Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIK DÖWRI: IÝMIT ISLEGLERINIŇ ÜÝTGEMEGI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (10 Ses)

gowrelilik we iymitGöwreli aýallaryň köpüsi göwreliligiň ilkinji günlerinden başlap iýmit islegleriniň üýtgeýändigine üns berýärler. Eger öň aýal balygy halamaýan bolsa, häzir her gün diýen ýaly oňa işdämenlik bilen ýapyşýar. Kä aýal gök önümleri köp iýmäge isleg bildirse, käbiri diňe etli nahara höwesek bolýarlar. Meniň goňşym Aýtäç üçünji gezek çaga garaşanda ürç edinip gaýnadylan mekgäni iýmäge islegi köp boldy. Süýtlidir, şekerli saryja, däneleri digir-digir mekge böleklerini alyp gelýän Aýtäji göremizde: "Şäheriň hemme mekgelerini alyp gutardyň" diýip degişýärdik.

Esasy günäkär – progesteron

Göwrelilik döwründe iýmit islegleriniň üýtgemeginiň esasy sebäbiniň bedende bolup geçýän gormonal üýtgemelerindendigi lukmanlar tarapyndan subut edildi. Bu üýtgeşmeleri dörediji esasy "gahryman" – progesteron gormonydyr. Belli bolşy ýaly, progesteron göwreliligiň saklanmagy we çaganyň kemala gelmegi üçin jogapkärdir. Bu gormon ýumurtgalyklar, böwreküsti mäzler we göwreliligiň 16-njy hepdesinden çaganyň ýoldaşy tarapyndan işlenilip çykarylýar. Ol diňe bir ýatgynyň myşsasyny asuda ýagdaýda saklaman, eýsem süýt mäzleriniň hem ösmegini tijendirýär we çaganyň beden tarapyndan düşürilmeginiň öňüni alýar.

Göwrelilikde progesteronyň ýokarlanmagy netijesinde ençeme biohimiki hadysalar bolup geçip, ol göwreliniň bedeninden gerek bolan peýdaly maddalary sarp etmäge gönükdirilen gözlegi ýola goýýar. Hut progesteron gormony peýdaly maddalaryň (beloklar, mikroelementler, witaminler) kadasyny ýa-da ýetmezçiligini kesgitleýär we olaryň ýetmezçiliginde gerek bolan mätäçligiň öwezini doldurmaga itergi berýär.

Näme ýetmese, şony hem iýýäris...

Göwrelilik döwründe çaga düwünçeginiň kadaly ösmegi üçin ýetmezçilik edýän maddany beden daşyndan, iýmitden almaga çalyşýar:

↪ Fosfor mineraly we D witamini ýetmedik ýagdaýynda göwreli aýal deňiz kelemini, balygy we deňiz önümlerini köp iýmäge isleg bildirýär. Bu maddalar çaganyň nerw ulgamynyň kemala gelmegi üçin möhümdir.

↪ Bedende kaliý ýetmese, erige, şetdala, banana, ýer almasyna, guradylan erige (kuraga) isleg ýokarlanyp biler. Bu minerala çaganyň myşsalarynyň we ýürek myşsasynyň ösüşi baglydyr.

↪ Eger göwreli aýalda bedeniň kuwwatlylygyny dikeltmek üçin glýukoza ýetmese, ol şokolad, tort, buz gaýmak, bal iýmäge ýykgyn bolar. Ýöne bu önümleriň "boş, peýdasyz" kaloriýalary saklaýandygy sebäpli, köp mukdarda kabul edilende beden agramynyň ýokarlanmagyna getirjekdigini ýatda saklamalydyr.

↪ Demir ýetmedik halatynda alma, ýertudana, käşir, şugundyr iýmäge isleg bildirýär.

