Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇAGA EMDIRILÝÄN DÖWÜRDE GÖWRELILIGIŇ ÖŇÜNI NÄHILI ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

birth control while breastfeedingAkuşer-ginekolog lukmanlary dogumdan soňky birinji dört-alty hepdäniň dowamynda jynsy gatnaşykdan saklanmagy maslahat berýärler. Dogumyň geçişine baglylykda bu möhlet her aýalda dürli dowamlylykda bolup biler. Bu döwürde ýatgynyň uly ölçegde bolup, onuň nemli gatlagynyň dikelmä mätäçligi we gelýän ganly bölünip çykmalar oňa ýokançlyklary düşürme howpuny ýokarlandyrýar. Ýaňy dogumy başyndan geçiren aýalyň önelgelilik agzalary dikelip, fiziki we emosional saglygy kadalaşýança jynsy gatnaşyklary geçirmezlik dogry hasaplanýar.

Dogumdan soň göwreliligiň öňüni alyş (kontraseptiw) serişdeleriň görnüşini saýlama ene süýdi bilen iýmitlendirmä juda baglydyr. Çaga emeli iýmitlenmede bolan ýagdaýynda aýal islendik kontraseptiwden peýdalanyp biler. Eger aýal çagasyny emdirýän bolsa, onda ene süýdüne we çaganyň saglygyna täsir etmeýän serişdäni saýlap almak wajypdyr.

Dogrumdan soň kontraseptiw serişdeleri saýlama soragyna çynlakaý çemeleşme wajypdyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, çaga dogrumlaryň arasynyň 2-2,5 ýyl bolmagy aýal bedeniniň öňki dogrumdan soň doly dikelip ýetişmegine ýardam berýär. Operatiw dogrumdan (Kesarewo kesimi) soň, ginekolog lukmanlar 3 ýyl göwrelilikden goranmagy maslahat berýärler.

Göwrelilikleriň bu möhletden ýygy bolmagy çaganyň wagtyndan öň dogma howpuny, bäbekleriň fiziologiki ösmeginiň yza galmagyny, şeýle-de enäniň we çaganyň ölümçiligini ýokarlandyryp bilýändir. Göwrelilikara arakesmäniň ýeterlik bolmazlygy aýalyň endokrin ulgamynyň deňagramlaşmagyna, bedeniň öňki göwrelilikden soň dikeldilmegine mümkinçilik bermeýär. Şeýlelikde, täze dörän göwrelilik gan azlylygyň agyr derejeleri, preeklampsiýa, dogumdan soňky gan akmalar, çaganyň ösüşden yza galmagy bilen gaýraüzülip biler.

Ondan başga-da, göwrelilikleriň yzly-yzyna bolmagy çaganyň doly ene süýdi bilen emdirilmegine päsgel berýär. Şeýle hem her çaga berilmeli emosional duýgulary, ünsi, ene we ata mährini azaldýar.

Çaga emdirme-tebigy kontraseptiw!

Dogumdan soň iň ýönekeý kontraseptiw usuly aýala tebigatyň özi hödürleýär. Ene süýdini işläp çykarmaga kömek edýän prolaktin gormony ýumurtgalyklaryň işini, şeýle hem aýal öýjükleriniň emele gelmegini togtadýar. Şeýlelikde, göwreliligiň galmagy üçin şertler aradan aýrylýar. Ýöne bu usulyň ulanylşynda ýokary netijeliligi gazanmak üçin birnäçe şertler berjaý edilmelidir:

1. Çaganyň talaby boýunça emdirmeleriň arasy gündiz 4 sagatdan gysga, gije bolsa 6 sagatdan gysga bolmaly däldir. Şeýlelikde, bir gije-gündizde çaga emdirmeleriň sany 7-8 gezege barabar bolmalydyr;

2. Bu usul diňe dogumdan soňky 6 aýyň dowamynda netijelidir.

Prezerwatiw we diafragma

Spermatozoidleriň jyns agzalaryna düşmegine bökdençlik döretmäge kömek edýän prezerwatiwler dogumdan soňky döwürde hem ulanylyp bilner. Ol elýeterliligi, ulanyşda ýönekeýligi bilen tapawutlanyp, çaganyň saglygyna we ene süýdi bilen iýmitlendirmä ýaramaz täsirini ýetirmeýär. Galyberse-de, ony islendik wagtda islege görä ulanyp bolýandyr. Prezerwatiwiň jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokançlyklardan goraýandygy onuň ýene bir ýaramly tarapy bolup durýändyr. Häzirki wagtda ulanylýan prezerwatiwleriň goşmaça spermisidler (spermatozoidleri öldürýän himiki maddalar) we ýörite çyglandyryjylar bilen işlenýändigi üçin, olar jynsy gatnaşyk wagty oňaýsyzlyk döredýän däldir.

Prezerwatiwlerde gatnaşyk wagty ýyrtylma howpunyň bolmagy onuň ýetmezçilik tarapy bolup biler. Ondan başga-da, onuň ulanylmagyny hemişe erkek adamlar halap hem barmaýar.

