Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
DOGRUMDAN SOŇKY DÖWRÜŇ KYNÇYLYKLARY
Dogrumdan soňky döwür, çaganyň ýoldaşynyň çykmagyndan soň başlanýar we dogrum wagtynda üýtgeme geçiren hemme agzalar we beden ulgamlary öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýänçä dowam edýär. Ol 6-8 hepde aralygy öz içine alýar.
Bu döwürde çaga dogran enäniň hemme agzalary göwrelilikden öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär.
Dogrumdan soňky döwürde, diňe çaga barada dälde, eýsem ene barada alada etmek wajypdyr. Enäni alada, ünsli, mähirli gatnaşyk bilen gurşamaly. Bu ýerde çaganyň atasynyň, başga maşgala agzalaryň orny ulydyr.
Göwrelilik döwründe, geljekki ene özünde döräp, ulalýan täze ýaşaýşy kabul etmäge öwrenişýär. Dograndan soň ol ene bolýar. Ol çagany duýmaly, oňa öwrenişmeli, onuň aladasy bilen ýaşamaly. Çaga degişli hemme işlerde ol özüne uly jogapkärçiligi almaly bolýar.
Çaga barada alada enäniň hemme wagtyny alýan hem bolsa, dograndan soňky bir aý, aýal öz ýagdaýyna gözegçilik etmegi ýatdan çykarmaly däldir. Sebäbi, diňe sag, şähdiaçyk, mähirli ene öz çagasy ugrunda dogry we göwnejaý alada edip biler.
Dogrumdan soň aýal haýsy ýagdaýlara üns bermeli?
Jynshanadan bölünip çykmalar.
Dogrumdan soň, jynshanada aýbaşy gelýän ýaly ganly bölünip çykmalar bolýar. 6-8 hepdäniň dowamynda, olaryň umumy mukdary 500-1500ml. deň bolup, özboluşly dymyljyk yslydyr.
Eger bölünip çykmalaryň ysy ýitelse ýa-da gaty porsy bolsa, onda bu ýokançlyklaryň alamaty bolup biler. Haýal etmän lukmana ýüz tutmalydyr.
Başda bölünip çykmalar gan görnüşinde bolup, soň goňrymtyl reňke öwrülýär. Dogrumdan 4 hepde geçenden soň, olaryň reňki agaryp, azalyp, gutarýarlar. Eger bölünip çykmalar 2-3 hepdäniň dowamynda hem açyk gyzyl reňkde bolup, köpelse, bu käbir keselleriň alamaty bolup biler. Lukmana ýüz tutmak hökmandyr.
Aýal ýönekeý gigiýeniki çäreleri geçirmegi ýatdan çykarmaly däldir. Ýygy-ýygydan duşuň aşagynda ýuwunmaly. Daşky jyns agzalary (ýöne içini däl) ýuwmaly.
Bölünip çykmalar sebäpli gigiýeniki serişdeleri ulanmak zerurdyr. Şu sorag babatda dürli pikirler ýüze çykýar. Bir gezek ulanylýan gigiýeniki serişdeler howany geçirmeýär. Şonuň üçin hem dürli ýokançlyklaryň ösmegine sebäp bolup biler. Galybersede, olarda bölünip çykmalaryň häsiyetini seljermek kyn bolýar. Şonuň üçin hem, pagtadan dokalan matalardan (ýa-da arlykdan) ýörüte serişde tikmek gowy bolar.
Dogrumdan soňky hepdelerde jynsnana bir gezek ulanylýan dykylary ulanmak bolmaýar. Olar hem dürli ýokançlyklaryň döremeginiň sebäbi bolup biler.
Ýatgynyň ýygrylmagy.