↪ Eger göwreli birden süýdi, peýniri, süzmäni, gatygy halap başlasa, göwreliligiň bu tapgyrynda oňa kalsiniň ýetmeýändigini aňladyp biler. Haçanda göwreli diwara çalnan heki, kesegi ýa-da mekdep melini iýmäge höwesek bolan ýagdaýynda hem, kalsiý mineralynyň ýetmezçiliginden habar berip biler. Kalsiý bolsa çaganyň süňk ulgamynyň gurluşyna sarp edilýär. Ýöne ýeri gelende, mekdep melinde gipsden we kalsiý karbonatyndan başga, kanselýar, kazein ýelimi, şeýle-de PWA, BF ýelimleriniň saklanýandygyny bellemelidir. Bu himiki maddalar bolsa enäniň we çaganyň saglygy üçin örän howply bolup bilerler.

↪ Göwreli aýal etden bişirlen tagamlara isleg bildirende bolsa, bu bedeniň ýeňil özleşýän beloklara mätäç bolandygyny aýan edýär. Şeýle düşündirişi maňyzdyr-şäniklere bolan isleg dörände hem berip bolar.

↪ Gök önümleriň we gök otlaryň köp mukdarda iýilmegi foliý we askorbin turşylygynyň ýetmezçiliginden habar berýär.

↪ Göwreliligiň birinji ýarymynda duza ýatyrlan önümlere bolan isleg hem şol döwürde döreýän aş saýlama baglydyr. Ýürek bulanma we gaýtarma bedeniň suwsuzlanmagyna getirýär. Bu ýagdaýyň öňüni alyp, suwuň bedende saklanmagy üçin duza (natriý hloridi) mätäçlik artýar.

Adaty bolmadyk islegler näme üçin döreýär?

Kähalatlarda göwrelilerde adaty bolmadyk, täsin islegler döräp, ol diňe bir göwreliniň garyndaşlaryny däl-de, eýsem aýalyň özüni hem geň galdyryp biler. Lukmanlar bu ýagdaýy ýene-de aş saýlama bilen baglanyşdyrýarlar. Çaga düwünçeginiň kakasynyň genini alandygy üçin ol ene bedeni tarapyndan "del zat" höküminde seredilýär we oňa garşy antitela – goraýjy öýjükleri işläp çykarýar. Enäniň immun ulgamynyň bu hereketi çaga üçin howpsuzdyr, sebäbi ony çaga ýoldaşy goraýandyr. Ýöne dörän antitela öýjükleri ganda toplanyp, enäniň nerw ulgamynyň işine täsirini ýetirip bilýändir. Netijede, tagam biliş reseptorlaryň duýujylygy üýtgäp, iýmite bolan islegleriň täsin üýtgemelerine getirip biler.

Adaty däl iýmit islegleriniň iň täsinleri:

↺ Çörege mürepbe çalyp, peýnir bilen iýmek;

↺ Süýdi hyýar bilen içmek;

↺ Garpyz bilen balyk iýmek;

↺ Gatyk bilen duzlanan hyýary iýmek;

↺ Gowurlan ýeralmasy bilen mürepbe iýmek;

↺ Mekdep melini ýa-da şakgy iýmek.

Iýmit islegleriniň üýtgemegi aýalda oňaýsyzlyk döredip biler, ýöne hemme göwrelide bu ýagdaý duş gelmeýär we birmeňzeş ýüze çykmaýar. Käbir göwreli aýallar ondan dowamly kösenseler, käbirleri ony wagtal-wagtal duýýarlar. Göwrelileriň köpüsinde bu oňaýsyzlyklar göwreliligiň 12-nji hepdesinden soň geçip gidýändir.

Göwrelilikde iýmit islegleri bilen bagly täsinlikleriň döreýändigine garamazdan, düzüminde beloklary, uglewodlary, ýaglary, witaminleri saklaýan iýmit önümleriniň peýdaly utgaşmasyny wagtly-wagtynda kabul etmek wajypdyr. Göwreliniň peýdaly we dogry iýmitlenmeginiň zerurlygyna onuň adamsy we başga maşgala agzalary hem uly düşünme bilen çemeleşmelidir.

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

Awtor: Selbi Myradowa

  • 5454 gezek okalan