Bökdençlik döretme usulyna ýanaşmadan 15-20 min. öň ýatgynyň boýunjygyna diafragmany, ýörite gutujyklary (kolpaçok) geýmek hem degişli edilýändir. Degişli ölçegli serişdäni saýlamak we dogry geýdirmek jogapkärçiligi bu usullaryň ulanylmagyna bökdençlik döredýär.

Spermatozoidleri togtadyjy serişdeler

Olar şem, krem, jynshana gerdejikleri görnüşinde öndürilip, erkeklik öýjüklerini jansyzlandyryjy derman serişdeleri (spermisidleri) saklaýandyr. Spermisidleri dogumdan soň ulanyp bolýandyr we olar saglyk hem-de ene süýdi üçin hopwsuzdyr. Bu serişdeler ulanyşda hem oňaýlydyr- olar jynshana jynsy gatnaşygyň öň ýanynda goýulýandyr. Spermisidler diňe islenilmedik göwrelilikden goraman, jynsy gatnaşyk arkaly geçýän ýokançlyklaryň köpüsinden hem goramaga ukyplydyrlar. Hemme derman serişdelerine mahsus bolşy ýaly, allergiki täsirliligi döretmek häsiýeti olaryň ýaramaz tarapy bolup durýandyr.

Spiral

Ýatgynyň içine goýulýan serişdeler (spiral) gormon we mis saklaýjy görnüşde bolup, lukmanyň barlagyndan soň goýulýandyr. Spirallary dogumdan 6-8 hepde soň, kesarewo kesimi arkaly geçen dogumdan bolsa 3-4 aý soň ýatga goýmak maslahat berilýär. Ýatga goýulýan serişde çaganyň ýagdaýyna we ene süýdüne täsir etmeýär. Şeýle-de, täsiriniň uzakmöhletliligi (5 ýyl), aýyrlandan soň önelgelilik ýagdaýyna täsir etmeýänligi bilen häsiýetlenýär. Spiral aýyrlandan soň göwrelilik çalt galyp bilýär. Gormon saklaýjy spiral köp gelýän aýbaşyny kadalaşdyrýandyr we bejergi çäresi höküminde hem ulanylýandyr.

Ýatga goýulýan serişdeleriň ulanylşynda aýbaşy bozulmalary, aýbaşara gan akmalar, goýulýan wagty ýatgynyň deşilmegi, garnyň aşagynda agyrylaryň, sowuklama ýagdaýlaryň döremegi esasy bellemeli gaýraüzülmeli ýagdaýlardyr.

Gerdejikleri saýlamak

Häzirki wagtda gormonal kontraseptiw serişdeleriň dürli görnüşleri öndürilip, olaryň hersi öz häsiýetnamasy bilen bellidir. Eger aýal çaga emdirmeýän bolsa, hem estrogen, hem gestagen saklaýan utgaşdyrylan gormonal gerdejikleri birinji aýbaşynyň başyndan kabul edip bilýändir.

Çaga emdirýän aýallara estrogen gormony saklamaýan, diňe gestagen saklaýjy serişdeleri kabul etmek maslahat berilýär. Estrogen gormony çaganyň saglygy we emdirme üçin howpludyr.

Gestagen gormonynyň birmeňzeş mukdaryny saklaýan gormonal gerdejiklere “mini-pili” diýýärler. Ol serişdeleri (laktinet, ekslýuton, mikrolýut, çarozetta we baş) dogumdan 6-7 hepde soň kabul edip başlamak maslahat berilýär. Bu serişdeler süýdüň emele gelmegi we çaganyň saglygy üçin howpsuzdyrlar.

Gormonal serişdeler günde 1 gerdejikden yzygider kabul edilýändir we kabul etmezden öň lukmanyň maslahatyny we gözegçiligini talap edýändir.

Gormon saklaýjy implantlary goýdurmak

Gestagen gormony saklaýjy implantlar goluň derisiniň aşagyna goýulýar. Olaryň 5 ýyllyk täsirliligi bolup, aýyrlandan soň çaga galmak ukyby bir ýylyň dowamynda dikelýändir.

Bäş ýyl serişdäniň kabul edilşine gözegçilik etmek aladasynyň bolmazlygy, ene süýdi we çaga üçin howpsuzlygy implantlaryň ýaramly tarapy bolup durýandyr.

Gutarnykly hirurgiki usuly

Hururgiki usul bilen aýallarda ýatgynyň turbalaryny daňmak, kesip daňmak (hirurgiki sterilizasiýasy) çäreleri geçirilýär. Bu usul kesarewo kesimi operasiýasy geçirilýän wagty ýa-da laproskopiki usul arkaly, degişli agyrsyzlandyrma usuly ulanylyp geçirilýär.

Erkek adamlarda ýerli agyrsyzlandyrma astynda tohum çykaryjy ýodajyk daňylýandyr. Hirurgiki usulyň netijeliligini anyklamak maksady bilen soňundan dölüň barlagy geçirilýär, dölde spermatozoidleriň bolmazlygy geçirlen hirurgiki çäräniň netijeliligini alamatlandyrýar.

Bu usuly ulanan aýal hem, erkek adam hem hirurgiki çäräniň gutarnykly netije berip, soňundan dikeldişi gazanyp bolmaýandygyny bilmelidir.

  • 49 gezek okalan