Dogrumdan soň, ýatgynyň agramy 1 kg. barabardyr. Şol döwrüň birinji hepdesinde ol 50 gr. çenli kiçelýär. Ikinji hepdäniň soňunda ol 350gr, üçünji hepdäniň soňuna çenli bolsa, ol 250 gr. çenli kiçelýär.6-8 hepdeden soň, ýatgy doly ýygrylýar we öňki ýagdaýyna gelýär. Dogran aýalyň yatgysynyň agramy 75gr. deňdir. Ýatgynyň ýygrylmagy, bedeniň umumy ýagdaýyna, onuň nerw we endokrin ulgamynyň işine, aýalyň ýaşyna, dogrumlaryň sanyna, dogrumyň geçişine baglydyr. Ýatgynyň ýygrylmagy, onuň açyk gan damarlarynyň ýapylmagyna, göwrelilik döwründe emele gelen bardalaryň çykmagyna ýardam berýär.
Ýatgynyň ýygrylma derejesi her aýalda dürli-dürlidir. Soňky çagalarda ýygrylma güýçli duýulýar. Güýçli ýygrylmany çaga emende hem duýup bolýar. Çaga emende, ol emzigi gyjyndyrýar. Bu bolsa beýnide oksitosin gormonynyň işläp çykmagyna ýardam berýär.
Oksitosin bolsa, süýt emele getiriji gormon bilen bilelikde ýatgynyň ýygrylmagyny güýçlendirýär. Bu ýagdaý aýaly ynjalyksyzlandyryp biler. Kä aýal ýatgynyň ýygrylmagyny duýmasa hem, käbir aýala çaga emdirmek kyn bolýar. Adatça agyrylar birnäçe gün dowam edip, aýrylýar.
Eger ýatgynyň ýygrylmagy güýçli bolsa, öz ýagdaýyňyzy ýeňilleşdirmäge çalşyň. Ýassygy garnyňyza goýup, öňe egiliň. Bu ýagdaý agyryny azaldyp biler. Gaty ýassygyň üstünde ýüzin ýatsaňyz hem bolýar. Oturgyçda oturyp, eliňizi ýatga goýup, öňe egilseňiz hem ýeňleme duýarsyňyz.
Çagany gapdal ýatyp ýa-da gapdallayyn oturyp emdirseňiz hem ýygrylma güýçli duýulmaz. Ýatgynyň ýygrylma wagty, jynshanadan bölünip çykmalar köpelip biler. Bu adaty ýagdaýdyr.
Dogrumdan soňky birinji hepdede garnyň myşsalary hem agyryp biler. Dogrumda olaryň aşa ýygrylmagy netijesinde, şikesiň ýetmegi mümkin. Bu ýagdaýda emaý bilen geçirilen owkalama gowy kömek eder. Garnyň myşsalary gowşamaz ýaly, çaga bolan aýal garnyny berk daňsa ýa-da dogrumdan soňky geýilýän ýörite guşaklary (bandaž) geýse peýdaly bolar.
Ýamzyň kesilmegi (epiziotomiýa).
Ýamzyň ýumşak dokumalarynyň ýyrtylmagy ýa-da onuň ýyrtylmagynyň öňüni almak üçin ýörite kesilme (epiziotomiýa) geçirlende, oňa tikin goýulýar. Tikinleri arassa we gury saklamak hökmandyr.
Dogrum öýünden çykandan soň, tikinlere aýal seretmelidir. Günde birnäçe gezek duş kabul etseňiz hem, jynshana suwy düşürmejek boluň. Daşky jyns agzalary çopantelpegiň, kalendulanyň, ewkaliptiň suwy bilen ýuwmak peýdaly bolar.
Tikinler bitende biraz agyry bolup biler. Ýöne agyry güýjese ýa-da tikinde iriň, ýaramaz ys dörese, hökman lukmana ýüz tutmalydyr.
Bölünip çykmalar gutaryp, goýlan tikinler bitenden soň, yzynda galýan tyglar barada pikir etme möhümdir. Tygy ýumşatmak üçin, it burunyň, oblepihanyň ýaglaryny ulanyp, owkalama geçirme peýdalydyr.
