Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DOGRUM ÝOLLARYNYŇ ŞIKESLENMELERI: BEJERGISI WE TIKINLERE SERETMEK DÜZGÜNLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (23 Ses)

Dogrum wagty dürli sebäplere görä ýüze çykýan dogrum ýollarynyň şikeslenmeleri dogrumdan soň aýalda biynjalyklylyk döredip, olaryň tikilmegi bolsa tikinlere seretmek düzgünini berjaý etmegi talap edýändir.

GÖRNÜŞLERI

Ýyrtylmalaryň döreýän ýerine baglylykda daşky (ýamyzda) we içki (jynshanada, ýatgynyň boýunjygynda) tikinleri tapawutlandyrýarlar. Olar dürli serişdelerden ýasalan sapaklar bilen dikeldilip, aýratyn idetme çärelerini talap edýär. Ol düzgünler barada her bir çaga dogran aýal habarly bolmalydyr.

ÝATGYNYŇ BOÝUNJYGYNA GOÝULÝAN TIKINLER

Sebäbi: uly çaga.

Agyrsyzlandyrma: dogrumdan soň biraz wagt ýatgynyň duýujylygynyň ýitirilýändigi sebäpli geçirilmeýär.

Tikim serişdeleri: öz-özünden aýrylýan we sökülmegi talap etmeýän ketgut, şeýle hem wikril, kaproag.

Aýratynlygy: agyry we oňaýsyzlyk döretmeýär, gaýraüzülmelere getirmeýär.

Ideg çäreleri: talap edilmeýär.

JYNSHANA GOÝULÝAN TIKINLER

Sebäbi: dürli derejedäki dogrum şikesler.

Agyrsyzlandyrma: nowokain ýa-da lidokain bilen ýerli agyrsyzlandyrma.

Tikim serişdesi: ketgut.

Aýratynlygy: birnäçe gün agyry saklanýar.

Ideg çäreleri: talap edilmeýär.

ÝAMZA GOÝULÝAN TIKINLER

Sebäbi: dogrumda şikeslenmegi ýa-da çaganyň aňsat dogulmagy üçin kesilmegi.

Görnüşleri: I dereje (diňe deri şikeslenen), II dereje (deri we myşsa süýümleri şikeslenen), III dereje (ýyrtylma göni içegäniň diwaryna çenli).

Agyrsyzlandyrma: lidokain bilen ýerli agyrsyzlandyrma.

Tikim serişdeleri: ketgut (I derejede), öz-özi gaçmaýan sapaklar-ýüpek ýa-da kapron sapaklary (II we III derejede).

Aýratynlygy: uzak wagt agyrylar saklanýar.

Ideg çäreleri: şahsy arassaçylyk düzgünleri, arassalaýjy erginler bilen kadaly işleme.

Ýamza goýulýan daşky tikinler aýratyn kynçylygy döredip, dürli gaýraüzülmelere (iriňleme, alawlama, ganama) getirip bilýändir. Şonuň üçin bu sorag babatda ýaňy çaga dogran aýallarda dürli soraglar ýüze çykyp, olaryň hemmesi hem aýalyň saglygy üçin wajypdyr.

DOGRUM ÝYRTYKLARYNYŇ BITME DOWAMLYLYGY

Dogrumda şikeslenmelere duçar bolan her aýaly bu sorag gyzyklandyrýandyr, çünki her aýal agyrylardan dynyp, öz adaty gündelik düzgünine çalt gaýdyp gelmäge ymtylýar. Tikinleriň bitme dowamlylygy köp sebäplere baglydyr:

► Öz-özi aýrylýan sapaklar ulanylanda 2 hepdäniň dowamynda şikesler bitýändir, emele gelen tyg bolsa 1 aýyň dowamynda aýrylyp, aýratyn ynjalyksyzlanma döredýän däldir.

► Başga sapaklar bilen tikilende sikesiň bitme ýagdaýy idetme çärelerine we bedeniň aýratynlygyna bagly bolýar: dogrumdan soň 5-6 günden olar kesilip aýrylýar, 2-4 hepdäniň dowamynda bitýärler.

Dogrumdan soňky goýlan tikinleriň bitme dowamlylygy, olara seretmek we arassa saklamak çärelerine bagly bolup, olara dürli ýokançlyklaryň düşme howpuny aýyrmalydyr.

TIKINLERE SERETMEK ÇÄRELERI

► Dogrum öýünde daşky tikinler günde 2 gezek jöwherli ýaşylyň spirt ergini ýa-da "margansowka" ergini bilen göbegene tarapyndan ýuwulýar.

► Dogrumdan soň her iki sagatdan daşky jyns agzalara goýulýan gigiýeniki serişdeleri çalyşma maslahat berilýär.

► Içki eşikler pagtadan dokalan matadan taýynlanan bolup, olar gysmaly däldir. Ýamzy gysyp, onuň gan aýlanşygyny kynlaşdyrýan içki eşikler tikinleriň haýal bitmeginiň sebäbi bolup biler.

► Her 2 sagatdan, şeýle-de her gezek hajathana baranyňyzdan soň daşky jyns agzalary ýuwuň. Irden we agşam duş kabul edeniňizde, ýamzy sabyn bilen ýuwup, günüň dowamynda bolsa ýöne suw bilen ýuwuň.

► Daşky tikinli tygy has gowy ýuwmaga çalşyň, suw akymyny göni şoňa gönükdiriň. Ýuwunanyňyzdan soň, süpürgiç bilen suwy sorduryjy hereketler bilen ýamzy, öňden yza ugur bilen süpüriň.

