjek bolma. Ýoldaşyňdan, ýakynlaryňdan we dost-ýarlaryňdan kömek sora.

◾ Özüňe wagt aýyr. Dost-ýarlaryň we ýoldaşyň bilen aýratyn wagt geçir.

◾ Duýgularyňy ýoldaşyňdan, goldawa taýyn ýakynlaryňdan we dost-ýarlaryňdan gizleme.

◾ Beýleki ejeler bilen gürrüňdeş bol. Olaryň tejribelerinden öwren.

◾ Çaga dogrumyndan soň dessine durmuşyňda uly özgerişlikler etmekden saklan. Täze doglan çagaň ýanynda uly özgerişlik strese salyp biler. Eger-de özgerişlik seniň erkiňde däl bolsa, onda täze şertlere uýgunlaşmany aňsatlaşdyrar ýaly öňünden ähli gerek zatlaryňy meýilleşdir.

◾ Şeýle-de, depressiýada wagtyň çagaňa ideg edip bilýän ýoldaşyň, ýakynyň ýa-da tanyşyň bolmagy seniň tiz sagalmagyňa uly goşant goşup bilýär.

Dogrumdan soňky depressiýa nädip bejerilýär?

Dogrumdan soňky depressiýany bejermek üçin ulanylýan esasy usullar:

● Söhbetdeşlik terapiýasy. Terapiýanyň dowamynda terapewt, psiholog ýa-da jemgyýetçilik işgäri bilen gürrüňleşip, depressiýanyň pikirleriňe, duýgularyňa we hereketleriňe ýetirýän täsirlerinden saplanmagyň ýollaryny öwrenip bilersiň.

● Derman serişdeleri. Dogrumdan soňky depressiýa üçin dürli derman-serişdeleri ulanylýar. Olary diňe lukman maslahat berip bilýär. Depressiýa dermanlarynyň iň köp ýaýran görnüşi antidepressantlardyr. Antidepressantlar depressiýanyň alamatlaryny gowşadyp bilýärler. Olaryň käbirlerini hatda çaga emdirýän wagtyň hem kabul edip bolýar. Emma olaryň täsiriniň bildirip başlamagy birnäçe hepdä çekip bilýär.

● Elektrokonwulsiw terapiýa (ECT). Bejerginiň bu usuly dogrumdan soňky depressiýanyň güýçli görnüşlerini bejermek üçin ulanylyp bilner.

Bu bejergiler ýeke-ýekeden ýa-da iki-ikiden hem ulanylyp bilner. Göwreli ýa-da emdirýän wagtyň depressiýany bejermekde nähili derman serişdeleriniň we bejeriş usullarynyň laýykdygyny bilmek üçin lukman bilen mashalatlaşmaly. Seniň depressiýaň çagaňa hem täsir edip bilýär. Bejergi almak siziň ikiňiz üçin hem möhümdir. Depressiýa sebäpli derman içmek ýa-da psihoterapiýa gatnamak seni erbet ejä ýa-da başarnyksyz adama öwürmeýär. Gaýtam, kömek gözlemek seniň batyrgaýlygyňdan habar berýär.

Eger dogrumdan soňky depressiýa bejerilmese näme bolýar?

Bejerilmedik depressiýa seniň enelik borçlaryňy ýerine ýetirmegiňe ýaramaz täsir edip bilýär. Meselem:

↣ Ysgynsyzlyk;

↣ Çagaňa we özüňe ýeterlik üns berip bilmezlik;

↣ Keýpiň üýtgäp durmagy;

↣ Çagaňa ideg edip bilmezlik;

↣ Janyňa kast etmek islegiň güýçlenmegi.

Galyberse-de, özüňi ýaramaz eje saýmak depressiýany has hem beterleşdirip bilýär. Alymlar ejedäki depressiýanyň çaganyň bütin çagalygyna täsir edip bilýändigini belleýärler. Ejedäki depressiýanyň çaga täsirleri:

⇒ Giç gürläp başlamak we öwrenmekde kynçylyk çekmek;

⇒ Ejesine ysnyşmagyň kynlaşmagy;

⇒ Özüni alyp barşynda bozulmalar;

⇒ Köp aglamak we ynjalyksyzlyk;

⇒ Kelte boý we semizlik (mekdebe barmadyk çagalarda);

⇒ Stresden baş alyp çykmakda kösenmek;

⇒ Mekdebe we köpçülik ýerlerine öwrenişmekde kynçylyk çekmek.

Depressiýa düşen enäniň ýoldaşy, dost-ýarlary we maşgalasy oňa nädip kömek edip bilerler?

Depressiýa uçran ene üçin ýoldaşynyň, dost-ýarlarynyň we maşgalasynyň goldawy örän möhümdir. Milli Saglyk Institutlary inisiatiwasynyň Eneleriň Psihiki Saglygy Gymmatlydyr atly bölümi depressiýany başdan geçirýän eneleriň ýakynlaryna şu maslahatlary berýär:

Alamatlara üns beriň. Depressiýadan we ynjalyksyzlykdan habar berýän alamatlary tanamagy öwreniň. Alamatlary bilen badyňyza oňa lukmana ýüz tutmaga kömek ediň.

Ony diňläň. Onuň gaýgy-aladasy barada bilmek isleýändigiňizi aýdyň. Meselem, "Göwnüme bolmasa soňky wagtlar sen ukyňy alyp bilmeýän ýaly, hatda bäbek ýatyrka-da sen oýa. Bir zat alada goýýana däldir?"

Oňa goldaw beriň. Oňa özüniň ýeke däldigini we kömege taýýardygyňyzy ýatladyň. Öý işlerini edişmegi, ol dynç alýarka ýa-da ýakynlaryna oturmaga gidende çaga seredişmegi teklip ediň.

Eger gerek bolsa ony kömek gözlemäge höweslendiriň. Onuň özüni birahat duýmagy we kömek gözlemek islemezligi mümkin. Ony lukman bilen gürleşdirmäge synanyşyň. Dogrumdan soňky kynçylyklar barada maglumat bilen paýlaşyň. Onuň lukman bilen görüşmesi üçin kömek teklip ediň.

Çeşmeler: 1 / 2 / 3

  • 182 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location