Çopantelpekden, jerebaýdan, kalenduladan taýynlanan suwda oturmak hem gowy netije berer. Kegeliň maşklaryny ediň (birnäçe gezek, çanaklyk düýbüniň myşsalaryny gysyp, goýberme). Eger size tikin goýlan bolsa, emaý bilen hereket ediň. Çagany gapdal ýatyp ýa-da gapdallaýyn oturyp (doly ýanbaş bilen dälde) emdirjek boluň. Birinji üç aý agyr işleri etmekden gaça duruň.
Babasil (gemorroý) keseli.
Babasil – bu artbujagyň damarlarynyň giňelmegidir.
Göwrelilik döwründe ýatgynyň basmagy hem-de çanaklyk agzalarynyň gan aýlanşygynyň ýokarlanmagy netijesinde ýüze çykýar. Keseliň başynda artbujakda gijeme, täret edilende agyry ýüze çykýar. Soňundan giňelen damarlaryň çykyp, olaryň ganamagy bolup biler.
Haýal etmän lukmana ýüz tutuň. Lukmanyň maslahatyna goşmaça, öz iýmitiňize üns beriň. Täretiň gatamagyna ýol bermäň. Iýmitiňize kelem, şugundyr, käşir, guradylan garaly, buga bişen almany goşyň. Babasil keselinde bölünip çykmalar gutarandan soň, otlardan ýasalan ýyly wannalarda oturmak peýdalydyr. Onuň üçin çeňňeli, ýorunja, kyrk bogun ýaly otlar ulanylýar.
Dogrumdan soňky ýadawlylyk, sustupeslik.
Çaga dogandan soň, aýal özüni bagtly we şähdiaçyk duýýar. Ol ene boldy we onda çagasyna bolan ýagty duýgy, mährililik, söýgi döreýär. Ýöne durmuşda gapma-garşy ýagdaýlar hem ýüze çykyp biler.
Endokrin ulgamyň işiniň üýtgemegi we bedende bolup geçýän köpsanly başga üýtgemeler aýalyň emosianal ýagdaýyna täsir edip biler. Enäniň çaga baradaky üznüksiz aladasy, gijeki ukysyzlyk, köp işi birden etjek bolmaklyk, aýaly güýçden gaçyrýar,ony ýadadýar. Onuň özüne bolan ynamy gaçýar.
Dogrumdan soňky ýadawlyk, sustupeslik dogran aýallaryň 10-11%-de duş gelýär.Ýewropa ýurtlarynda bu ýagdaý ýygy-ýygy duş gelýär.
Özüňe nähili kömek bermeli?
- Köp dynç alyň. Dogrumdan soň, aýalyň durumsyzlygyna we işjeňligine garamazdan, ol çalt ýadap biler. Özüňizi gowy görüp, aýap saklaň. Özüňiz üçin wagt tapyň. Köp gezmeläň, ukyňyzy alyň. Eger mümkin bolsa, çaga ýatanda siz hem şondan peýdalanjak boluň. Hojalyk işlerine kömekleşmek üçin, ýakynlaryňyz öz hyzmatyny hödürlese, ýüz öwürmäň. Bu siz üçin uly kömekdir.
- Köşeşdiriji içgileri içiň: süýtli çaý, gara smorodinadan, brusnikadan taýynlanan içgileri, käşir şiresini, çopantelpekden, melissadan, lawandadan taýarlanan çaýlar peýdalydyr.
- Beloklara, ýaglara, witaminlere, uglewodlara baý iýmiti iýiň. Iýmitiň hiliniň çaganyň ýagdaýyna täsir etjekdigini yatda saklaň.
- Nerw ulgamyny köşeşdirmek üçin, rozmarim, melissa,beryuza, çopantelpekden taýynlanan wannalary ulanmak peýdalydyr.
Ýokardaky maslahatlar ýadawlygyň, gaharjaňlygyň, sustupesligiň ýeňil ýagdaýlarynda kömek edip biler. Ýöne ukysyzlyk, içdäniň kemelmegi, aşa howsalaly ýagdaý ýüze çykanda, psihoterapewt lukmanyň maslahatyny almak juda zerurdyr.
- 12802 gezek okalan