► Peşewden doly peşew halta ýatgynyň ýygrylmagyna bökdençlik döretmez ýaly, ony kadaly we özwagtynda boşatmaga ymtylyň.

► Ýene bir üns bermeli sorag: ýamza tikin goýlandan soň näçe gün oturmak maslahat berilmeýär? Şikeslenmeleriň derejesine görä, lukmanlar 7-14 günüň dowamyny belleýärler. Bir hepdeden soň tikin goýlan tarapyň garşysyndaky ýanbaşa oturmak maslahat berilýär. Oturýan ýeriňiz gaty tekizlik bolmalydyr.

► Agyrylardan gorkup, täret etme islegiňizi göýbermeli däldir. Bu ýagdaý soňundan has güýçli agyrylara getirip biler. Içiň gatamalarynyň öňüni almak üçin dogry iýmitlenmegiňizi ýola goýuň, ýeterlik suw içiň, iýmitlenmezden öň bir nahar çemçe ösümlik ýagyny kabul ediň we täret etmäni ýeňilleşdirmek üçin ýörite şemleri (meselem, gliserin şemleri) ulanyň.

► Jyns agzalaryna tikin goýlan aýala 3 kg.-dan artyk ýük götermek bolmaýar.

GOÝLAN TIKINLERDE DÖRÄP BILJEK GAÝRAÜZÜLMELER

Kähalatlarda iki hepdeden soň hem aýal jyns agzalarynda agyry we oňaýsyzlyk duýup bilýär. Bu ýagdaý tikinleriň bitişmegine bir sebäbiň päsgel berendigini we gaýraüzülmäniň ýüze çykandygyny alamatlandyrýandyr.

Agyry – başga alamatlar bolmazdan, eger tikinler diňe agyryp, tyg haýal bitýän bolsa, onda lukman gyzdyrma çärelerini maslahat berip biler. Bu bejergi dogrumdan soň 2 hepdeden ir bolmadyk möhletde geçirilmelidir. Onuň üçin kwars ýa-da infragyzyl lampalar ulanylýar. Gyzdyrmalar 5-10 min. dowamynda 50sm. aralykdan geçirilýändir. Agyryny bitişmegi güýçlendirýän "Kontratubeks" ýagy hem aýryp bilýändir. Ol 2-3 hepdäniň dowamynda günde 2 gezek ulanylýar.

Tikinleriň açylmagy – eger dogrumdan soň tikinler açylan bolsa, haýal etmän lukmana ýüz tutmak wajypdyr. Eger görkezmeler bolsa tikinler täzeden goýlup biler. Eger ýara bitişen bolsa, bu lukmançylyk kömegini talap etmeýär. Onuň ýaly ýagdaýlarda lukman ýarany bitiriji melhemleri ulanmagy maslahat berýär.

Gijeme – köplenç aýallar dogrumdan soň goýlan tikinleriň gijeýändigini belleýärler. Tikinleriň gijemegi olaryň bitmeginiň alamaty bolup bilýändir we aýalda biynjalyklygy döretmeli däldir. Bu ýagdaýy ýeňilleşdirmek üçin ýygydan mylaýym suw bilen ýuwunmagy maslahat berip bolar. Ýöne gijeme duýgularynyň tikinleriň çekilmeginde hem bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Şeýle bolanda özüňize gözegçilik ediň: belki siz ir oturyp başlansyňyz ýa-da agyr götermeli bolýansyňyz.

Iriňleme – eger aýal kadasyz, ysly, goňrumtyl-ýaşyl reňkli bölünip çykmalary duýan bolsa, bu tikinleriň ýokançlyklaryň täsiri bilen iriňländiginden habar berip biler. Bu barada haýal etmän lukmany habarly etmelidir. Tikinleriň iriňlemegi olaryň açylmagyna getirip bilýän gaýraüzülmedir. Lukman tarapyndan bu ýagdaýda antibiotik serişdeleri kabul etmek, "Malawit" geli, "Lewomekol", "Solkoseril", Wişnewskiniň ýagyny çalmak maslahat berlip biler. Bu ýaglar ulanylmazdan öň, iriňli ýara hlorgeksidin ýa-da wodorodyň öteturşysy bilen arassalanmalydyr.

Gan akma – eger dogrumdan soň tikinler ganaýan bolsa, bu esasy, bir hepdäniň dowamynda oturmazlyk düzgüniniň bozulandygyndan we ýaranyň açylandygyndan habar berip biler. Şeýle ýagdaýda lukman açylan ýara täzeden tikin goýar ýa-da bitiriji ýaglary (meselem, "Solkoseril") ulanmagy maslahat berer.

Tikinler goýlandan soň, 5-nji ýa-da 6-njy günler lukman tarapyndan aýrylýar. Tikinini aýyrtnaga gidýän hemme aýallary bir sorag gyzyklandyrýar: tikinleri aýyrma agyrylymy we agyrsyzlandyrma ulanylýarmy? Lukman sizi köşeşdirip, tikinleriň aýrylmagynyň çybynyň çakmasyny ýagyňa salýandygyny aýdar. Ýöne bu ýagdaý aýalyň agyryny duýujylyk derejesine bagly bolup, her aýalda birhili duýgulary döretmegi mümkindir. Eger gaýraüzülmeler bolmasa, agyryly duýgular bolmaýar: aýal diňe ötme duýgulary bilen bilelikde ujypsyzja sançma duýar. Elbetde, agyrsyzlandyrma geçirme gerek bolmaýar.

  • 6461 gezek okalan